Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Daşkentde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

photo

2018-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap, Ilçihananyň işgärleriniň we Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy.

      Çäräniň başlanmagynyň öň syrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, dünýäde ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Amul–Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlary geçirilýändigi barada gatnaşyjylara giňden gürrüň berildi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny ösdürmek, milletiň saglygynyň berkidilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleri döretmek, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynda uly üns berilýär.

Milli Liderimiziň bu göreldesinden ruhlanyp, welosiped sportunyň köp sanly muşdaklary şu günki köpçülikleýin ýörişe uly höwes bilen Daşkent şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän botanyka bagynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşdylar. Säheriň hoştap howasyndan dem almak, tebigatyň gözelliklerini synlamak ýörişe gatnaşyjylar üçin diýseň ýakymly boldy.