TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ UKRAIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, ukrain dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ukrainanyň görnükli ylmy işgärleri hem-de ukrain KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar eseriň esasy mazmunyny beýan edýän çykyşlaryň ençemesini diňlediler. Türkmen tarapyndan agzalan çärede Halkara nebit we gaz uniwersotetiniň rektory Ş.Abdrahmanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba-hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradow, şeýle-de «Türkmen dili» gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew çykyş etdiler.
Ukrain tarapyndan öz çykyşlaryny Ukrainanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili A.Gonçarow, Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ikinji sekretary Ýe.Greçanýuk, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly bolsa Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň prezidentiniň geňeşçisi, Türkmen-Ukrain işewür geňeşiniň Ukrain tarapyndan ýolbaşçysy A.Melnik, Kiýewiň B.Grinçenko adyndaky uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory N.Waskiw, şeýle hem “Image.ua” halkara žurnalynyň baş redaktory A.Alymowa dagylar beýan etdiler.
Çykyş edenleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsini açyp görkezýän, okyjylary milletiň medeni aýratynlyklary, özboluşly milli däpleri bilen tanyşdyrýan bu ajaýyp eseriniň özboluşlylygyny aýratyn bellediler. Gatnaşyjylar kitabyň ähmiýetli taraplary, onuň milli we bütindünýä gymmatlyklary öňe sürmekdäki wajyp orny barada belläp geçdiler. Ynsanperwerlik ruhuny we watansöýüjiligi şöhlelendirýän bu eseriň diňe bir ýaş türkmen nesli üçin däl-de, eýsem ösüp gelýän ukrain dilli ýaşlar üçin-de gollanma boljakdygy barada nygtadylar.
Ukrain tarapyndan çykyş edenler öz çykyşlarynda bu eseriň dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary öňe sürmek nukdaýnazaryndan derwaýyslygy barada aýratyn belläp geçdiler. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ukrain dilindäki neşiriniň çap edilmegi türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm waka bolup durýandygy barada hem aýratyn nygtaldy. Türkmenistanyň we Ukrainanyň halklaryny dostlugyň we birek-birege hormat goýmagyň berk bagynyň baglanşdyrýandygy hem bellenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.