Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen-pakistan gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň şu gezekki saparynyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejelere çykarmakda nobatdaky tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Asif Ali Zardari Türkmenistanda bildirilen myhmansöýerlik we gutlaglar üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň bähbidine gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga Pakistanyň ýokary baha berýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Halklarymyzyň taryhy kökleriniň, medeniýetleriniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy ony yzygiderli ösdürmek üçin binýat bolup hyzmat edýär.

Iki döwlet ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-biregiň parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari birek-birege berk jan saglyk we bagtyýarlyk, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.