img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisiniň Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Kanunçykaryjylyk Palatasynyň Spikeri bilen duşuşygy

photo

2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegstan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Kanunçykaryjylyk Palatasynyň Spikeri Nuriddin Ismoilow bilen gepleşikler geçirdi.

Taraplar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatynda pikir alyşdylar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns bermek bilen, hereket edýän türkmen-özbek parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň özara saparlarynyň guralmagynyň zerurdygy bellenildi.