Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen luk­man­çy­lyk döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň ny­şa­ny­dyr

Ma­ry şä­he­rin­de Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­ny­lyp, ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn öz­gert­me­le­ri ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dün­ýä ül­ňü­le­ri­niň de­re­je­si­ne ynam­ly çyk­dy. Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da hem-de we­la­ýat­la­ryn­da hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän be­je­riş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Mu­nuň özi ila­tyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ne giň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2015-nji ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de ola­ry öň­de­ba­ry­jy til­si­mat­ly be­je­riş-öňü­ni alyş hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek, şeý­le hem Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ha­li­fa bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da Ha­li­fa Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Türk­me­nis­ta­nyň Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­ny gur­mak ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Ka­ra­ra gol çek­di. 

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň mart aýyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne bo­lan res­mi sa­pa­ry türk­men-emir­lik­ler hyz­mat­daş­ly­gy­ny ok­gun­ly ös­dür­mek­de mö­hüm wa­ka bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len türk­men-emir­lik­ler gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, BAE-niň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň orun­ba­sa­ry Şeýh Mu­ham­med Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan beý­le­ki mö­hüm me­se­le­ler bi­len bir­lik­de, Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­nyň iler­le­di­li­şi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. 

Ine, şu gün mil­li Li­de­ri­mi­ziň ala­da­sy ne­ti­je­sin­de tu­tuş Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň kör­pe­le­ri­ne hyz­mat et­mä­ge ni­ýet­le­nen tä­ze sag­ly­gy go­ra­ýyş des­ga­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň dü­zü­mi­ne hi­rur­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa we rew­mo­kar­dio­lo­gi­ýa, rea­ni­ma­si­ýa, anes­te­zio­lo­gi­ýa, anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş, ka­bul ediş, bar­lag­ha­na, ra­dio­lo­gi­ýa, gan ban­ky bö­lüm­le­ri gir­ýär. 

Mun­dan baş­ga-da, nä­sag­la­ry dür­li ugur­ly hü­när­men­ler — of­tal­mo­log, oto­la­rin­go­log, en­dok­ri­no­log, kar­dio­log, uro­log, traw­mo­to­log-or­to­ped, sur­do­lo­g we beý­le­ki­ler ka­bul eder. 

Has­sa­ha­na­nyň anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş bö­lü­mi elekt­roen­se­fa­log­raf, rent­gen, to­mog­raf, wi­deo­fib­rob­ron­hos­kop, fib­ro­gast­ros­kop, EKG we beý­le­ki iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Fi­zio­te­ra­pi­ýa ota­gyn­da elekt­ro, ýy­ly­lyk we yşyk te­ra­pi­ýa­sy­nyň dür­li usul­la­ry­ny (UWÇ, elekt­ro­fo­rez, kwars we beý­le­ki­ler) ulan­mak üçin iň tä­ze en­jam­lar ýer­leş­di­ri­len­dir. 

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze luk­man­çy­lyk eda­ra­sy ýö­ri­te en­jam­la­ry çy­kar­ma­ga ýö­ri­te­leş­di­ri­len iri da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry ta­kyk­lyk­da­ky ke­se­li anyk­la­ýyş we be­je­riş en­jam­la­ry, şeý­le hem beý­le­ki ýö­ri­te ab­zal­lar bi­len üp­jün edil­di. Bir we iki orun­lyk otag­lar­da äh­li şert­ler dö­re­dil­di. 

Döw­re­bap ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýat­dan çyk­ma­jak baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne öw­rül­di. Oňa ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ýaş­lar, we­la­ýa­tyň köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ha­li­fa bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy­nyň yn­san­per­wer iş­le­ri bo­ýun­ça baş di­rek­to­ry Mu­ham­met Al Hu­ri bar. 

Da­ba­ra my­na­sy­bet­li tä­ze des­ga­nyň aba­dan­laş­dy­ry­lan çä­gi baý­dak­lar hem-de dür­li reňk­li len­ta­lar bi­len be­zel­di. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şy­jy­la­ry öz sun­ga­ty bi­len be­gen­dir­di­ler.