Daşkent şäherinde Bütindünýä welosiped günine bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Özbegistanyň Welosiped sporty federasiýasy bilen bilelikde Daşkent şäherinde Bütindünýä welosiped günine bagyşlap köpçülikleýin welosiped ýöriş geçirildi.
Bu sport dabarasyna Özbegistan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Özbegistan Respublikasynyň Welosiped sporty federasiýasynyň agzalary we Bedenterbiýe we sport ministrliginiň işgärleri, şeýle hem köp sanly welosiped sportynyň türgenleri we muşdaklary, Daşkent şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Daşkent şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymgyly Pragynyň adyny göterýän köçäniň başlanýan ýerinden badalga berildi we oňa gatnaşyjylar «Magtymguly» köçesiniň ugry bilen «Aşgabat» seýilgähine geldiler.
«Aşgabat» seýilgähinde bu dabara uly şowhun bilen dowam etdi. Onda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şiri Şiriýew, Birleşen Milletler Guramasynyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Helen Freýzer, Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport ministri Şaokram Isroilow dagylar çykyş etdiler.
Ilçi Ş.Şiriýew öz çykyşynda 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda dünýäniň 56 döwletiniň goldamagynda Bütindünýä welosiped güni hakyndaky kararnamanyň kabul edilendigini we oňa laýyklykda her ýylyň 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilendigi barada gürrüň berdi.
Şeýle-de çykyşynyň barşynda Ilçi Ş.Şiriýew Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda sporty hemmetaraplaýyn goldamaga we ösdürmäge, ösüp barýan ýaşlary köpçülikleýin sporta işjeň çekmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini barada çärä gatnaşyjylaryň ünsini çekdi.
Mundan başga-da Ş.Şiriýew çykyşynyň dowamynda 2018-nji ýylyň Türkmenistanda «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilendigi we şu ýylyň dowamynda «Amul–Hazar» ugry boýunça awto ralli bäsleşiginiň, welosiped ýörişiniň we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň ýurdymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda spotyň dürli görnüşlerini ösdürmäge we ýaýbaňlandyrmaga uly ähmiýetiň berilýändigini aýratyn belläp geçdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Özbegistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy H.Freýzer öz çykyşynda Bütindünýä welosiped güni hakyndaky BMG-niň kararnamasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilendigini we bu resminamanyň Türkmenistanda sportyň ösdürilmegine ýokary derejede ünsiň berilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy barada nygtady. Onuň bellemegine görä, şeýle sport çäreleriniň geçirilip durulmagynyň ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de ösüp barýan ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala gelmeginde uly orny eýeleýändigini belläp geçdi.
Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport ministri Ş.Isroilow öz çykyşynda häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklarynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyklaryň has-da berkeýändigi we bu bolsa öz gezeginde iki ýurdyň ýaşlaryny we türgenlerini has-da jebisleşdirmäge ýardam berýändigi barada gatnaşyjylara gürrüň berdi.
Çykyşlardan soňra «Aşgabat» seýilgähinde Özbegistan Respublikasynyň tanymal medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda baýramçylyk konserti boldy. Bu konsertde türkmen we özbek aýdymlary ýaňlandy.