Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen luk­man­çy­lyk döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň ny­şa­ny­dyr

Şu gün, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň — kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň hem-de ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar bol­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şeý­le des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy­na ola­ryň äh­li mö­hüm tap­gyr­la­ryn­da, şol san­da des­ga­lar gur­lan­da we en­jam­laş­dy­ry­lan­da hut özi gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Hu­su­san-da, ge­çen ýy­lyň 23-nji ýan­wa­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da Türk­me­na­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki gur­lu­şyk meý­dan­ça­syn­da iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da we ýur­du­myz­da örän uly kö­pu­gur­ly we­la­ýat has­sa­ha­na­sy gu­rul­ýar­dy. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 47,6 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýän luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­niň çäk­le­ri­ni syn­lap, bu öz­bo­luş­ly eda­ra­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe tu­tuş ýur­du­myz­dan däl-de, eý­sem, da­şa­ry döw­let­ler­den, oza­ly bi­len, goň­şy ýurt­lar­dan, şol san­da Ow­ga­nys­tan­dan nä­sag­la­ry ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip bel­le­di. 

Şol gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýö­ri­te­leş­di­ri­len bö­lüm­le­riň en­çe­me­si­ni öz içi­ne al­ýan kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň dü­zü­mi plan­şet­ler­de we ma­ket­ler­de gör­ke­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­ne da­şa­ry ýurt­ly nä­sag­la­ryň gel­me­gi bi­len bag­ly äh­li gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri­ni göz öňün­de tut­ma­gy tab­şyr­dy, şeý­le hem yl­my-usu­ly­ýet we iş­gär­ler, has­sa­ha­na­da iş­le­mek üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri çek­mek, paý­tag­ty­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň ugur­daş has­sa­ha­na­la­ry bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak bo­ýun­ça gör­kez­me­le­ri ber­di. 

Bu­la­ryň hem­me­si ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga we aba­dan­çy­ly­gy­na, her bir ra­ýa­tyň bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­na uly ün­süň be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu bol­sa, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­lup dur­ýar. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rü­lip, oňa şä­her we we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri, Türk­me­na­ba­dyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry, köp­san­ly ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy­lar. Ho­wa şar­la­ry we dür­li reňk­li toý bag­la­ry, çar­çu­wa­ly şy­gar­lar bi­len be­ze­len be­je­riş bi­na­la­ryň ýa­nyn­da eziz Wa­ta­ny­my­zy hem-de hä­zir­ki döw­re mah­sus bo­lan aja­ýyp öz­gert­me­le­ri wasp ed­ýän aý­dym­lar we saz­lar ýaň­la­nyp, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry joş­gun­ly tans­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. 

Luk­man­çy­lyk mer­ke­zi kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny we ýo­kanç ke­sel­le­ri has­sa­ha­na­sy­ny, şeý­le hem luk­man­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Bu iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy hu­su­sy kär­ha­na — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­dy. 

676 orun­lyk 5 gat­ly baş bi­na­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek, anes­te­zio­lo­gi­ýa-rea­ni­ma­si­ýa, an­giog­ra­fi­ýa, pul­mo­no­lo­gi­ýa, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, fi­zio­te­ra­pi­ýa, ge­mo­gia­liz, ren­ge­no­lo­gi­ýa, of­tal­mo­lo­gi­ýa, hi­rur­gi­ýa, kar­dio­lo­gi­ýa, oto­ri­no­la­rin­go­lo­gi­ýa, nef­ro­ge­ma­to­lo­gi­ýa, neý­ro­hi­rur­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa, mer­ke­zi we pe­ri­fe­ri­ki nerw ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri, oňur­ga pa­to­lo­gi­ýa­sy, rew­ma­to­lo­gi­ýa, tok­si­ko­lo­gi­ýa, traw­mo­to­lo­gi­ýa we or­to­pe­di­ýa, uro­lo­gi­ýa, şeý­le hem traw­mo­to­lo­gi­ýa bö­lü­mi, gan ban­ky, bar­lag­ha­na we beý­le­ki­ler bar. Ola­ryň üp­jün­çi­li­gi jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň äh­li de­re­je­le­rin­de döw­re­bap en­jam­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. 

Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň üç gat­ly bi­na­syn­da 160 orun­lyk ýo­kanç ke­sel­le­ri­ni be­je­riş we öňü­ni alyş mer­ke­zi ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da nä­sag­la­ry ka­bul et­mek üçin has­sa­ha­na­nyň ka­bul ediş bö­lü­mi ýer­leş­di­ri­len we her nä­sa­gyň gü­man edil­ýän ýo­kan­jy­na la­ýyk­lyk­da aý­ra­tyn otag­lar­da ka­bul et­mek we ge­rek bo­lan­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin äh­li şert­ler bar. Şeý­le hem şu gat­da ho­wa-dam­ja ýo­ly ar­ka­ly geç­ýän ke­sel­li nä­sag­la­ry be­jer­mek üçin ni­ýet­le­nen bö­lüm ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de nä­sag­lar üçin se­kiz sa­ny aý­ra­tyn otag­lar bar. 

Bu ýer­de nä­sag­la­ry gys­sag­ly ýag­daý­da ug­rat­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da luk­man­çy­lyk awia­si­ýa­sy­ny peý­da­lan­mak üçin di­ku­çar meý­dan­ça­sy gur­nal­dy, ýö­ri­te ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan nä­sag­la­ryň ça­gy­ryş­la­ry­na öz wag­tyn­da ses­len­me­gi üp­jün et­mek üçin gep­le­şik en­jam­la­ry, be­je­riş iş­le­ri­niň hem-de nä­sag­la­ra hyz­mat et­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. 

Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan le­bap­ly luk­man­la­ra tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin flýuo­rog­ra­fi­ýa, gan al­mak üçin we beý­le­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ýö­ri­te aw­tou­lag­lar sow­gat be­ril­di. 

Has­sa­ha­na­nyň ýa­nyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my hem bi­na edil­di. Onuň gur­lu­şy­gy­na 2016-njy ýy­lyň iýul aýyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Top­lum giň 3 we 4 otag­ly öý­le­ri, en­jam­laş­dy­ry­lan aş­ha­na­la­ry, eý­wan­la­ry bo­lan ýo­ka­ry amat­lyk­ly 4 gat­ly jaý­la­ryň 6-sy­ny öz içi­ne al­ýar. Şä­her­çe 200-e go­laý maş­ga­la­nyň ýa­şa­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen­dir. 

Jaý­lar mil­li bi­na­gär­li­giň ala­mat­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len döw­re­bap gör­nüş­de, äh­li amat­lyk­lar göz öňün­de tu­tu­lyp, bi­na edil­di. Mu­nuň özi bol­sa mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da ed­ýän ýa­daw­syz ala­da­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.