Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň DIM-iň ýolbaşçysynyň baştutanlygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar guramanyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini kesgitlediler.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň başlygy öz çykyşynda hyzmatdaşlygy giňetlmegiň we häzirki zaman şertlerini nazara alyp, durmuş adalatlylygy, energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak, sanlylaşdyrmak we beýleki ugurlarda strategiýalary işläp düzmegiň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň Sekretariatynyň utgaşdyryjy orunda bolmagynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjek ýörite hukuk resminamalaryny işläp düzmek teklip edildi.
Duşuşykda sebitiň, şol sanda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönürdiriklen üstaşyr we ulag infrastrukturasyny giňeltmek babatynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
***
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň çykyşy:
Hormatly ministr Abbas Aragçi,
Hormatly Baş sekretar Asad Han,
Gadyrly kärdeşler,
Ilki bilen ministr Aragçä Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) üstünlikli başlyklyk etmegi arzuw edýärin. Şeýle hem, jenap Asad Hany ýakynda Baş sekretaryň wezipesine bellenilmegi bilen gutlaýaryn.
Biziň bu günki duşuşygymyz sebit hyzmatdaşlygy barada pikir alyşmak we ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm mümkinçilikdir. 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti möhüm waka boldy. Sammitiň netijeleri boýunça «Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy» kabul edildi we onda söwda, ulag, energetika we durmuş ösüşi ýaly ulgamlary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi.
YHG-nyň Sekretariatyna bu resminamada görkezilen maksatlara ýetmek boýunça edýän tagallalary üçin sagbolsun aýdýaryn.
Türkmenistan «Vision 2025» konsepsiýasyny we YHG-nyň beýleki ileri tutulýan başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge borçlanýar.
15-nji sammitiň netijelerine esaslanmak bilen, biz özara bähbitli söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmäge üns bermelidiris. Harytlaryň we çeşmeleriň daşalmagyny ýeňilleşdirilmegi, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy üçin YHG-nyň sebitinde ykdysady geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns bermegi teklip edýärin.
Bu tagallalary işjeňleşdirmek üçin YHG-nyň Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça çarçuwaly ylalaşygynyň işlenip düzülmegini teklip edýäris.
Söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin dürli ugurlardaky kiçi we orta kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, serhetüsti we sebitleýin çärelere işjeň gatnaşmalydyrys.
Mundan başga-da, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maglumatlaryň, statistiki sanlaryň we işewürlik taslamalarynyň deslapky görnüşleriniň ýerleşdiriljek Maglumat portalyny döretmegi teklip edýäris.
Şeýle hem Türkmenistan Merkezi Aziýanyň esasy portlary we logistika çatryklary bilen sebitara ulag geçelgelerini we multimodal ulag gatnaşyklaryny döretmegi maksat edinýär. Bu ugurda halkara guramalary bilen has utgaşykly ulag diplomatiýasy we hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris.
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň ýene biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan YHG-a agza ýurtlara tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmaga taýýardyr. Şeýle hem, YHG-nyň Sekretariatynyň energetika we suw meselelerini çözmekde öňdebaryjy orny eýeläp, we agza döwletleriň bu ugurlardaky tagallalaryny utgaşdyrmak ugrunda ýokary derejeli duşuşygy guramak mümkinçiligine garap biler diýip hasaplaýarys.
Şeýle hem Türkmenistanyň YHG-nyň Sekretariaty bilen bilelikde işjeň durmuşa geçirýän birnäçe başlangyçlaryna ünsüňizi çekmek isleýärin:
- Arkadag şäherinde Durnukly ösüş boýunça YHG-nyň ilkinji forumyny geçirmäge taýýarlyk;
- 2027-nji ýylda Mary şäherini YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty hökmünde yglan etmek;
- 2024-nji ýylda Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça toparyň 5-nji mejlisini Türkmenistanda geçirmek;
- YHG-nyň serhetüsti söwda zolaklaryny döretmek.
Uzak möhletleýin sebitleýin hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan bu başlangyçlary ilerletmekde YHG-a agza döwletleriň goldawyna bil baglaýarys.
Owganystan sebitimiz üçin ileri tutulýan mesele bolmagynda galýar. Owgan halkynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamak üçin köpçülikleýin tagallalar zerurdyr. Türkmenistan kuwwatly ykdysady we ynsanperwer kömegi bermek arkaly Owganystany goldamak boýunça köptaraplaýyn tagallalara işjeň gatnaşýar.
Ýakynda, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda, türkmen-owgan gatnaşyklaryndaky aşakdaky möhüm wakalary belläp geçdik.
Iki ýurduň serhedinde iri göwrümli halkara energetika, ulag we infrastruktura taslamalary durmuşa geçirildi:
- Serhetabat–Turgundy demir ýol geçelgesiniň demir ýol köprüsiniň işe girizilmegi;
- TOPH gaz geçirijisi üçin «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulmagy;
- TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi;
- Serhetabat–Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyk işlerine badalga berilmegi;
- Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine badalga berilmegi;
- Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi.
Gadyrly kärdeşler,
Sözümiň ahyrynda, size Türkmenistanyň YHG-nyň maksatlaryny goldamaga doly ygrarlydygyny we gurama gatnaşyjy ähli döwletler bilen hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny ynandyrmaga rugsat ediň.
Üns bereniňiz üçin sag boluň.