TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-BRITAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini belläp, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtady. Bu babatda, parlamentara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi üçin gyzyklanma bildirildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň işine ähmiýetli orun berilýändigi bellenildi. Onuň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly pikir alyşmak üçin wajyp meýdança bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde ylym, bilim ulgamlaryndaky hem-de saglygy goraýyş, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky özara hereketler beýan edildi.