Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylym-bilim gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tsukuba Uniwersitetiniň Prezidenti K.Nagata we Soka Uniwersitetiniň Prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn ylym we bilim, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň ähmiýetli meselelerine seredildi.

Ýaşlar syýasaty babatynda maksatnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Bellenilenlerden başga, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Soka Uniwersitetiniň rektory, «Nippon» gaznasynyň başlygy we Ýaponiýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen gepleşikleri geçirdiler.

Saparyň dowamynda indiki resminamalara gol çekildi:

- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň Soka Uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýapon-türkmen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň arasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.