Türkmenistanyň DIM-nde Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri bilen duşuşyk geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Sangwo Parkyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de logistika infrastrukturasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň öňe süren başlangyç taslamalaryna laýyklykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Awtoulag pudagynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikleri bellendi.

Duşuşykda şähergurluşygy, seýsmologiýa we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.