Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” we “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” Işewürlik geňeşleriniň mejlisleri geçirildi
2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.
Wekilçilikli forumyň işine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekiliýetleri gatnaşdy.
Onda sebit derejesinde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, gatnaşyjy ýurtlaryň işewür toparlary üçin goşmaça şertleri döretmek maksady bilen, bu düzümiň işini depginli ösdürmek, şol sanda sanly tehnologiýalary giňden peýdalanmagyň hasabyna ony işjeňleşdirmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, “Merkezi Aziýa ýurtlarynda senagaty we ulag-logistikany sanlylaşdyrmak ulgamynda maýa goýum ýagdaýy we özara maýa goýum mümkinçilikleri”, “Merkezi Aziýada senagaty we ulag-logistikany sanlylaşdyrmak ulgamynda işleýän ýa-da bu ulgama girmek isleýän koreý kompaniýalarynyň tejribesi” mowzuklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ýygnananlar soňky ýyllarda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky dialogyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Işewürlik geňeşiniň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge uly itergi berdi.
Şu gezekki foruma Koreýa Respublikasynyň dünýäniň ýokary tehnologiýalar bazarynda ykrar edilen iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagy koreý işewürleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geljegi uly bazarlarynda iş alyp barmaga ýokary gyzyklanma bildirýändikleriniň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri sebit we milli ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin özleriniň iň täze ylmy-önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny işläp taýýarlamagyň çäklerinde, işewürler geňeşiniň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň 2023-nji ýylda alyp baran işi baradaky hasabat hem-de geljek ýyl üçin iş meýilnamasy boýunça teklipler bilen tanyşdyryldy.
Şol gün “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi hem geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem iki ýurduň işewür adamlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we güýçlendirmek meselelerine garaldy. Tematiki mejlisleriň dowamynda işewürler forumyna gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we energiýa, sanly ykdysadyýet, dokma senagaty, saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag we aragatnaşyk pudagy, nebit-gaz toplumy, oba we suw hojalygynda, ýokary tehnologiýalar, ylym we bilim, syýahatçylyk we ş.m. ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir alyşdylar.
Şu nukdaýnazardan, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde, “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň, Söwda, ykdysadyýet, ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň, “Koreýa Respublikasy — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy nygtaldy.
Uly önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistanyň öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen özara gatnaşyklarynyň uzak möhletli häsiýeti bellenildi.
Işewürlik forumyna gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky maslahatlaşmalaryň netijeleri uzakmöhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin itergi berer.