Türkmenistan ilatyň kesellere garşy durnuklylygyny üpjün etmekde dünýäde öňde barýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda dünýäniň köp ýurtlary üçin nusga bolup durýar. Raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, amatly ýaşaýyş hem-de zähmet şertlerini döretmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we daşky gurşawy goramak ýaly döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň çözgüdine giň möçberli işler gönükdirilýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, şol özgertmelere giň ýol açýan kanunçylyk binýady pugtalandyryldy. Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Türkmenistanyň kodeksiniň rejelenen görnüşiniň degişli maddalarynda sanitariýa kanunçylygynyň bozulmagy üçin bellenilýän administratiw çäreleriň görülmegi kämilleşdirildi, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksi, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak we wagyz etmek hakynda”, “Radiasiýa howpsuzlygy hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda”, «Adamyň immunoýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Duzy ýodlamak we uny demir bilen rençlendirmek barada» hem-de «Ýokumy foliý turşusy we demir bilen rençlendirilen uny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ilatyň saglygyny üpjün etmekde we keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolan “Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasy”, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013 — 2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasy” kabul edildi.
Ýokanç keselleriň öňüni almak we olara epidemiologiýa gözegçiligini geçirmek boýunça hem-de iýmit önümleriniň önümçiligi desgalarynda, azyk söwdasy, jemgyýetçilik iýmiti desgalarynda, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we mekdeplerde, azyk harytlarynyň hilini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek we desgalarda döwlet sanitariýa-epidemiologiýa gözegçilik barlagyny geçirmek boýunça kadalaşdyryjy hem-de usulyýet resminamalary kämilleşdirildi.
Gullugyň barlaghana ulgamynyň yzygiderli berkidilmegi bilen birlikde, daşky gurşawyň biologik, fiziki we himiki taýdan ýaramaz täsirli ýagdaýlaryna, şol sanda iýmit önümlerine geçirilýän barlaghana barlaglarynyň usullary kämilleşdirildi. Ösümlikden gelip çykan iýmit önümlerinde we beýleki biologik materiallarda gen derejesinde barlaglary geçirmek maksady bilen hakyky wagt düzgüninde polimeraz zynjyrly reaksiýa barlagy, şeýle hem immunoferment, hromatografiýa, spektrometriýa barlag usullary gullugyň işine ornaşdyryldy.
Azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna döwlet tarapyndan gözegçiligiň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Bu babatda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan “Azyklyk çig malynyň we iýmit önümleriniň hilini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça esasy kadalar we düzgünler” tassyklanyldy hem-de ol täze ylmy maglumatlar esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär. Azyk önümlerinde adamyň saglygy üçin howply, ýurdumyzda gadagan edilen iýmit goşundylarynyň bolmazlygyna gözegçilik güýçlendirildi.
“Türkmenistanda iýmit önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet arassaçylyk gözegçiligini hem-de barlagyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan iýmit önümleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, ýurdumyzyň bazarlarynda satylýan maldarçylyk, guş, balary, balyk, gök-bakja we beýleki önümlere barlag geçirilýär.
Türkmenistan, 2012-nji ýylda BMG-niň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de Azyk we oba hojalyk guramasy bilen bilelikde sarp edijileriň saglygyny goramak hem-de azyk önümleriniň netijeli söwdasyna ýardam bermek maksady bilen, “Kodeks Alimentarius” toparynyň agzasy boldy. Häzirki wagtda iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalar “Kodeks Alimentariusyň” ýa-da “Azyk kodeksiniň” standartlaryna laýyk getirilýär.
Gullugyň öňünde durýan esasy wezipeler we borçlar keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli kararlaryna laýyklykda, ilaty arassa iýmit önümleri bilen üpjün etmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda öndürilýän azyk duzuny ýod we unuň ýokumyny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak çäreleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlykda ägirt uly netijeler gazanyldy.
ÝUNISEF, BSGG we Ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly kesellere gözegçilik boýunça halkara geňeşi tarapyndan Türkmenistana duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagynyň gazanylandygy barada halkara güwänamasy berildi hem-de Türkmenistan GDA agza ýurtlaryň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji, Ýer ýüzünde dördünji bolup, duzy ýodlaşdyrmagy üpjün edýän ýurt hökmünde ykrar edildi. 2011-nji ýylda ýurdumyz unuň ýokumyny güýçlendirmek boýunça öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde sylaga mynasyp boldy.
Döwlet derejesinde geçirilýän giňişleýin we netijeli öňüni alyş çäreleriniň netijeleri ýokanç däl keselleriň, ýagny, ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň we anemiýanyň derejesiniň peselmegine getirdi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we ÝUNISEF bilen agyz suwunyň we iýmit önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy, daşky gurşawy goramak boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Soňky döwürde agyz suwuna bolan talaplar düýpgöter üýtgedilip, döwrebap arassalanan agyz suwuny öndüriji köp sanly kärhanalar işe girizildi. Şeýlelikde, kepillendirilen arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi ilatyň saglygyna gönüden-göni täsir edip, birnäçe keselleriň soňuna çykylandygyny bellemeli.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy, ýer, suw, baýlyklaryny, atmosferany goramak, hem-de Aral deňziniň Türkmenistana golaý ýerleriniň ekologiýasyny gowulandyrmak ugrunda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegine uly üns berýär. Şähergurluşyk syýasatynyň kämilleşdirilmegi, ilatly ýerleriň medeni zolaklarynda we daş-töwereklerinde baglaryň ekilmegi, köp sanly suw çüwdürimleriniň bina edilmegi, täze, döwrebap awtomobil ýollarynyň, şäherde ulag gatnawynyň azalmagyna mümkinçilik berýän köp zolakly köprüleriň gurulmagy adamlaryň saglygy üçin amatly we arassa ekologiýa işiniň möhüm bölegi bolup durýar.
Ýurdumyzda ýokanç kesellere epidemiologiýa gözegçiligi ulgamy doly ýola goýuldy. Yzygiderli geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň netijesinde, Türkmenistana drakunkulýozyň eliminasiýasy barada BSGG-niň güwänamasy gowşuryldy.
Ýokanç keselleriň öňüni almakda ileri tutulýan ugurlaryň biri waksinalar bilen öňüni alyş çäreleriniň amala aşyrylmagy bolup durýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça waksina we sanjym serişdeleriniň satyn alynmagy döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar. Çagalara öňüni alyş sanjymlarynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan makullanylan ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýändigini bellemeli. Immunobiologik serişdeleri saklamakda hem-de daşamakda zerur şertleri üpjün edýän sowuklyk zynjyrynyň ulgamy ep-esli berkidildi we kämilleşdirildi.
Häzirki döwürde öňüni alyş sanjymlaryň milli tertibine laýyklykda, çagalar tölegsiz esasda 11 sany ýokanç kesellere garşy, ýagny: gökbogma, difteriýa, bürmä, “B” gepatite, “b” görnüşli gemofil ýokanjyna, gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma, inçekesele, poliomielite we adamyň papilloma wirusyna garşy waksinalary alýarlar. Ýurdumyzda çagalaryň sanjym bilen gurşawy 95 göterimden ýokary derejede saklanýar.
Oňat hilli öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi we waksinalar bilen dolandyrylýan ýokançlara netijeli epidemiologiýa gözegçiliginiň utgaşdyrylmagy uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Käbir ýokanç keseller doly ýok edildi we difteriýa, bürme, gökbogma, hapgyrtma hem-de beýlekiler düýpli peseldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Ýurtda ýabany poliowirusyň sirkulýasiýasynyň ýok edilmegi barada güwanamany” aldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary boýunça “Türkmenistanda gyzamygyň we dogabitdi gyzylja ýokanjynyň öňüni almak” maksatnamasy kabul edildi. 2015-nji ýylda BSGG-niň sebit topary ýurdumyzda gyzamygyň we gyzyljanyň eliminasiýasyny tassyklady. Şeýle hem Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitiniň “2015-nji ýylda gyzzyrma garşy göreşden eliminasiýasyna geçmek” hakyndaky strategik meýilnamasyny goldamak we ony kabul etmek bilen bu babatdaky çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmeginiň netijesinde, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan 2010-njy ýylda gyzzyrmanyň eliminasiýasyny gazanan ýurtlaryň sanawyna goşuldy.
Türkmenistanda häzirki wagtda bütin dünýä üçin möhüm bolup durýan tropiki we parazitar keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Şu strategiýanyň çäklerinde leýşmaniozy epidemiologiýa taýdan gözegçilikde saklamak, bejermek we barlaghana barlaglary bilen anyklamak boýunça hemme resminamalar täzelendi. Bakterial, wirusly we parazitologiki keselleri anyklamak boýunça ýurdumyzyň barlaghanalary ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň parazitologiýa barlaghanasy Milli parazitologiýa referens-barlaghanasy hökmünde tassyklanyldy hem-de 2009-njy ýylda halkara akkreditasiýany geçdi we parazitar hem-de tropiki kesellerini anyklamak boýunça Milli referens-barlaghanasynyň hil güwänamasyny aldy.
Halkara derejede amala aşyrylýan keselleriň öňüni alyş işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda “Lukmançylyk galyndylary bilen howpsuz işlemek boýunça Milli maksatnama” hem-de “Mikroblara garşy dermanlara durnuklylygyň döremegine garşy hereketleriň Milli strategiýasy” işlenilip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň öňünde goýlan iň wajyp wezipeleriniň biri-de Türkmenistanyň çäklerini aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmeginden gorap saklamakdyr. Şeýlelikde, hemme döwlet serhet geçelgelerinde, howa, demir hem-de awtomobil ýollarynda arassaçylyk-karantin bölümleri we nokatlary gije-gündiz hereket edýärler. Aşgabat, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherleriniň Halkara howa menzillerinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda we awtomobil ýollarynda daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek maksady bilen uzak aralykdan adam bedeniniň gyzgynlygyny ölçeýän “Terokam” enjamlary gurnaldy.
Türkmenistanyň çäkleriniň sanitariýa goragy halkara saglygy goraýyş-arassaçylyk düzgünleriniň çäklerinde üpjün edilýär hem-de häzirki döwürde ýurdumyzda ýokanç keselleriň daşyndan getirilmeginden sanitaria-epidemiologiýa abadançylygyny saklamagyň we onuň öňüni almagyň netijesinde ýokary sepgitlere ýetildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Hususan-da, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň binalarynyň durky düýpli täzelenildi hem-de iň öňdebaryjy aragatnaşyk serişdeleri we guramaçylyk tehnikalary bilen enjamlaşdyryldy. Barlaghana bölümçeleri halkara ölçeglere kybap gelýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň hereket edýän binalarynyň durkuny düýpli täzelemek hem-de täze binalaryny gurmak işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýylda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk hem-de iň täze enjamlar bilen üpjün edilen Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň täze binalary ulanylmaga berildi. Bu düzümlerde ilatyň saglygyny daşky gurşawyň fiziki, himiki we biologiki täsirlerinden, şol sanda dürli ýokanç kesellerden goramaga we öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen döwrebap işler amala aşyrylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde barlaghana usullaryny ulanmak bilen ilatly nokatlaryň, önümçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň howasyna, agyz suwunyň we iýmit önümleriniň hiline yzygiderli gözegçilik alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa iýmit tehnologiýalarynyň we sagdyn iýmitlenmegiň öwrenilmegi hem-de kadalaşdyryjy we usulyýet resminamalaryň taýýarlanylmagy boýunça ÝUNISEF hem-de BSGG bilen hyzmatdaşlyk edýän merkezler we institutlar bilen bilelikde ylmy-barlag işleri geçirilýär.
Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezinde Türkmenistanyň çägine aýratyn howply keselleriň getirilmegine hem-de ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça barlaghana gözegçiliginiň ygtybarly hem-de iň täze usullary arkaly işler alnyp barylýar. Bu merkezlerde sanitariýanyň, gigiýenanyň hem-de epidemiologiýanyň, şol sanda iýmitlenme we barlaghana işiniň dürli meseleleri boýunça talyplary, lukmanlary, orta saglygy goraýyş işgärlerini we beýleki hünärmenleri okatmak hem-de hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça işler ýola goýuldy.
2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlaryň paýtagtymyza gelen döwründe Döwlet arassaçylyk hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan sanitariýa-gigiýena we keselleriň ýaýramagyna garşy çäreleri degişli derejede alyp barmak maksady bilen, bu ugur boýunça zerur çäreler guraldy we geçirildi. Bu gullugyň işiniň şu günki wajyp wezipesi işe bolan täzeçil çemeleşmeleri ösdürmekden, her bir hünärmeniň we ýolbaşçynyň ukyp başarnygyny ýokarlandyrmakdan hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak talabyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli iş üçin amatly şertleri döretmek hakyndaky hemmetaraplaýyn aladasyna jogap edip, gullugyň işi ýurdumyzda sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny we ilatyň saglygyny goramak boýunça asylly wezipäni ýerine ýetirmekde hem-de bu ugur babatdaky hukuklaryň goraglylygyny üpjün etmekde bar bolan meseleleriň netijeli çözgüdine gönükdirilýär.