MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞENBEDE DUŞUŞDYLAR
2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.
Oňyn häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça döwlet baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Duşenbe beýannamasynyň taslamalaryna, şeýle hem ýokary derejedäki sammitleriň jemleýji resminamalarynyň toplumyna seretdiler.
Mundan başga-da, ministrler geçiriljek sammitleriň gün tertibindäki esasy meselelere üns berdiler we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça, şol sanda, sebit we halkara ugurlaryň häzirki ýagdaýy babatynda pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde, sebitde ýakyn hyzmatdaşlygyň berkidilendigi, durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanandygy, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilendigi we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilendigi nygtaldy.