“Rohde & Schwarz” kompaniýasy türkmen bazarynda tutýan ornuny berkitmäge ymtylýar

2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň “Howpsuz aragatnaşyk enjamlary, ýerleýiş we taslamalar” departamentiniň uly wise-prezidenti Hartmut Ýeşkeni kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýewropanyň hem-de tutuş halkara işewürler toparlarynyň oňyn özgertmeler ugruny yzygiderli amala aşyrýan Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň netijeli gatnaşyklary ugur edinýändigini belläp, iri nemes kompaniýalary bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Şol kompaniýalar dürli pudaklarda ýöriteleşdirilendir hem-de öz üstlerine alan borçnamalaryna jogapkärli çemeleşýärler.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen-german gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, okgunly häsiýetini belledi, bu hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýär, şunda Bilelikdäki hökümetara iş toparyna uly orun degişlidir.

Bilelikde işlemegiň tejribesini hem-de uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmalaryň barşynda “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda ornuny berkitmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz maglumat tehnologiýalary we simsiz aragatnaşyk, elektron barlag-ölçeg enjamlary, gepleşikleriň ýokary hilli, sanly hem-de takyk alnyp berilmegini üpjün edýän tele we radio ýaýlymlary üçin enjamlary öndürmek ýaly ugurlarda dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolýan kompaniýanyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Innowasion çözgütleri üstünlikli işläp taýýarlaýjy hökmünde tanalýan “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň Germaniýanyň çäklerinden alyslarda hem wekilhanalary bolup, öz hyzmatdaşlaryna degişli hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselelere netijeli çemeleşmäni goldamak bilen, iň gowy inženerçilik we ylmy-tehniki pikiriň gazananlaryny ornaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy işewürleri, şol sanda “Rohde & Schwarz” üçin hem hemişe açykdygyny aýtdy. Biziň ýurdumyz toplumlaýyn özgertmeleri we maksatnamalary amala aşyrmak bilen, durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar, ýokary tizlikli maglumat we multimediýa tehnologiýalary ýaly ugurlara täzelikleri işjeň ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Munuň özi köpugurly hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýär, bu bolsa nemes kompaniýasynyň baý tejribesiniň iş ýüzünde peýdaly boljakdygyny görkezýär.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Hartmut Ýeşke Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli we düýpli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň Türkmenistany ygtybarly we geljegi uly işewür hyzmatdaş hasaplap, ýurdumyz bilen mundan beýläk hem uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.