TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PRIMORSKIÝ SEBITINE YNSANPERWER KÖMEGI IBERDI
Oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna, türkmen halkynyň ynsanperwer däplerine we ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitinde bolup geçen tebigy betbagtçylyklary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ýurduň Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşigine, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny bilen bilelikde degişli harytlary we azyk önümlerini taýýarlamak we Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitiniň çagalary üçin ynsanperwer kömek hökmünde ibermek tabşyryldy.
Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda çaga eşiklerinden we aýakgaplaryndan, düşek we dürli azyk önümlerinden ybarat bolan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitiniň çagalaryna ynsanperwer ýükleri iberildi.
Ejir çeken rus çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ibermeklige ýurdumyzda uly jogapkärçilik bilen çemeleşildi. Bu ynsanperwerlik çäresi, türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we däp-dessurlaryna esaslanýan, döwletlerimiziň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklaryň beýanydyr.