Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrliginde duşuşyk

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministri K.Şaripow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň ylym-bilim ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Şonda Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek baradaky meýilnamalara jikme-jik seredildi.