Türkmenistanyň wekiliýeti Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji  synyna gatnaşdy.

Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi hem-de ozalky – 2018-nji ýylda geçirilen 3-nji synyň çäklerinde öňe sürlen birnäçe meseleleri çözmekdäki möhüm öňegidişikler we özgerişler barada habar berdi. 

Mejlise gatnaşan 80-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan hasabat döwründe Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek we berkitmek ugrunda amala aşyrylan oňyn çäreler, şol sanda, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalary we adam hukuklary babatyndaky mehanizmler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, milli institutlaryň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň kanunçylygynyň halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli özgerdilmegi, zähmet, iş üpjünçiligi, bilim, ykdysadyýet we ekologiýa pudaklaryna degişli bolan halkara resminamalaryň kabul edilmegi barada aýratyn bellenilip geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurlarda has belent sepgitlere ýetmek üçin Türkmenistan üçin birnäçe teklipler berildi.

Synyň netijeleri 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek Adam hukuklary boýunça geňeşiň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde beýan ediler.