TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINDE TÜRKIÝÄNIŇ PARLAMENT WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda saparda bolýan parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen parlamentiniň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäkli görnüşde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen geçirilen duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, iki ýurduň halklarynyň bähbidine parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy hem-de wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglylykda, alyp barýan esasy iş ugurlary hem-de wezipeleri, parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy. Bu ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyny has-da çaltlandyrmaga ýardam berer.

Çäkli düzümde geçirilen duşuşykdan soňra, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Ýygnananlara ýüzlenip, Mustafa Şentop Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan hem-de ähli türk halkynyň adyndan türkmen parlamentarilerine we halkyna mähirli salamy, iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Mustafa Şentop parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Biziň ýurtlarymyz ykdysadyýetde hem, ulag, energetika we köp sanly beýleki ugurlarda hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler diýip, hormatly myhman Türkiýäniň ählumumy we adalatly dünýä gurluşyna ýardam berýän şeýle netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna köp ýyllaryň dowamynda uly goşant goşup gelýän hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdy, şeýle-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin hoşallygyny beýan etdi.

Mejlisiň deputatlarynyň adyndan belent mertebeli myhmana netijeli çykyşy üçin hoşallyk bildirip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysyna we türk kärdeşlerine ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirilen işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.