Türkmenistan BMG-niň suw meseleleri boýunça sebit düzüminiň döredilmeginiň başyny başlaýar

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar, häzirki wagtda suw we ekologiýa şertleri ilkinji derejeli wezipeleriň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden, “Rio+20” Bütindünýä sammitinde hem-de Ýaponiýanyň Sendaý we Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherlerinde 2015-nji ýylda geçirilen degişlilikde BMG tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça III Bütindünýä we VII Bütindünýä suw forumlarynda öňe süren döredijilikli başlangyçlary strategiki taýdan ähmiýetli bu meselelerde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornunyň subutnamalary bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Duşenbe şäherinde ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň bu ugurda giň hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagynyň hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly utgaşykly beýleki meselelere örän jogapkärli çemeleşýän biziň ýurdumyz olaryň çözgüdini tapmakda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge çalyşýar. Bu ulgamda toplan oňyn tejribesini hem-de mümkinçiliklerini umumy bähbitlere gönükdirmäge taýýardygyny görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, iş ýüzünde häzirki zaman suw tygşytlaýjy hem-de “ýaşyl” tehnologiýalaryň, öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, toplumlaýyn tebigaty goraýyş çäreleriniň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi degişli milli maksatnamalarda we taslamalarda öz beýanyny tapdy, olar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Bir ýarym sagatlyk uçuşdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden Halkara maslahatynyň geçirilýän ýerine—Täjigistan Respublikasynyň Hökümet kabulhanasynyň binasyna tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar üçin ýörite bellenilen ýere bardy, bu ýerde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylady.

Forumyň işine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdulla, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Lýu Çženmin, dünýäniň 110-dan gowrak ýurdundan ýokary derejeli wekiliýetler, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir düzümleriniň, halkara we sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, işewür toparlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjy wekiliýetleriň baştutanlarynyň resmi bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra “Kohi Soman” Köşgüniň Uly mejlisler zalynda “Durnukly ösüş üçin suw” atly Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy.

Ilki bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çykyş etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine we Birleşen Milletler Guramasyna bu Maslahata gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik hem-de Forumy geçirmek üçin döredilýän ajaýyp şertler üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň ähli halklary üçin suw durmuşyň we bolçulygyň mukaddes çeşmesidir, suw bilen tebigat janlanýar, ümmülmez sähralyklar bolsa gülleýän mekana öwrülýär. Şol sebäpli hem biziň ata-babalarymyz suwa sarpa goýup, onuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler. Türkmen halky ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwa aýawly çemeleşmek barada “Suw ata, toprak-ene”, “Suw bilen toprak—gülzarlyk, suwsyz—çöllük”, “Suw topragyň bezegi, guw-- suwuň bezegi” ýaly köpsanly çuň mazmunly nakyllary döredipdirler.

Şol sebäpli hem suw serişdelerini gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak meseleleri diňe bir biziň halkymyz üçin däl-de, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Umumydünýä işleriniň barşy, dünýäde berk parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegi häzirki wagtda suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine köp babatda baglydyr.

Syýasy, ykdysady, durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesi halkara derejesinde bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýä garaýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Şunda, aýry-aýry bähbitlerden hakykat ýüzünde ählumumy maksatlar, uzak möhletleýin geljek üçin suw babatynda hereketleriň bitewi strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy ileri tutulmalydyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, diňe Birleşen Milletler Guramasy bilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň hem-de BMG-niň “Rio+20” Maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, beýleki ählumumy halkara duşuşyklarynda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalaryň esasynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen şunuň ýaly wezipeleri çözüp bolar. Suw serişdelerine deň we adalatly elýeterlilik ýörelgelerine berk ygrarlylyk, onuň adamyň esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgeleri bilelikdäki işiň baş şerti bolmagynda galmalydyr. Biziň düşünişimize görä, suwa elýeterlilik hukugynyň we onuň üçin jogapkärçiligiň üpjün edilmegi dünýäniň ähli döwletleri üçin hökmany bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysady iş bilen suw serişdeleriniň aýawly saklanylmagynyň we olaryň netijeli dolandyrylmagynyň arasyndaky deňagramlylygyň saklanylmagy möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Howanyň ählumumy maýlamagy hem-de dürli görnüşli tebigy hem-de tehnogen häsiýetli heläkçilikleriň ýüze çykmagy—bularyň ählisi bütin dünýäniň öňünde durýan meselelerdir diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, olara diňe häzirki pursatyň, çäkli milli zerurlyklaryň nukdaýnazaryndan çemeleşilmeli däldigini belledi.

Häzirki wagtda töwekgelçilikleriň mümkin boldugyça peseldilmegine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak möhümdir. Anyk bellenilen, özüňi alyp barmagyň özboluşly tertibi bolup durýan düzgünler zerurdyr, olar ähli döwletleriň bähbitleriniň hasaba alynmagy esasynda işlenip taýýarlanylmalydyr hem-de ozaly bilen adamlaryň zerurlyklary, olaryň adata öwrülen asyrlaryň dowamynda emele gelen durmuş ýörelgeleri bilen şertlendirilmelidir. Suw dünýäniň ähli halklaryna degişli bolan tutuş adamzadyň umumy mirasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurlygy äşgärdir. Taryhy, tebigy-geografiýa aýratynlyklaryň birnäçesi sebäpli Merkezi Aziýa üçin hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi aýratyn möhümlige eýe bolýar. Suw serişdelerine elýeterlilik, olaryň netijeli dolandyrylmagy biziň sebitimiziň döwletleriniň ösüşine, olaryň ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna, halklaryň abadançylygyna hem durmuşynyň hiline gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şol sebäpli hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, jogapkärçilik suwdan peýdalanmak meselelerinde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary kesgitleýän binýat goýujy ölçegler bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan şu garaýyşlardan yzygiderli çykyş etmek bilen, biziň sebitimizde suw meseleleriniň birinjiden, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň bähbitleri nazara alnyp; üçünjiden, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe nygtaýar. Bu biziň üýtgewsiz garaýşymyzdyr hem-de oňa esaslanmak bilen ylalaşykly çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda netijeli gepleşikler gurallaryny ýola goýmak boýunça işi dowam eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň esaslandyrylmagynyň bu ugurda netijeli çäreleriň biri bolup biljekdigini belläp, milli Liderimiz halkara bileleşiginiň hut şeýle hyzmatdaşlykda suw we suw-energetika meseleleriniň çözgüdini tapmakda toplan tejribesiniň netijeli peýdalanylmagynyň mümkindigine ynamyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sebitiň döwletlerine hem-de BMG-niň Müdiriýetine bu meselä düýpli garamak baradaky teklip bilen ýüzlendi.

Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň işi Merkezi Aziýada suw meseleleriniň örän möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda bu Gaznada başlyklyk edýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz öz içine anyk çäreleriň birnäçesini alýan başlyklyk etmegiň Konsepsiýasynyň düzülendigini belledi. Şol çäreleriň hatarynda Aral deňziniň sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça hereketleriň täze Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini görkezmek bolar.

Şu ýyl Türkmenistanda bu gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitini geçirmek göz öňünde tutulýar, biz onuň jemleri boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan anyk çözgütleriň kabul edilmegine garaşýarys. Şunda biz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldawa we ýardam berilmegine bil baglaýarys diýip, türkmen Lideri belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Maslahatynda Türkmenistanyň Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Birleşen Milletler Guramasynyň Aral meseleleri boýunça işiniň ýörite ugruny döretmek barada öňe süren başlangyjyny ýatlatdy.

Aral meselesine indi içerki, sebit meselesi hökmünde garap bolmajakdygy düşnüklidir. Onuň üstünlikli çözgüdini tapmak üçin häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň goldawy, täzeçil toplumlaýyn halkara çemeleşmesi, bu işe BMG-niň işjeň we yzygiderli gatnaşmagy zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milletler Bileleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlaryny türkmen tarapynyň teklibini goldamaga hem-de onuň durmuşa geçirilmegine girişmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 18-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Biz suw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň milli derejede işleriň degişli kadalaryna berk daýanmalydygyndan ugur alýarys. Bular biri-biriniň üstüni ýetirýän, biri-biri bilen berk bagly meselelerdir diýip, milli Liderimiz her bir döwletiň öz ornuna we jogapkärçiligine doly derejede göz ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dürli pudaklarda milli meýilnamalaryny amala aşyryp, olary Durnukly Ösüşiň Maksatlarynyň esasyny düzýän ekologiýa ulgamy, hususan-da, suw serişdelerini peýdalanmagy amatlaşdyrmak bilen üýtgewsiz baglaýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. “Suw hakynda” Türkmenistanyň täze Kodeksi suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, olary aýawly saklamagyň hem-de dikeltmegiň, hapalanmakdan we guramakdan gorap saklamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini işläp taýýarlamak we ulanmak boýunça toplumlaýyn maksatnama üçin esas bolup durýar.

Şeýle hem ýurdumyzda howa täsirlerini ýumşatmak üçin tokaýlary dikeltmek we ýerleri gowulandyrmak boýunça uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda “Gök guşak” giň gerimli umumymilli maksatnamanyň çäklerinde suwarmagyň tygşytlaýjy usullaryny peýdalanmak bilen şäherlerimiziň we ilatly ýerlerimiziň daş-töwereginde tokaý zolaklary döredildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden şor-zeý suwlaryny ýygnamak üçin Garagumuň merkezinde “Altyn asyr” kölüni gurmak boýunça amala aşyrylýan iri möçberli taslamany mysal getirdi. Onuň birinji nobatdakysy 2009-njy ýylda ulanmaga berildi.

Milli Liderimiz bu taslamanyň gymmatlygyna hem-de ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekip, ozal meýdanlardan şor suwlaryň çöle akdyrylyp, olaryň uly bolmadyk hapa kölleri döredendigini, onuň ekologiýa ýaramaz täsir edendigini mysal getirdi. Şol köllerdäki suwlaryň bolsa, mallar üçin hem, ekinleri suwarmak üçin hem peýdasy bolmandyr. Şeýle batgalyklar çölde köp bolupdy. Taslama laýyklykda, bir akaba birikdirildi, şor suwlar Garaşor diýilýän uly çöketlige akdyrylýar.

Häzir, şondan birnäçe ýyl geçenden soň, tebigy biologik işleriň geçirilmegi netijesinde suw kabul ederlik kadalara çenli arassalandy, onda uly möçberde balyklar peýda boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. El bilen döredilen bu suw howdanynyň, çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Olaryň hatarynda oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleri arryklamakdan goramak, zeý suwlarynyň basan ýerleriniň müňlerçe gektaryny dolanyşyga gaýtadan girizmek, magistral we hojalygara şor suw akabalarynyň geçýän ýerlerinde duza durnukly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, öri meýdanlary suwlandyrmak, balyk hojalygyny ösdürmek, suw serişdeleriniň ätiýaçlygyny döretmek işleri bar.

Türkmenistanda, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, diýmek, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu ägirt uly desganyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda agyz suwuny öndürýän döwrebap zawodlar guruldy we gurulýar, Hazaryň kenarynda bolsa kuwwatly suw süýjediji desgalar bina edildi. Ýurdumyzda ekologiýa gurşawyny gorap saklamak we ösdürmek hem-de dürli ekologiýa we suw taslamalaryny amala aşyrmak üçin her ýyl ýarym milliard dollardan gowrak serişde sarp edilýär.

Türkmenistan häzirki maslahatyň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri hemmetaraplaýyn goldaýar. Onuň işiniň netijeleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň maksada gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, onuň uzakmöhletleýin ugurlaryny kesgitlemek, bu ugurda sebit we ählumumy meýilnamalary bolan suwdan peýdalanmagyň milli maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça innowasion nusgalary we dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamak üçin binýatlaryň birine öwrüljekdigine umyt edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmen tarapynyň öz hyzmatdaşlary bilen hökümet, kanunçykaryjylyk we bilermenler derejesinde özara gatnaşyklara, özara peýdaly tejribeleri alyşmaga, halkara guramalary bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Foruma gatnaşyjylaryň hemmesine netijeli işlemegi arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Halkara maslahatynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejeli wekiliýetleriň baştutanlary “Kohi Somon” Köşgüniň Uly maslahatlar zalyndan çykdylar.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbä iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdulla hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Hormatly Prezidentimiz Duşenbe şäheriniň halkara howa menziline geldi we bu ýerden watanymyza ugrady. Az salymdan Milli Liderimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline gelip gondy. Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen Döwlet Baştutanymyz bu ýerde mähirli garşylanyldy.

Welaýatyň hormatly ýaşululary, Döwlet baştutanymyza duz-çörek hödür edip, ýurdumyzyň abadan, halkymyzyň bagtyýar, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny dileg etdiler.

Soňra Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýaşululary bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda Döwlet Baştutanymyz ýaşulularyň hal-ahwallary, gündelik iş aladalary bilen gyzyklandy.

Hormatly ýaşulular Milli Liderimize hoşallyk bildirip, welaýatda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Bellenilşi ýaly, ýaşulular ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, olarda päk zähmete bolan söýgüniň ýokarlanmagy ugrunda zerur tagallalary edýärler. Şunuň bilen baglylykda ýaşulular ýaşlaryň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelegelere, şöhratly pederlerimiziň döreden ýagşy dessurlaryna ygrarly bolmagyny üpjün etmekde Hormatly Prezidentimiziň döredýän eserleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Hususan-da Hormatly Prezidentimiziň täze döreden “Enä tagzym- mukaddeslige tagzym” atly kitabynda ene-ata hormat goýmagyň, watan mukaddeslige tagzym etmegiň ýörelgesi aýdyň beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşululara işjeň durmuş orny üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda welaýatda amala aşyrylan ägirt uly özgertmeleriň baş maksada – adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Sebitde dürli maksatly binalar we desgalar ýokary depginlerde gurulýar hem-de ulanmaga berilýär. Muňa Türkmenabatda bina edilen iri täze ýaşaýyş toplumy mysal bolup biler, bu işleri biz geljekde hem yzygiderli dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň sungat ussatlary, döredijilik toparlary we ýaş nesliň wekilleri joşgunly çykyşlary bilen mübäreklediler. Olar aýdym-sazlary we tanslary bilen eziz Watanymyzy, agzybir we jebis türkmen halkyny we onuň milli Liderini – Gahryman Arkadagymyzy wasp etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz howa menzilinden çykyp, Türkmenabadyň Ruhyýet köşgüne ugrady, bu ýerde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.