Türkmenistan Yraga tebigy gazy eksport eder

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda yrak tarapy energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine Yrak Respublikasynyň taýýardygyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen tebigy gazyny goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden “Swap” usulynda Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mundan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ozal “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Şu gezekki duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler.

Şeýlelikde, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny yzygiderli alyp barýar.