AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

 «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplandy. Biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynda «John Deere», «Case», «General Electric», «Boeing» ýaly kompaniýalar we beýlekiler üstünlikli işleýärler.

 «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan guralýan yzygiderli işewürlik duşuşyklarynyň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet, hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýändigi nygtaldy.

Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, milli obasenagat we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny we beýlekileri ösdürmegiň hem uly geljegi bar. 

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, foruma gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny bellediler.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasynyň arasynda golf klubuny döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda foruma gatnaşyjylar soňky ýyllarda täze depgine eýe bolup, üsti ýetirilýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.