AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ FRANSUZ DILINDÄKI NUSGASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, şeýle-de ylmy işgärler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Fransiýanyň milli ylmy barlaglar merkeziniň ylmy işgäri, Fransuz-türkmen arheologiki ekspedisiýasynyň (MAFTUR) direktory, arheolog Hulio Bendezu-Sarmiento we “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Kristian Burdeý gatnaşdylar.
Çäräni açmak bilen, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň fransuz diline terjime edilen nusgasynyň çykmagynyň Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan wajyplygyny belledi.
Soňra bolsa gatnaşyjalara hünär ýolunyň köp ýyllaryny Türkmenistanyň taryhy we medeni gymmatlyklaryny öwrenmeklige bagyş eden arheolog Hulio Bendezu-Sarmiento ýüzlendi. Ol öz çykyşynda bu işiň baý many-mazmuny barada aýdyp, onuň taryhy maglumatlara esaslýanýandygyny hem-de türkmen halkynyň düýpli gymmatlyklaryny şöhlelendirýändigini beýan etdi. Ol “Türkmenistan, bu özgerişlikleriň mekany bolup, onuň iň uly baýlyklarynyň biri bolsa türkmen halkynyň myhmansöýerligi, elaçyklygy we dostlugydyr”, diýip belledi.
Çäraniň barşynda çykyş eden Kristian Burdeý “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň fransuz dilindäki neşiriniň türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ilerledilmegi ugrunda ähmiýetini belläp, munuň özüniň ýolbaşçylyk edýän “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk assosiasiýasynyň esasy maksady bolup durýandygyny nygtady.
Şeýle-de tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory A.Saparowyň we «Diýar» žurnalynyň baş redaktory Ý.Nuryýewiň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda bu kitabyň özboluşlylygy nygtalyp, onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berýändigi hem-de türkmen halkynyň ata-babalarynyň paýhasyny şöhlelendirýändigi beýan edilip bularyň indi fransuz okajylary üçin eleýeterli bolandygy bellenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.