Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri bilen duşuşyk

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hem-de olara gatnaşmak boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.