Haryt bolçulygy Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş syýasatynyň oňyn netijesidir

Haryt dolanyşygynyň möçberi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň öndürilişiniň artdyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýleki toplumlaýyn çäreleriň netijesinde söwda ulgamynyň Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşýan goşandy artýar. 

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda söwdada 7,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzda jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy. 

Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň möçberiniň artdyrylmagynyň üpjün edilendigi habar berildi. Nebitiň çykarylyşy 0,2 göterim, benziniň öndürilişi 1,5 göterim, kerosiniň öndürilişi 1,9 göterim, nebit koksunyň öndürilişi 9,3 göterim, polipropileniň öndürilişi 6,1 göterim, mineral dökünleriň öndürilişi 7,2 göterim, sementiň öndürilişi 0,7 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 9,4 göterim, pagta süýüminiň öndürilişi 12,3 göterim, nah matalaryň öndürilişi 15,7 göterim, eýlenen deriniň öndürilişi 7,3 göterim, gaýtadan işlenilen balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 23,8 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişi 8,9 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 2,3 göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, senagat önümleriniň täze görnüşleriniň çykarylmagy özleşdirilip, 2,6 million inedördül metr aýna öndürildi. Oba hojalyk toplumynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. 

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda kompýuter öndürmegiň özleşdirilendigini bellemek ýakymlydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň sanly ulgamynyň maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. 

Bu işleriň netijesinde, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 41,5 göterim artdy. 

Hormatly Prezidentimiz telekeçiligiň goldanylmagyny, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin şertleriň döredilmegini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçilmegini, eksportuň möçberiniň artdyrylmagyny hem-de daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmeginiň esasy şertleri hökmünde görkezdi. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Söwda-senagat edarasynyň işinde guramaçylyk çemeleşmelerini täzelemek we üýtgetmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşarky bazarynda mahabat işiniň netijeliligini üpjün etmek hem-de eksport-import amallaryny kadalaşdyrmagyň esasy edarasy hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça talaplary öňe sürýär. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen işewürleriniň öňünde goýan esasy wezipeleri obasenagat önümçiligini artdyrmakdan, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak boýunça önümçilik düzümini ösdürmekden, ýurdumyzda ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdyr. 

Hormatly Prezidentimiziň daýhan birleşiklerine, paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplara ýeňillikli karz bermek barada 2017-nji ýylyň martynda gol çeken Karary hem oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge gönükdirilendir. Bu çözgüt oba hojalyk pudagyna innowasiýalary, häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy usullary has işjeň ornaşdyrmaga-da ýardam etmelidir. 

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek hem-de esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge aýratyn üns berýär. Elektron enjamlarynyň önümçiligini ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, Senagat ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde innowasion tehnologiýalara esaslanan ýörite guramalar döredilýär. “Hojalyk harytlary” hojalyk jemgyýeti durmuşda ulanylýan tehnikalaryň dürli görnüşlerini — gaz we elektrik plitalaryny, mikrotolkunly peçleri, tozan sorujylary we beýleki önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilendir. 

Içerki bazar üçin ýokary hilli elektrotehniki önümleriň önümçiligi bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge ýardam eder. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň döwlete dahylsyz ulgamynyň wekilleri gurluşykda, oba hojalygynda, azyk we ýeňil senagatda, söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda, bilimde we syýahatçylykda üstünlikli işleýärler. 16 müňden gowrak agzany birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda hem-de guramalarynda täze iş orunlarynyň 160 müňe golaýy döredildi. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazary azyk harytlary bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokary hilli azyk we beýleki önümleriň täze eksport ugurlaryny özleşdirýärler. 

Türkmen gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtlarda hem işläp başladylar, hususan-da, olar Moldowa Respublikasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, çagalar bagyny, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda 190 orunlyk mekdebi gurdylar. 

Mebel toplumy, polipropilenden haly öndürýän fabrigi, döwrebaplaşdyrylan kagyz kombinaty ýaly täze senagat desgalaryny durmuşa geçirilen taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Mundan başga-da, bazaltdan, ýoddan we beýlekilerden önümleri öndürýän kärhanalary gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Ulag hem-de logistika hyzmatlary hödürleýän hususy kompaniýalaryň hem mümkinçilikleri artýar. 

Telekeçileriň gazananlaryny şu sanlar hem tassyklaýar: TSTB-niň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri öndürilen senagat önümleriniň möçberi 23,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 14,6 göterim artdy. Söwda dolanyşygy 2,4 göterim, hyzmatlar ulgamynda onuň möçberi 2,1 göterim artdy. 

2023-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmegiň meýilnamasy bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berer. Bu resminama mineral serişdelerini toplumlaýyn we rejeli peýdalanmaga, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurt maýalaryny çekmäge, bilelikdäki kärhanalary döretmäge ýardam etmelidir. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz gerimi boýunça aýgytly, geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalaryň zerur döwründe ýaşaýarys, olar ykdysady hyzmatdaşlygyň kerwenbaşysy bolup, onuň ösüşiniň täze sepgitlerini açyp bilerdi. Çig mal serişdeleriniň baý gorlary, amatly geosyýasy we geoykdysady şertler ýurdumyzyň täze üstünlikleri gazanmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasy ugurlaryny kesgitledi. 

Şol maslahatda kabul edilen Türkmenistanyň Ýer kodeksine girizilen düzedişler hem uly ähmiýete eýedir, olar eýeçiligiň we hojalygy dolandyrmagyň görnüşlerini ösdürmäge, oba hojalygyna telekeçileri giňden çekmäge, bazar gatnaşyklaryny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini hem-de oba hojalyk önümçiligine täze ykdysady gurallary ornaşdyrmaga, ekerançylyk ýerlerini has netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Hususan-da, ýurdumyzyň raýatlaryna hem-de edara görnüşli taraplara 99 ýyla çenli peýdalanmak möhleti bilen ýerleri bermek göz öňünde tutuldy. 

Şeýle hem 5 ýylyň dowamynda döwlet tabşyrygy boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren kärendeçilere ýerleri peýdalanmaga bermek, şol ýerde oba hojalyk önümçiliginiň dürli görnüşlerini döretmek hakynda düzgünler kanunçylyk taýdan berkidildi. 

Dünýä ykdysadyýeti ulgamynda bolup geçýän esasy meýilleri we özgerişlikleri nazara almak bilen, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Ol milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunda eksport ugurly hem-de import ugurly gaýtadan işleýän senagatyň ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa önümçiliklerini döretmäge, ähli pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de olary tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga aýratyn üns berler. 

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda iri söwda hem-de söwda-dynç alyş merkezleriniň, supermarketleriň ençemesi açyldy. Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda söwda meýdançalary bolan edara merkezleriniň üç gatly binalarynyň ýüze golaýy birwagtda ulanylmaga berildi. Taslamany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi durmuşa geçirdi. Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde peýda bolan işewürler merkezi lomaý we bölek söwdanyň ýokary derejede guralýandygyna şaýatlyk edýär. Bu toplumyň dükanlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen önümler hödürlenilýär. Şolaryň hatarynda gurluşyk serişdelerinden we senagat önümlerinden başlap, durmuşda ulanylýan himiýa serişdelerine çenli ähli önümler bar. 

Ýurdumyzyň işewürleri häzirki zaman tehnologiýalaryna aýratyn üns bermek bilen, senagat babatda ýokary derejä çykmagy başardylar. Bularyň ählisi durmuşda ulanylýan elektronika enjamlaryna, dürli abzallara, öý hojalygy üçin niýetlenen harytlara degişlidir. Özi-de, bu önümleriň bezegi haýran galdyrýar. 

Täze önümleriň hatarynda bezeg panelleri we penopolisteroldan öndürilen binagärlik bezegleriniň görnüşleri bar. Şolaryň kömegi bilen binalaryň öň tarapyny we içini bezemek üçin ajaýyp serişdeleri döretmek bolýar. Öý hem-de edara otaglary üçin agaçdan, metaldan we aýnadan ýasalan önümleriň hem-de şäheriň köçeleri üçin bezeg serişdeleriniň köp görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. 

Ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň täze görnüşleri ýurdumyzda çykarylýan gurluşyk serişdeleriniň üstüni ýetirýär. Ýurdumyzda öndürilýän gipsokarton ýa-da alçipan çalt depginler bilen ösýän gurluşyk senagatynyň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Seýilgähleri hem-de dynç alyş zolaklaryny abadanlaşdyrmak üçin önümleri, bezeg önümlerini, plastik önümleri, şol sanda gapylary, aýnalary, turbalary, dürli bezeg önümlerini, plitalary, kafelleri, arassalaýjy serişdeleri öndürmek boýunça täze kärhanalar üstünlikli işleýär. Türkmen telekeçileri içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, şol önümleriň çykarylyşyny yzygiderli artdyrýarlar. 

Mebel we haly önümleriniň görnüşleri yzygiderli täzelenilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanyň ilaty ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman mebellerine hem-de ýokary hilli öý hojalyk harytlaryna islegler artýar. 

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerinden işlenip taýýarlanylýan arassa polipropilen we akril ýüplüginden öndürilýän sintetiki süýümden halylaryň önümçiligi özleşdirildi. Ýurdumyzyň durmuş tehnikasynyň, ortopediýa düşeklerini, aşhana enjamlaryny öndürýän kärhanalarynyň harytlary hem meşhurlygy barha artýar. 

Döwletimiz haryt öndürijileriň ähli babatda dünýäniň ösüşi bilen sazlaşykly öňe gitmegi üçin ähli şertleri döredýär. Türkmen bezegçileri bazaryň häzirki zaman ýagdaýlaryny içgin öwrenip, modeller babatda iň kämil önümleri döredýärler. 

Kiçi we orta işewürligiň wekilleriniň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hem paýy örän uludyr. Olar bu babatda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler: häzirki wagtda oba hojalyk önümleriniň 63 göterimi hem-de senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda öndürilýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 16-njy martynda işewürler bilen geçiren duşuşygynda Lebap welaýatynda Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda dag-magdan kombinatyny hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ABŞ-nyň 3 milliard dollary möçberindäki serişdäni bölüp bermek barada görkezme berdi. 

Döwlet Baştutanymyz möçberli taslamalary telekeçilere tabşyrmak bilen, olaryň güýjüne hem-de ýokary hünär ussatlygyna bolan ynamyny tassyklady. Bu ynam “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna geçirilmeginde hem öz beýanyny tapdy. Işewürleriň Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynyň ösmegine kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir. 

Bu gün Türkmenistanda içerki bazarda bolelinligi üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Dürli görnüşdäki harytlaryň sanawynyň artdyrylmagy, olaryň hiliniň hem-de ekologiýa babatdaky görkezijileriniň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadan durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp netijeleriniň biridir.