Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygy geçirilýär, oňa BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň başlygy gatnaşdy. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleri durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki ösüş ýagdaýy, şol sanda Owganystandaky howpsuzlyk pudagynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar.

şeýle hem bu formatyň dördünji duşuşygynyň 2023-nji ýylyň 25-26-njy maýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilendigi hem bellenildi.

Bu duşuşyk Kataryň paýtagty Doha şäherinde meýilleşdirilýän çäräniň öňüsyrasynda geçirilýär hem-de onda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Geçirilen mejlisiň çäginde türkmen wekiliýetiniň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala hem-de Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşygy geçirildi.