TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DIWANYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem ol özbek Lideriniň ýakynda Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygy barada aýdanlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek Liderine hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, ýurdumyzyň doganlyk Özbegistan bilen däp bolan we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Munuň özi özara düşünişmek we açyklyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklara mahsus ýörelgedir. Bu bolsa dostlukly hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň sebitleýin, şeýle-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy hem ýakyndygy aýdyldy. 

Şol bir wagtyň özünde soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyny şertlendirýär. 

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini saklamagyň we ýokary derejede guralan saparlaryň, gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hasaplanylýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny bellemek ýakymly.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakow dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.