Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky umumy maslahatyna hem-de GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, agzalary GDA-nyň edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bar.

Mejlisiň Başlygy türkmen parlamentiniň alyp barýan işlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça we ähli halkyň goldawy bilen şu ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Konstitusion kanunyň ähmiýetini belledi. Bu kanun ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmegini göz öňünde tutýar, bu bolsa Türkmenistanda demokratik özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň hem-de parlamentarizmiň dabaralanýandygynyň möhüm görkezijisidir.

Şu ýyl Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyny belleýän döwletimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işine ygrarlydygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko hemmeleri öňde boljak möhüm baýramçylyk – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilen 12-nji dekabrda bütin dünýäde bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.

Gün tertibine laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň medeni miras ýerlerini gorap saklamak baradaky konwensiýanyň, GDA agza ýurtlaryň nusgawy zähmet kodeksiniň, GDA agza ýurtlar üçin nusgawy saýlaw kodeksiniň, şeýle hem “Bosgunlar hakynda”, “Inžiniring we inžiniring işleri hakynda”, “Paýly gurluşyk esasynda gozgalmaýan emlägiň gurluşygy hakynda“, “Nebit önümleriniň turbageçirijiler arkaly daşalmagynyň daşky gurşawa howpsuzlygy hakynda", "Daglyk ýerleri ösdürmek we goramak hakynda", "Parlament gözegçiligi hakynda","Mekdep sporty hakynda" nusgawy kanunlaryň taslamalaryna we beýlekilere seredildi.

Parlamentara Assambleýanyň umumy maslahatanda GDA agza ýurtlaryň sanly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hem-de GDA agza döwletlerde çap edilen kanunlary elektron görnüşinde ibermekde umumy çemeleşmeleri döretmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda GDA agza döwletler üçin intellektual eýeçiligiň nusgawy kodeksine, şeýle hem “Kinematografiýanyň döwlet goldawy hakynda” we “Teatr we teatr çäreleri barada” nusgawy kanunlaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi.

 

* * *

 

Onlaýn görnüşde geçirilen «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara gepleşiginiň nobatdaky duşuşygynyň gün tertibine netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasat ýörelgesini durmuşa geçirip, ýurdumyz kanunçylyk – hukuk ulgamynda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen köptaraply gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Fulwio Martuşiýello giriş sözünde duşuşygy açyp, Merkezi Aziýa babatda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda pikirini aýtdy. Şunda bitaraplyk derejesi sebitiň döwletleri bilen neijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ýardam berýän Türkmenistanyň eýeleýän aýratyn orny bellenildi.

Öz nobatynda türkmen wekiliýetiniň agzalary ýewropaly kärdeşlerini mejlisiň düzümi hem-de esasy wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik ögertmeleriň maksatlary hem-de wezipeleri, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikli üpjün edilişi boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyrdylar.

Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, sebitiň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, möhüm ekologiýa meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ilerii tutulýan ugurlary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal üstaşyr – ulag geçelgelerini döretmek, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti billenildi.

Ýewropa Bileleşigi Bitarap Türkmenistanyň sebitde alyp barýan netijeli işlerine ýokary baha berýär. Bu bolsa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýanyň çykyşynda tassyklanyldy.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki parlamentara mejlisiniň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljek ýeri we wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.