Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow diplomatik işini tamamlaýan Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Erik Owusu-Boateng bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar. Ikinji syýasy geňeşmeleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ikitaraplaýyn türkmen-gana gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde Ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berlen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.