TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 27 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň innowasion işläp taýýarlamalary hem-de önümçilige täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyny esasy ugur edinýändigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde oňyn tejribe toplanandygyny we soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu kompaniýanyň ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan ýol-ulag düzüminiň birnäçe iri desgalarynyň potratçysy bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we köpugurly esasda ösdürilmegi, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurlup ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz we myhman özara bähbitli ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Işewür hormatly Prezidentimize düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça kompaniýa ynanylan taslamalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.