Türkmenistanyň DIM-de Ispaniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk barada

Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň biziň ýurdumyza iş saparynyň çäginde 2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýanyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (Moskwa ş. oturýan ýeri) Markos Gomes Martineziň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibindäki häzirki meseleleri, hukuk binýady giňeltmek, şeýle hem ýokary derejeli aragatnaşyklary we medeni we ynsanperwer häsiýetli çäreleri guramaklygy ara alyp maslahatlaşdyar. Şonda bu saparyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin nobatdaky ädim boljakdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan şertnamalara laýyklykda diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň 20-ä golaý ministrliginiň we müdirliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar bolar. Wekiliýetiň düzümi «Ibertest», «Nobargi», «Typsa», «Cesce», «Tubacex», «Almar Water», «Teltronic» we beýlekiler ýaly 11 sany ispan kompaniýasynyň wekillerini öz içine aldy.