Tä­ze des­ga­lar — mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy

“Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň şy­pa­ha­na dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­ti­ren, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de bi­na edi­len tä­ze des­ga­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di. 

Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da no­bat­da­ky tä­ze des­ga­la­ryň — “Awa­za” şy­pa­ha­na­sy­nyň hem-de ak­wa­par­kyň açyl­ma­gy bu ýer­de hal­ka­ra de­re­je­li döw­re­bap de­ňiz şy­pa­ha­na­sy­ny ös­dür­me­giň ýo­lun­da ýe­ne-de bir ädim bol­dy. Ony dö­ret­mek baş­lan­gy­jy bol­sa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za de­giş­li­dir. Soň­ky ýyl­lar­da türk­men top­ra­gy­nyň bu aja­ýyp kün­je­gi ta­nal­maz de­re­je­de düýp­li öz­ger­di. Her ýyl to­mus möw­sü­min­de bu ýe­re dynç al­ýan­la­ryň müň­ler­çe­si gel­ýär. Şun­da dynç al­mak, şol san­da maş­ga­la bo­lup dynç al­mak üçin äh­li şert­le­riň, hyz­mat­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň Awa­za­da ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da ke­pil­len­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Mu­ňa di­ňe bir türk­me­nis­tan­ly­lar däl, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­lar hem ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler. 

Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­ha­na­la­ryň, ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň, kot­tej şä­her­jik­le­ri­niň, sag­lyk hem-de dynç alyş mer­kez­le­ri­niň, se­ýil­gäh-dynç alyş top­lum­la­ry­nyň en­çe­me­si iş­le­ýär, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki ugur­daş dü­zü­mi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin yzy­gi­der­li ädim­ler ädil­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, soň­ky ýyl­lar­da Awa­za iri işe­wür, me­de­ni we sport mer­ke­zi­niň de­re­je­si­ne ynam­ly eýe bo­lup, ýo­ka­ry de­re­je­däki du­şu­şyk­la­ryň, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li dür­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. 

Ha­za­ryň ke­na­ryn­da ýa­ýy­lyp ýa­tan kö­pu­gur­ly şy­pa­ha­na zo­la­gy tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň aý­dyň ny­şa­ny­dyr, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­si­dir. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy şol sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, bu giň möç­ber­li tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň esa­sy mak­sa­dy de­ňiz­ýa­ka kün­je­gi­ň — ýur­du­my­zyň tä­sin te­bi­gy mer­je­ni­niň ägirt uly şy­pa­ha­na kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan, ony adam­la­ryň hyz­ma­ty­na goý­mak­dan yba­rat­dyr. 

Bu öň­den­gö­rü­ji­lik­li pi­ki­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­la­nan gü­nün­den mil­li Li­de­ri­miz mö­hüm ta­la­by öňe sü­rüp­di we öňe sü­rüp gel­ýär. Mu­nuň özi äh­li se­riş­de­le­riň hem-de önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan kä­mil bol­ma­gy, daş­ky gur­şa­wa, mel­hem­lik se­riş­de­le­re we de­ňiz­ýa­ka ül­ke­si­niň bio­lo­gi­k se­riş­de­le­ri­ne aýaw­ly ga­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Iş­jeň dynç al­şyň köp şa­ha­ly myh­man­ha­na ul­ga­my­nyň we mer­ke­zi­niň, şy­pa­ha­na ho­ja­ly­gy­nyň se­na­gat hem-de ulag ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy, Ha­za­ryň ke­na­ryn­da bag ek­mek iş­le­ri hut şu nuk­daý­na­zar­dan al­nyp ba­ryl­dy. 

Hä­zir­ki dö­wür­de Awa­za­da di­ňe bir oňat dynç al­mak däl, eý­sem, sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek, di­kel­diş be­jer­gi­si­ni al­mak müm­kin­dir. Aras­sa ho­wa, Gün wan­na­la­ry hem-de de­ňiz­de su­wa düş­mek ada­myň be­de­ni­ne we özü­ni duý­şu­na oňat tä­sir ed­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si dynç al­ýan­la­ryň uzak wagt­lap keý­pi­çag bol­ma­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Awa­za­ny ös­dür­mek we aba­dan­laş­dyr­mak, onuň çä­gin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li iş­le­riň bar­şy he­mi­şe döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ho­wan­dar­ly­gyn­da bu ägirt uly tas­la­ma üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. 

Oguz han şa­ýo­lu­nyň we Dost­luk kö­çe­si­niň ara­ly­gyn­da ýer­le­şen “Awa­za” şy­pa­ha­na­sy­nyň düý­bi 2016-njy ýy­lyň maý aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da tu­tul­dy. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 2017-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da bu ýe­re no­bat­da­ky ge­zek ge­lip, şy­pa­ha­na­nyň we ak­wa­par­kyň gur­lu­şy­gy bi­len ta­nyş­dy hem-de Awa­za­nyň şy­pa­ha­na dü­zü­mi­niň ösü­şi­ni göz­den ge­çir­di. Mil­li Li­de­ri­miz şeý­le sa­par­la­ryň bar­şyn­da tas­la­ma­la­ryň adam­lar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni düýp­li öw­ren­ýär. 

Tä­ze şy­pa­ha­na­nyň işi­ni gu­ra­mak ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz di­kel­diş te­ra­pi­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li usu­ly hök­mün­de be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si bi­len ut­gaş­dy­ryp, ýer­li ýod-brom­ly suw çeş­me­si­niň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri­ni iş­jeň ulan­ma­gy mas­la­hat ber­di, dynç al­ma­ga gel­ýän­le­riň oňaý­ly ýa­şa­ma­gy üçin bir orun­lyk we maş­ga­la üçin, şol san­da ça­ga­ly gel­ýän ene-ata­lar üçin ýa­şa­ýyş otag­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­le­ri­ni gur­mak ba­ra­da gör­kez­me ber­di. 

Ine, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nün­de açy­lan des­ga ýur­du­my­zyň şy­pa­ha­na­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, il­kin­ji myh­man­la­ry ka­bul et­di. 

Sun­gat us­sat­la­ry­nyň to­pa­ry hal­ky­my­zyň öz­bo­luş­ly dö­re­di­ji­lik däp­le­ri­ni hem-de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň be­lent ru­hu­ny ala­mat­lan­dyr­ýan köpöwüş­gin­li aý­dym-saz, tans bi­len çy­kyş et­di. 

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar hyz­mat­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, şol san­da ae­ro­te­ra­pi­ýa, ga­lo­te­ra­pi­ýa, ta­las­so­te­ra­pi­ýa, al­go­te­ra­pi­ýa, de­ňiz we mi­ne­ral su­wy bi­len be­jer­mek ýa­ly hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän tä­ze şy­pa­ha­na bi­len tan­şyp baş­la­dy­lar. 

Ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän top­lum 19 müň ine­dör­dül met­re go­laý meý­dan­da ýer­leş­ýär. 

9 gat­ly ak mer­mer­li bi­na­da ýer­le­şen dün­ýä­niň esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň iň tä­ze luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len mer­ke­ziň ýö­ri­te­leş­di­ri­len bö­lüm­le­ri dür­li be­je­riş-di­kel­diş hyz­mat­la­ry­ny et­mek, dür­li ke­sel­le­ri, şol san­da dem alyş ýol­la­ry­nyň, da­ýanç-he­re­ket sy­na­sy­nyň, nerw, en­dok­rin, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri­ni anyk­la­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. 

Şy­pa­ha­na­da bal­neo­te­ra­pi­ýa hem-de pal­çyk bi­len be­je­riş, ho­wuz­ly we SPA-ly gid­ro­te­ra­pi­ýa, mas­la­hat be­riş-anyk­la­ýyş, di­kel­diş, fi­zio­te­ra­pi­ýa hem-de be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si bö­lüm­le­ri, rent­ge­nog­ra­fi­ýa, ult­ra­ses bar­lag­la­ry, elekt­ro­kar­diog­ra­fi­ýa, elekt­ro­te­ra­pi­ýa, be­je­riş we aku­punk­tu­ra otag­la­ry, kli­ni­ki bar­lag­ha­na­lar hem-de beý­le­ki­ler bar. Bu ýer­de şeý­le hem oto­la­rin­go­lo­gyň, sto­ma­to­lo­gyň we beý­le­ki hü­när­men­le­riň ýo­ka­ry hil­li kö­me­gi­ni al­mak bol­ýar. 

Şy­pa­ha­na­nyň gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy­nyň çä­gin­de dik gu­ýy ga­zy­lyp, 600 metr çuň­luk­dan ýod-brom­ly be­je­riş-mi­ne­ral suw­ly te­bi­gy çeş­me ta­pyl­dy. Be­je­riş mi­ne­ral su­wu­nyň dü­zü­min­de bro­myň muk­da­ry 312 mg/dm kuba, ýo­duň muk­da­ry 53,54 mg/dm ku­ba deň­dir. Onuň dü­zü­min­de aniom­lar­dan — hlor, gid­ro­kar­bo­nat, ka­tion­lar­dan kal­siý, mag­niý we nat­riý bar. Su­wuň mi­ne­ral­laş­ma­sy 20 mg/dm kub, aş­gar­ly­ly­gy 5,28, ýy­ly­ly­gy 22 gra­du­sa deň­dir. 

Bi­na­nyň aşa­ky ga­tyn­da ball­neo­te­ra­pi­ýa we pal­çyk bi­len be­je­riş bö­lüm­le­ri ýer­leş­di­ri­lip, bu ýer­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň — “Un­beschei­den” we “BE­KA” ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň mi­ne­ral suw bi­len be­jer­mek üçin ni­ýet­le­nen wan­na­la­ry otur­dyl­dy. Bu wan­na­lar su­w as­ty mas­saž, oňur­ga­ny su­was­tyn­da çek­mek, el­le­riň we aýak­la­ryň üçin dört ka­me­ra­ly wan­na­lar­dyr. Bu ýe­re gel­ýän­ler mi­ne­ral wan­na­lar bi­len bir wagt­da, hro­mo­te­ra­pi­ýa hyz­ma­ty­ny — yşyk bi­len be­jer­gi­ni alyp bil­ýär­ler. Ola­ryň iki­si hem öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ada­myň ýag­da­ýy­na kö­pu­gur­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. 

Şeý­le hem bu ýer­de şar­ko du­şun­dan hem-de be­je­riş du­şu­nyň beý­le­ki gör­nüş­le­rin­den, fan­go­te­ra­pi­ýa otag­la­ryn­da spa-kap­su­la­la­ryn­dan — mi­ne­ral pal­çyk­la­ry we pa­ra­fin bi­len be­je­riş hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­mak bol­ýar. Ola­ryň hem­me­si peý­da­ly bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ja­ny­ňa-da ýa­kym­ly­dyr. Ola­ry di­ňe dür­li ke­sel­ler­de luk­man­çy­lyk gör­kez­me­le­ri bo­ýun­ça däl-de, gurp­lan­dy­ry­jy, ýa­şal­dy­jy we kos­me­to­lo­gi­ki se­riş­de­le­ri hök­mün­de ulan­mak bol­ýar. 

Di­kel­diş mer­ke­zi­niň bi­rin­ji ga­tyn­da de­ňiz we mi­ne­ral suw­ly ho­wuz­ly gid­ro­te­ra­pi­ýa bö­lü­mi ýer­leş­di­ril­di. Da­ýanç — he­re­ket sy­na­sy ke­sel­li, şi­kes­li we ope­ra­si­ýa ge­çi­ren adam­lar üçin ho­wuz­da he­re­ket et­mek üçin ýö­ri­te gid­raw­lik­ler göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Ho­wuz­lar tä­ze luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry: ak­wat­re­na­žer, su­was­ty yl­gaw ýo­da­sy bi­len üp­jün edil­di. Suw­da maşk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi gu­ry ýer­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän ada­ty maşk­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da gör­ne­tin ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Äh­li maşk­lar aý­ra­tyn­lyk­da saý­la­nyp alyn­ýar hem-de be­je­riş we uý­gun­laş­dy­ry­jy be­den­ter­bi­ýe bo­ýun­ça tä­lim­çi­le­riň gö­zeg­çi­li­gin­de ge­çi­ril­ýär. 

SPA bö­lü­min­de ýö­ri­te en­jam­la­ryň kö­me­gi bi­len be­de­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýän ak­wa­mas­saž, krio­te­ra­pi­ýa, ba­ro­te­ra­pi­ýa, inf­ra­gy­zyl şöh­le­ler, inf­ra­gy­zyl, gu­ry we türk ham­ma­my, bug­ly, ga­lo­te­ra­pi­ýa, aro­ma­te­ra­pi­ýa, be­je­riş mas­sa­žy hem-de kneýp bo­ýun­ça suw be­jer­gi­si ýa­ly döw­re­bap we ne­ti­je­li usul­lar ula­nyl­ýar. 

Ger­ma­ni­ýa­nyň “MECOTEC” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň krio­ka­me­ra­sy­nyň kö­me­gi bi­len so­wuk ho­wa (-60 we -120 oC) ar­ka­ly be­jer­gi ge­çi­ril­ýär, be­de­niň äti­ýaç­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­ýär hem-de iç­ki be­den ag­za­la­ry­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­ýar. Bu usul di­ňe bel­li bir ke­sel­ler­de däl-de, eý­sem, ke­sel ýok­maz­lyk se­riş­de­si hem-de es­te­ti­ki luk­man­çy­ly­gy hök­mün­de hem ula­nyl­ýar. Agaç­dan taý­ýar­la­nan inf­ra­gy­zyl ka­bi­na bol­sa gyz­dy­ry­lan­da peý­da­ly fi­to­ni­sid­le­ri bö­lüp çy­kar­mak bi­len, be­de­ni aras­sa­la­ma­ga we on­dan zy­ýan­ly ga­lyn­dy­la­ry çy­kar­ma­ga ýar­dam ed­ýär. 

Bi­na­nyň ikin­ji ga­tyn­da­ky mas­la­hat be­riş-anyk­la­ýyş bö­lü­mi ka­bul ediş bö­lü­mi­ni, Ger­ma­ni­ýa­nyň “Sie­mens med” ýa­ly ab­raý­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň en­jam­la­ry otur­dy­lan ult­ra­ses­li anyk­la­ýyş ota­gy, sto­ma­to­lo­gi­ýa ota­gy­ny öz içi­ne al­ýar. Bu ýer­de hem “Si­ro­na” ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 3D ka­me­ra­ly hem-de ada­ty do­lan­dy­ry­şy, en­do­don­ti­ki we imp­lan­to­lo­gi­ki be­jer­gi­le­ri­ni ge­çir­mek, luk­man­la­ry hem-de nä­sag­lar üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek üçin bir­leş­di­ri­len funk­si­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän “Te­neo” en­ja­my otur­dyl­dy. 

Bö­lüm­de aja­ýyp en­jam­laş­dy­ry­lan new­ro­lo­gi­ýa, or­to­pe­di­ýa, der­ma­to­lo­gi­ýa, kar­dio­lo­gi­ýa, EKG, rent­gen, of­tal­mo­lo­gi­ýa, oto­la­rin­go­lo­gi­ýa, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa otag­la­ry hem-de kö­pu­gur­ly sel­jer­me ge­çi­ri­ji bar­lag­ha­na, bar­lag ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan beý­le­ki ýö­ri­te teh­ni­ka­lar bar. Şo­lar “HU­MAN”, “OHAUS — BRD” (Ger­ma­ni­ýa), “BIO­ME­RIEUX”, “HO­RI­BAAX” (Fran­si­ýa), “Eli­tech” (Ni­der­land­lar) we “Arcti­ko” (Da­ni­ýa) kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň önüm­le­ri­dir. 

Bi­na­nyň 3-nji ga­tyn­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra eýe bo­lan di­kel­diş we fi­zio­te­ra­pi­ýa bö­lüm­le­ri ýer­leş­ýär. Ada­myň be­den ýag­da­ýy­ny kes­git­le­mek üçin maşk­la­ryň to­pa­ry­ny dog­ry düz­mä­ge hem-de nä­sag­la­ra ag­ram de­re­je­si­ni saý­lap al­ma­ga kö­mek ed­ýän öň­de­ba­ry­jy ne­mes en­jam­la­ry bi­len sy­nag­dan ge­çi­ri­ji zal göz öňün­de tu­tul­dy. Bu ýer­de «Temp­lo» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Vicon Mo­tion 2 D» he­re­ket­le­riň tä­ze ana­li­za­to­ry, «Bod Pod» be­de­niň ana­li­za­to­ry, «Quark CPET» sta­sio­nar ul­ga­my hem-de anyk­la­ýyş en­ja­my — «Cos­med» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň er­go­met­ri, «HP Cos­mos» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň lo­ko­mo­sion en­ja­my or­naş­dy­ryl­dy. 

Müş­de­ri­le­re be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­lar hyz­mat ed­ýär. Döw­re­bap usul­la­ryň dür­li gör­nü­şi, di­kelt­mä­ge aý­ra­tyn çe­me­leş­me oňat ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Fit­nes za­ly «Frei AG» we «Gym 80» (Ger­ma­ni­ýa) hem-de «Airex» (Şweý­sa­ri­ýa) kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ze­rur tä­ze tür­gen­le­şik en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si be­de­ne tä­si­riň beý­le­ki usul­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bir meň­zeş orun eýe­le­me­li­dir. Bu kuw­wat­ly di­kel­diş-öňü­ni alyş se­riş­de­si has­sa­nyň çalt sa­gal­ma­gy­na, be­de­ni­niň go­raý­jy güýç­le­ri­ni jem­le­mä­ge ýar­dam ed­ýär. 

Bu işiň dog­ry gu­ral­ma­gy hem-de luk­ma­nyň we tä­lim­çi­niň bu işi dog­ry hem-de so­wat­ly gu­ra­ma­gy ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­ýär. Be­je­riş-be­den­ter­bi­ýe top­lu­my­nyň maşk­la­ry nä­sag­la­ryň dür­li to­par­la­ry üçin maşk­la­ry saý­lap al­ma­gyň ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­ly­dyr. Şun­da de­giş­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, bu ugur­da usu­ly­ýet, yl­my-bar­lag we dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni yzy­gi­der­li ge­çir­mek mö­hüm­dir. 

“Awa­za” şy­pa­ha­na­sy­nyň fi­zio­te­ra­pi­ýa bö­lü­mi oňur­ga, ýü­rek-da­mar ul­gam­la­ry­ny, dem alyş, bo­gun ke­sel­le­ri­ni, in­sult­dan soň di­kel­diş, şi­kes ýet­me­le­ri be­jer­mek­de oňat ne­ti­je­le­re gö­nük­di­ri­len be­je­riş ka­da­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. 

Bö­lü­miň dü­zü­min­de elekt­ro­be­je­riş ota­gy hem-de Ita­li­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň we Ni­der­land­la­ryň bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ry bar. Elekt­rik tok­la­ry­nyň, elekt­rik, mag­nit ýa-da elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ry­nyň be­de­ne tä­si­ri­ni peý­da­lan­mak bo­gun­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ma­ga, be­den eti­niň bo­zul­ma­sy­ny pe­selt­mä­ge, agy­ry­ny aýyr­ma­ga, do­ku­ma­lar­da me­ta­bo­li­ki ösüş­le­ri go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Şeý­le hem bu bö­lüm­de me­ha­no­te­ra­pi­ýa ula­nyl­ýar — bu aý­ry-aý­ry bo­gun­lar­da iş­jeň­li­gi ös­dür­mek üçin ýö­ri­te gur­na­lan en­jam­lar­da be­den maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­lup dur­ýar. “Awa­za” şy­pa­ha­na­syn­da me­ha­no­te­ra­pi­ýa “BE­KA” hem-de “OR­MED” ger­man kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ryn­da ge­çi­ril­ýär. Tür­gen­le­şik en­jam­la­ry­nyň teh­ni­ki gur­lu­şy nä­sag üçin oňaý­ly düz­gün­de he­re­ket­le­ri emaý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Luk­man­çy­ly­gyň aý­ra­tyn ug­ry er­go­te­ra­pi­ýa bo­lup, ol he­re­ket­le­ri di­kelt­mek hem-de ada­my ka­da­ly dur­mu­şa uý­gun­laş­dyr­mak, oňa öz­baş­dak­ly­gy ga­zan­ma­ga ýar­dam et­mek bi­len meş­gul­lan­ýar. Baş­ga­ça aý­da­nyň­da, er­go­te­ra­pi­ýa ke­sel ýa-da şi­kes ýet­me­ler ze­rar­ly be­den çäk­len­dir­me­le­ri­ne eýe bo­lan ada­myň dur­mu­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­gy ugur edin­ýär. Er­go­te­ra­pewt luk­man nä­sa­ga özü­ne se­ret­me­gi, iş­le­me­gi, dynç al­ma­gy öw­ren­mä­ge ýar­dam eder. 

“Awa­za” şy­pa­ha­na­sy­na gel­ýän­ler iň­ňe­ref­lek­so­te­ra­pi­ýa ota­gyn­da dür­li ke­sel­le­ri, şol san­da new­roz, nerw bo­zul­ma­la­ry, en­dok­rin ýa-da uku­syz­ly­gy be­jer­mä­ge ýar­dam ed­ýän be­jer­gi­le­ri alyp bi­ler­ler. 

Sling-te­ra­pi­ýa­sy üçin “Frei AG” ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýö­ri­te en­jam­la­ry otur­dyl­dy. Şo­lar ke­se­li anyk­la­ma­gyň, iş­jeň be­jer­gi­niň we maşk­la­ryň do­ly ul­ga­my­ny öz içi­ne al­ýar, şo­nuň esa­syn­da her bir nä­sa­ga aý­ra­tyn çe­me­le­şil­ýär. Bu usu­ly “asyl­ma ýag­daý­da be­jer­gi” di­ýip hem at­lan­dyr­ýar­lar, se­bä­bi be­jer­gi ma­ha­ly nä­sag ma­ýyş­gak bag­la­ra da­ky­lan ýö­ri­te ban­daž­da asyl­ýar. Ol güý­jü­ňi art­dyr­mak, be­den et­le­ri­ni tap­la­mak, ber­kit­mek ýa-da dar­ty­lan be­den et­le­ri­ni gow­şat­mak, bo­gun­lar­da dur­nuk­ly­ly­gy go­wu­lan­dyr­mak we sen­sor-mo­tor ul­ga­my­ny go­wu­lan­dyr­mak hem-de öz-özü­ňi duý­şu­ňy, sag­ly­gy­ňy, göw­rä­ňi tu­tu­şy­ňy we ýö­reý­şi­ňi go­wu­lan­dyr­mak, oňat be­den gur­lu­şy­ňy sak­la­mak üçin ula­nyl­ýar. Şeý­le hem luk­man­çy­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça (sko­lioz, gry­ža we beý­le­ki­ler) kö­mek­çi tür­gen­le­şik­ler hök­mün­de tür­gen­ler hem-de otu­ryp iş­le­ýän adam­lar ta­ra­pyn­dan ula­ny­lyp bil­ner. 

Şeý­le hem ozon te­ra­pi­ýa­sy ota­gyn­da bol­mak mas­la­hat be­ril­ýär, çün­ki şä­her­de ýa­şa­ýan adam köp­lenç kis­lo­rod ýet­mez­çi­li­gi­ni baş­dan ge­çir­ýär, şol se­bäp­li kel­le agy­ry­sy, dep­res­si­ýa, yzy­gi­der­li ýa­daw­lyk peý­da bol­ýar, ar­te­rial gan ba­sy­şy ýo­kar­lan­ýar. Kis­lo­ro­dyň ýet­mez­çi­li­gi be­den ag­za­la­ry­nyň hem-de ul­gam­la­ry­nyň kö­pü­si­niň nä­dog­ry iş­le­me­gi­ne ge­tir­ýär. Ozon te­ra­pi­ýa­sy di­ňe so­wuk­la­ma, gu­lak, bu­run, bo­kur­dak ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­gyň usu­ly hök­mün­de däl-de, eý­sem, şo­la­ry tiz be­jer­me­giň usu­ly hök­mün­de hem özü­ni go­wy ta­rap­dan gör­kez­di. Ozon bi­len be­jer­me­giň ne­ti­je­sin­de, gan aý­la­ny­şy­gy, do­ku­ma­lar­da alyş-ça­lyş ösüş­le­ri, äh­li iç­ki be­den ag­za­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi go­wu­lan­ýar. 

Mun­dan baş­ga-da, “Awa­za” şy­pa­han­syn­da fi­zio­te­ra­pi­ýa­nyň pres­so­te­ra­pi­ýa (gy­sy­lan ho­wa bi­len ow­ka­la­mak), la­zer bi­len be­jer­mek, aro­ma­te­ra­pi­ýa, ga­lo­te­ra­pi­ýa ýa­ly gör­nüş­le­ri el­ýe­ter­li­dir. 

Mer­kez­de nerw ul­ga­my­nyň ke­sel­le­rin­de (funk­sio­nal bo­zul­ma­lar, new­roz, gan-da­mar dis­to­ni­ýa­sy, ýa­daw­lyk, os­te­hond­roz, new­ro­lo­gi­ýa, neý­ro­pa­ti­ýa), ýü­rek-da­mar ke­sel­le­rin­de (gi­per­to­ni­ýa, işe­mi­ýa, kar­diosk­le­roz, ate­rosk­le­roz, wa­ri­koz), da­ýanç-he­re­ket ediş be­den ag­za­la­ry (art­rit, po­liart­rit), en­dok­rin ke­sel­le­rin­de (aşa se­miz­lik, bo­kur­dak mä­zi­niň işi­niň bo­zul­ma­gy, süý­ji dia­be­ti, gi­po­fi­zar ýet­mez­çi­lik), dem alyş ul­ga­my­nyň ke­sel­le­rin­de (dem­gys­ma — baş­lan­gyç we or­ta de­re­je­de, hro­ni­ki bron­hit, fa­rin­git, la­rin­git, ri­nit, si­nu­sit, pol­li­noz, al­ler­gi­ki ri­no­si­nu­sit) we beý­le­ki köp­san­ly ke­sel­ler­de hyz­mat­la­ry et­mek üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. 

Şy­pa­ha­na­da ho­wa, bal­neo­fi­zio­te­ra­pi­ýa, ig­lo­ref­lek­so­te­ra­pi­ýa ar­ka­ly be­je­riş bi­len bir­lik­de, türk­men top­ra­gyn­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ulan­mak ar­ka­ly fi­to­te­ra­pi­ýa aý­ra­tyn üns ber­ler. Sa­gal­dyş top­lu­myn­da sag­ly­gy­ny be­jerd­ýän­le­riň her bi­ri fi­to­bar­da mel­hem­lik iç­gi­ler­den, ösüm­lik­ler­den taý­ýar­la­nan şi­re­ler­den da­dyp bi­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly yl­my işin­de mil­li te­bip­çi­lik­de köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da üs­tün­lik­li ula­nyl­ýan der­man­lyk ösüm­lik­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry jik­me-jik be­ýan edil­ýär. 

Mun­dan baş­ga-da, nä­sag­la­ryň boş wag­ty­ny peý­da­ly ge­çir­me­gi üçin ki­tap­ha­na we In­ter­net zal, bil­ýard oý­na­mak üçin ni­ýet­le­nen sport zal­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy. Top­lu­myň çä­gin­de açyk ho­wuz, ka­fe­te­ri, fut­bol, bas­ket­bol, ten­nis oý­na­mak üçin sport meý­dan­ça­la­ry ýer­leş­di­ril­di. 

Bi­na­nyň 4-nji ga­tyn­dan 8-nji ga­ty­na çen­li otag­lar­da nä­sag­la­ryň we dynç al­ýan­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­di. Olar müm­kin­çi­li­gi çäk­li bo­lan adam­lar üçin ni­ýet­le­nen bir, iki orun­lyk, lýuks, su­per lýuks we king lýuks de­re­je­li otag­lar­dyr. 

Ag­şa­ma­ra ýe­ne-de bir da­ba­ra bol­dy — Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dynç alyş mer­kez­li “Awa­za” ak­wa­par­ky açyl­dy, ol hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk­men hal­ky­na, oza­ly bi­len, ýaş nes­le no­bat­da­ky aja­ýyp sow­ga­dy bol­dy. 

Şu ýy­lyň mar­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ga­ra­ma­gy­na ber­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­len­di­gi­ni ýat­la­mak ýer­lik­li­dir. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu çöz­gü­di de­ňiz şy­pa­ha­na­sy­ny ös­dür­mek­de has iş­jeň tap­gy­ryň baş­lan­gy­jy­ny aň­lad­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pi­ki­ri­ne gö­rä, işe­wür­li­giň çe­ýe­li­gi we yk­jam­ly­ly­gy, ba­zar me­ýil­le­ri­ni bil­me­gi, tiz öw­ren­mek, gu­jur­ly­lyk hem-de ba­şy­ny baş­laý­jy­lyk hä­zir­ki üýt­gäp dur­ýan yk­dy­sa­dy ýag­daý­lar­da ze­rur bo­lup, öňe bat­ly iler­le­mek üçin ze­rur­dyr. Mu­nuň üçin döw­let ta­ra­pyn­dan ze­rur bo­lan äh­li çä­re­ler gö­rül­di, ynam­ly me­ýil­na­ma­la­ra we baş­lan­gyç­la­ra giň ýol açyl­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri­ne uly gol­daw ber­ýär. 

TSTB “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny ös­dür­mä­ge uly go­şant go­şup, no­bat­da­ky giň ge­rim­li tas­la­ma­ny ama­la aşyr­dy. 

Tä­ze ak­wa­park bu ýer­de dynç al­ýan dür­li ýaş­da­ky adam­la­ryň ýo­ka­ry is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga ni­ýet­le­nen beý­le­ki des­ga­lar bi­len bir ha­tar­da, suw att­rak­sion­la­ry­ny hem öz içi­ne al­ýan iri top­lum­dyr. Aja­ýyp des­ga gyş­ky we to­mus­ky ak­wa­par­ky, söw­da mer­ke­zi­ni, dür­li ha­ryt­lar sa­tyl­ýan dü­kan­la­ryň on­lar­ça­sy­ny, su­per­mar­ke­ti, 30-a go­laý ka­fe­dir res­to­ran­la­ry, 1640 orun­lyk am­fi­teat­ry, myh­man­ha­na­ny, şeý­le hem dür­li eme­li dag­la­ry, eme­li köl­le­ri, şar­la­wuk­la­ry, dag çeş­me­jik­le­ri — baş­dan ge­çir­me­le­riň tu­tuş ýur­du­ny öz içi­ne al­ýar. 

Ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry myh­man­la­ry şa­dy­ýan aý­dym­la­ry­dyr joş­gun­ly tans­la­ry bi­len gar­şy­la­ýar. 

Ýyg­na­nan­la­ra ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri — hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar we kü­müş saç­ly ene­ler ýüz­le­nip, hem­me­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, ça­ga­la­ry bu aja­ýyp se­ýil­gä­hiň açyl­ma­gy bi­len gut­la­dy­lar. Çy­kyş eden­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, ösü­şiň hem-de dö­re­di­ji­li­giň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hyn­da her bir gün be­ýik iş­le­re we aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­len­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň ýyl ýaz­gy­syn­da şu gün­ki da­ba­ra ýa­ly şan­ly wa­ka­la­ryň köp­san­ly­sy bar. 

Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi hem-de dynç al­ma­gy üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­na äh­li türk­me­nis­tan­ly­la­ryň adyn­dan çäk­siz ho­şal­lyk söz­le­ri aý­dyl­dy, bar­ha gö­zel­leş­ýän “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň tä­ze keş­be yzy­gi­der­li eýe bol­ma­gy mu­nuň aja­ýyp my­sa­ly­dyr. 

Ak­wa­par­kyň uly gi­ňiş­li­gin­de ça­ga­lar ru­hu­be­lent­lik bi­len su­wa dü­şüp, su­wa bök­ýär­ler, suw­ly de­pe­jik­ler­den typ­ýar­lar. Daş-tö­we­rek­de ça­ga gül­kü­le­ri, şat­lyk we be­genç duý­gu­la­ry as­ma­na gal­ýar. 

Top­lu­myň umu­my meý­da­ny 30 gek­ta­ra go­laý­dyr. Mer­ke­zi des­ga — 3 gat­ly ýa­pyk ak­wa­park 41 müň ine­dör­dil metr­den gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýär hem-de ýy­lyň äh­li pas­lyn­da su­wa düş­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu bi­na­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­di­ri­len ägirt uly eme­li dag we şar­la­wuk tro­pi­ki land­şaf­ty dö­ret­mek pi­ki­ri bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. 

Bu ýer­de ça­ga­lar we ulu­lar üçin dür­li öl­çeg­dä­ki ho­wuz­lar, şol san­da, sör­fing üçin ho­wuz, ulu­ly-ki­çi­li päs­gel­çi­lik­li suw att­rak­sion­la­ry, ýa­rym olim­pi­ki ýü­zül­ýän ho­wuz, şeý­le hem eme­li de­ňiz ke­na­ry, ýö­ri­te çä­ge bi­len ör­tü­len wo­leý­bol oý­na­mak üçin meý­dan­ça bar. 

Ça­ga­lar üçin ýa­şy­na gö­rä, dür­li güý­men­je­ler göz öňün­de tu­tul­dy. Ola­ryň oý­na­ma­gy üçin ýer­ler, hiň­ňil­lik­le­riň we oý­na­waç­la­ryň, suw pür­kü­ji­le­riň, su­wa düş­mä­ge ge­len her dür­li haý­wan­jyk­lar hem-de er­te­ki­le­riň gah­ry­man­la­ry ulu­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Şu gün baý­ram­çy­ly­ga dag­ja­gaz­lar­da we su­wuň ýa­ka­syn­da ge­ze­lenç edip ýö­ren mult­film­le­riň gah­ry­man­la­ry hem gel­di­ler. 

Ke­nar­da hem wag­ty­ňy şa­dy­ýan ge­çi­rip bol­ýar, bu ýer­de ýö­ri­te çä­ge bi­len ör­tü­len ke­nar­ýa­ka wo­leý­bo­ly­ny oý­na­mak üçin meý­dan­ça bar. Bi­na­nyň tö­we­re­gi­niň we üs­tü­niň ýö­ri­te aý­na­lar bi­len ör­tül­me­gi açyk meý­dan­ça­da gün şöh­le­si­niň as­tyn­da dynç al­ýan ýa­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär. 

Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­na­da dür­li gör­nüş­li elekt­ron oýun meý­dan­ça­sy, 7D ki­no­teatr, ka­fe­ler we res­to­ran­lar ýer­leş­ýär, şo­lar­da mil­li ta­gam­la­ry­myz hem-de dün­ýä halk­la­ry­nyň ta­gam­la­ry hö­dür­le­nil­ýär, dynç alyş ýer­le­ri, sau­na, ham­mam, gö­zel­lik sa­lo­ny bar. 

Ga­ýa gör­nüş­li bas­gan­çak­lar bi­len be­ze­len açyk ak­wa­par­kyň gö­zel keş­bi gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýar, dynç al­ýan­lar üçin dür­li ýer­ler­de ke­nar sa­ýa­wan­la­ry hem-de te­lär­ler otur­dy­lyp­dyr, oý­na­mak we su­wa düş­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Üs­ti ýa­pyk gör­nüş­li ak­wa­park­da bol­şy ýa­ly, bu ýer­dä­ki att­rak­sion ho­wuz­la­ry, be­lent­lik­den bö­kül­ýän ho­wuz, suw to­py spor­ty bi­len meş­gul­lan­mak üçin ho­wuz, eme­li tol­kun­ly ho­wuz­lar haý­ran gal­dyr­ýar. 

Şeý­le hem uzyn­ly­gy 800 metr­den gow­rak bo­lan eme­li der­ýa bel­lär­lik­li­dir, ol ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Onuň ýe­ne-de bir aý­ra­tyn­ly­gy sy­ýa­hat­çy­lar­da şol bir­wag­tyň özün­de dag­lar­da hem-de deň­ziň ke­na­ryn­da dynç al­ýan ýa­ly duý­gy­ny dö­red­ýän­li­gi­dir. Ga­ýyk­da ýüz­ýän­ler üçin ýö­ri­te go­wak­lar­da du­ral­ga we na­har­ha­na göz öňün­de tu­tul­dy. 

Suw pür­kü­ji en­jam­lar, dür­li reňk­li suw de­pe­jik­le­ri we beý­le­ki oýun en­jam­la­ry kör­pe­le­riň dynç al­şy­ny tä­sir­li duý­gu­la­ra bes­lär. Bu­la­ryň hem­me­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­tan — bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň, iň ar­zy­ly is­leg­le­riň ha­syl bol­ýan ýur­dy” di­ýen söz­le­ri­niň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Kä­bir suw att­rak­sion­la­ryn­da gur­na­lan, ýel ber­len ga­ýy­jyk­lar, maş­ga­la ýa-da köp­çü­lik bo­lup typ­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Des­ga­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän äh­li ho­wuz­lar süz­güç­ler ar­ka­ly aras­sa­la­nyl­ýar. Şeý­le hem de­ňiz su­wu­ny süý­jet­mek üçin ýö­ri­te en­ja­myň peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň top­lu­myň ho­wuz­la­ry­ny aras­sa suw bi­len üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. 

“Go­wak­ly” at­ly ka­fe ak­wa­par­kyň ýe­ne bir aja­ýyp­ly­gy­dyr. Onuň bi­na­gär­lik gör­nü­şi ga­dy­my dag go­wak­la­ry­ny we ker­wen­sa­ra­ýy ýat­lad­ýar. “Ada­jyk” ka­fe­si öz ady­na la­ýyk­lyk­da daş tö­we­re­gi suw bi­len gur­şa­lan ada­ny ýa­da sal­ýar. “Çeş­me” ka­fe­si bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy we be­ze­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň çä­gin­de ýer­le­şen eme­li köl bu des­ga aý­ra­tyn öwüş­gin ber­ýär, kö­lüň ke­na­ryn­da ça­dy­ryň kö­le­ge­sin­de çeş­mä­niň şy­gyr­dy­sy­na diň sa­lyp, dynç al­mak aý­ra­tyn tä­sir gal­dyr­ýar. 

“Kör­pe­jik” ka­fe­si­niň tö­we­re­gin­de ça­ga­la­ryň oý­na­ma­gy üçin oý­na­waç­la­ryň köp gör­nüş­le­ri bar. “Kö­pet­dag” ka­fe­si myh­man­la­ry­ny eme­li dag­la­ryň ara­syn­da gar­şy­la­ýar, bu dag­la­ra ge­ze­len­je hem gi­dip bol­ýar. “Ýel­ken” ka­fe­si bol­sa eme­li kö­lüň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýär. 

Dynç al­ýan­la­ryň äh­li ha­sap­la­şyk­la­ry ele da­kyl­ýan ýö­ri­te çip­li bi­le­zik­ler ar­ka­ly ge­çi­rip bil­me­gi top­lu­myň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Bu bol­sa des­ga­da ýo­ka­ry in­no­wa­si­ýa en­jam­la­ry­nyň peý­da­la­ny­lyp, dynç al­ýan­lar üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. 

Top­lu­myň çä­gin­de bi­na edi­len iki gat­ly söw­da mer­ke­zi ak­wa­par­ka gel­ýän­ler üçin hem, Awa­za­da dynç al­ýan­la­ryň äh­li­si üçin hem aň­ry­baş amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Des­ga­nyň çä­gin­de gi­je-gün­diz iş­le­ýän söw­da dü­ka­ny hem-de ka­fe ýer­leş­ýär, top­lu­myň es­ka­la­tor­lar we lift­ler bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy ila­ty­myz üçin dö­re­dil­ýän ýo­ka­ry de­re­je­li amat­lyk­la­ryň gör­ke­zi­ji­si­dir. 

Top­lu­myň dü­zü­mi­ne gir­ýän myh­man­ha­na­da iki otag­ly otag­lar göz öňün­de tu­tul­dy. Şon­da maş­ga­la bo­lup we dost­la­ryň ara­syn­da wag­ty gy­zyk­ly ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. 

Bu ýer­de kon­sert­le­ri we baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­la­ry­ny gu­ra­mak üçin 1640 orun­lyk am­fi­teatr bar, ol hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry, şol san­da dün­ýä de­re­je­li yşyk­lan­dy­ryş en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­lip, me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri hem-de to­ma­şa­çy­lar üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir. 

Onuň sah­na­syn­da açy­lyş da­ba­ra­sy­na ba­gyş­la­nan il­kin­ji kon­sert bol­dy. Ýur­du­my­zyň bel­li aý­dym­çy­la­ry­nyň hem-de tans to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan saz­ly şü­we­leň dö­re­di­ji­lik-et­nog­ra­fi­ýa ala­mat­la­ry bo­lan aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry, est­ra­da aý­dym­la­ry­ny hem-de mil­li nus­ga­wy aý­dym­la­ryň hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri­ni öz içi­ne al­dy. 

Her bir ar­tist kon­sert mak­sat­na­ma­sy­na gaý­ta­lan­ma­jak aý­ra­tyn­ly­gy­ny goş­dy, to­ma­şa­çy­lar ola­ry şa­dy­ýan gol­dap, el­çar­pyş­ma­la­ry bi­len saz­laş­ma­ny eme­le ge­tir­di­ler, olar aja­ýyp aý­dym-saz­la­ryň he­ňi­ne ben­di bol­du­lar. 

Öz dö­re­di­ji­li­gi bi­len çy­kyş eden­ler wa­tan­daş­la­ry­my­zyň adyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýur­du­myz­da be­ýik öz­gert­me­le­riň ýaý­baň­lan­dy­ry­lan aja­ýyp döw­rün­de ýa­şa­mak bag­ty üçin çuň­ňur ho­şal­lyk bil­dir­di­ler hem-de berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk we tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler. 

Er­te­ki­ler dün­ýä­si­ni ýa­da sal­ýan “Awa­za” ak­wa­par­ky dynç al­ma­ga gel­ýän­le­ri gu­jak açyp gar­şy­la­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öz­le­ri­ne bil­dir­ýän yna­my­ny öde­me­gi baş mak­sat edi­nen türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň söý­gi­si, mä­hir-yh­la­sy, zäh­met­sö­ýer­li­gi bi­len dö­re­di­len top­lu­myň her bir des­ga­sy mil­li bi­na­gär­lik öwüş­gi­ni­ni özün­de jem­le­ýär. 

“Awa­za” ak­wa­par­ky­nyň di­ňe bir ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den äh­li ýaş­da­ky adam­la­ryň däl-de, da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň hem iň köp gel­ýän kün­je­gi­ne öw­rül­jek­di­gi şüb­he­siz­dir, olar bu ýer­de öz wag­ty­ny gy­zyk­ly we sag­lyk üçin peý­da­ly ge­çi­rip bi­ler­ler, bu bol­sa, öz no­ba­tyn­da, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň mun­dan beý­läk-de be­len­de gal­ma­gy­na ýar­dam be­rer. 

Biz is­len­dik sep­git­le­riň höt­de­sin­den gel­me­gi ba­şar­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­mek we gol­da­mak üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip, wa­tan­daş­la­ry­my­zy ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­ma­ga hem-de mö­hüm döw­let çöz­güt­le­ri­ni ka­bul et­mä­ge ça­gyr­ýar. Mu­nuň üçin “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy aja­ýyp nus­ga bo­lup dur­ýar. 

To­mus möw­sü­min­de açy­lan des­ga­lar Awa­za­da dynç al­ýan­la­ryň müň­ler­çe­si­ne aja­ýyp sow­gat bol­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, dynç alyş zo­la­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek — bu di­ňe myh­man­ha­na­lar ul­ga­my­ny gi­ňelt­mek däl-de, eý­sem, amat­lyk­la­ryň, sa­gal­dyş hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li de­re­je­si­dir. Mu­nuň özi dynç al­ma­gyň döw­re­bap ul­ga­my­na, adam sag­ly­gy­ny, onuň be­den, aň-paý­has hem-de ru­hy güý­jü­ni di­kelt­me­giň aja­ýyp şert­le­ri­ne eýe bo­lan ül­kä­niň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­niň we se­riş­de­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­sy­na tä­ze­çe çe­me­leş­me­dir. 

Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn üp­jün et­me­gi ugur edin­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lan, bu aja­ýyp tas­la­ma Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­la­ýan we yzy­gi­der­li ýö­red­ýän de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk öz­gert­me­le­ri­niň anyk ny­şa­ny bo­lup dur­ýar. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň—Mer­ke­zi Azi­ýa­da iri kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň hem-de ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy­na şo­la­ryň äh­li mö­hüm tap­gyr­la­ryn­da, şol san­da des­ga­lar gur­lan­da we en­jam­laş­dy­ry­lan­da hut özi gö­zeg­çi­lik ed­ýär. 

Ge­çen ýy­lyň ba­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Le­bap we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da Türk­me­na­bat­da şol kö­pu­gur­ly luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy bi­len ta­nyş­dy. Mil­li Li­de­ri­miz has­sa­ha­na­nyň çäk­le­ri­ni syn­lap, bu öz­bo­luş­ly eda­ra­nyň di­ňe tu­tuş ýur­du­myz­dan däl-de, eý­sem, da­şa­ry döw­let­ler­den, oza­ly bi­len, goň­şy ýurt­lar­dan, şol san­da Ow­ga­nys­tan­dan nä­sag­la­ry ka­bul et­mä­ge-de müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. 

Asyr­lar­bo­ýy türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan be­lent yn­san­per­wer gym­mat­lyk­la­ry­na eýe bo­lan ýur­du­myz Ow­ga­nys­ta­na yn­san­per­wer kö­me­gi­ni yzy­gi­der­li ug­rad­ýar, onuň dur­muş-yk­dy­sa­dy dü­zü­mi­ni di­kelt­mä­ge uly gol­daw ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len türk­men ta­ra­py­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Ow­ga­nys­tan­da mek­dep, sag­lyk öýi hem-de ça­ga dog­rul­ýan öý gur­lup, ýer­li sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­mak üçin oňa luk­man­la­ryň we şe­pa­gat uýa­la­ry­nyň to­pa­ry, luk­man­çy­lyk hem-de beý­le­ki ze­rur bo­lan se­riş­de­ler ug­ra­dyl­dy. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan goň­şy ýurt­da bä­bek­ha­na gur­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, onuň iş­le­me­gi­ni hem öz ho­wan­dar­ly­gy­na al­dy. 

Mun­dan baş­ga-da, döw­le­ta­ra yla­la­şyk­la­ry­nyň esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň okuw mek­dep­le­rin­de ow­gan ta­lyp­la­ry­nyň on­lar­ça­sy bi­lim al­ýar. Olar dür­li hü­när­le­re eýe bol­ýar­lar. 

Hä­zir türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy ýe­ňil­lik­li şert­ler­de Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň de­mir­ga­zyk we­la­ýat­la­ry­na ibe­ril­ýär. Goş­ma­ça ener­gi­ýa kuw­wat­lyk­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy bi­len bol­sa ýur­du­myz Ow­ga­nys­ta­na ibe­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry­ny ep-es­li art­dyr­ma­ga taý­ýar­dyr. 

Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu giň ge­rim­li tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy ow­gan yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mä­ge, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge, ile­ri tu­tul­ýan dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge gös-gö­ni ýar­dam eder. 

Şu ýy­lyň few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň, Pa­kis­ta­nyň we Hin­dis­ta­nyň ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ow­gan bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan ug­ry bo­ýun­ça elekt­rik ge­çi­ri­ji hem-de op­ti­ka sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryň düý­bi tu­tul­dy. Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na tä­ze de­mir ýo­lu­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. 

Mah­la­sy, türk­men hal­ky hoş­ni­ýet­li goň­şy hök­mün­de do­gan­lyk ow­gan hal­ky­nyň kyn­çy­lyk­la­ry­na raý­daş­lyk bil­dir­ýär hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy ga­zan­mak­da onuň ta­gal­la­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­syn­da da­şa­ry ýurt­ly nä­sag­la­ryň gel­me­gi, şeý­le hem has­sa­ha­na­ny yl­my-usu­ly­ýet we iş­gär­ler bi­len üp­jün et­mek bi­len bag­ly gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri çö­zül­di. Luk­man­çy­lyk mer­ke­zin­de iş­le­mek üçin ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­ler çe­ki­ler, şu mak­sat bi­len paý­tag­ty­myz­da­ky we da­şa­ry ýurt­lar­da­ky ugur­daş has­sa­ha­na­lar bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­lar ýo­la goý­lar. 

Has­sa­ha­na­nyň go­la­ýyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri üçin döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my bi­na edil­di, onuň gur­lu­şy­gy­na 2016-njy ýy­lyň iýu­lyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Top­lum 3 we 4 otag­ly öý­le­ri, oňat en­jam­laş­dy­ry­lan aş­ha­na­la­ry, eý­wan­la­ry bo­lan ýo­ka­ry amat­lyk­ly 4 gat­ly jaý­la­ryň 6-sy­ny öz içi­ne al­ýar. Umu­man, ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my 200-e go­laý maş­ga­la­nyň ýa­şa­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen­dir. 

Gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­ni “Al­tyn bür­güt” we “Ga­dy­my na­gyş” hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri ama­la aşyr­dy­lar. Gur­luş­lar we se­riş­de­ler bi­len Türk­me­na­ba­dyň “De­mir­be­to­nö­nüm­le­ri” önüm­çi­lik bir­le­şi­gi üp­jün et­di. 

Ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň çäk­le­ri aja­ýyp aba­dan­laş­dy­ry­lyp, bu ýer­de dynç alyş zo­lak­la­ry, ça­ga­lar oýun we sport meý­dan­ça­la­ry gu­rul­dy, agaç na­hal­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si otur­dyl­dy. Şo­lar owa­dan çy­ra­lar, ýo­da­lar, otur­gyç­lar bi­len bi­le­lik­de, aja­ýyp se­ýil­gäh zo­la­gy­ny eme­le ge­tir­ýär. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş şä­her­çe­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy uly baý­ram­çy­ly­ga öw­rü­lip, oňa şä­her we we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri, Türk­me­na­ba­dyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry, köp­san­ly ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy­lar. Ho­wa şar­la­ry we dür­li reňk­li toý bag­la­ry, çar­çu­wa­ly şy­gar­lar bi­len be­ze­len be­je­riş bi­na­la­ry­nyň ýa­nyn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zy hem-de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň aja­ýyp öz­gert­me­le­ri­ni wasp ed­ýän aý­dym­lar we saz­lar ýaň­la­nyp, dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry joş­gun­ly tans­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. 

Döw­re­bap luk­man­çy­lyk top­lu­my 50 müň ine­dör­dül met­re go­laý ýa-da 8 gek­tar meý­da­ny eýe­läp, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Ir­lan­di­ýa­nyň, Şweý­sa­ri­ýa­nyň, Fran­si­ýa­nyň, ABŞ-nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ry­nyň luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny we ýo­kanç ke­sel­le­ri has­sa­ha­na­sy­ny, luk­man­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Bu iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy — “NA­HAL” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­dy. 

676 orun­lyk 5 gat­ly baş bi­na­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek, anes­te­zio­lo­gi­ýa-rea­ni­ma­si­ýa, an­giog­ra­fi­ýa, pul­mo­no­lo­gi­ýa, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, fi­zio­te­ra­pi­ýa, ge­mo­dia­liz, rent­ge­no­lo­gi­ýa, of­tal­mo­lo­gi­ýa, hi­rur­gi­ýa, kar­dio­lo­gi­ýa, oto­ri­no­la­rin­go­lo­gi­ýa, nef­ro­ge­ma­to­lo­gi­ýa, neý­ro­hi­rur­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa, mer­ke­zi we pe­ri­fe­ri­ki nerw ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri, oňur­ga pa­to­lo­gi­ýa­sy, rew­ma­to­lo­gi­ýa, tok­si­ko­lo­gi­ýa, traw­mo­to­lo­gi­ýa hem-de or­to­pe­di­ýa, uro­lo­gi­ýa, traw­mo­to­lo­gi­ýa bö­lü­mi, gan ban­ky, bar­lag­ha­na we beý­le­ki­ler bar. 

Gi­je-gün­diz iş­le­ýän gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek bö­lü­min­de syr­kaw­la­ry bar­la­mak üçin otag­lar, ke­se­li des­sin we ta­kyk anyk­la­mak, has­sa­la­ra kar­dio­lo­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa, pul­mo­no­lo­gi­ýa, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, hi­rur­gi­ýa ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça il­kin­ji luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin otag­lar bar. 

Bu ýer­de ulan­mak üçin yk­jam, yg­ty­bar­ly we amat­ly rea­ni­ma­si­ýa hem-de anyk­la­ýyş en­jam­la­ry otur­dyl­dy. Luk­man­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da “Ni­hon Koh­den Eu­ro­pe GmbH” yk­jam de­fib­rill­ýa­tor, “Oxylog 2000 Plus” ky­sym­ly göç­me eme­li dem alyş en­ja­my we beý­le­ki teh­ni­ka­lar bar. Şeý­le hem “Tiz kö­mek” gul­lu­gy bi­len has­sa­ha­na ge­ti­ri­len örän agyr ýag­daý­da­ky adam­lar üçin tiz be­je­riş ýö­ri­te otag­lar göz öňün­de tu­tul­dy. 

Traw­mo­to­lo­gi­ýa bö­lü­mi­niň ope­ra­si­ýa ota­gy hem tä­ze döw­re­bap luk­man­çy­lyk ab­zal­la­ry, ýag­ny “Dra­ger” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Ger­ma­ni­ýa) “Fa­bius Ti­ro” nar­koz be­ri­ji en­jam­la­ry, kö­pu­gur­ly ope­ra­si­ýa sto­ly bi­len üp­jün edil­di. Has­sa­ha­na­da syr­kaw­la­ry ha­sa­ba al­ma­gyň elekt­ron ul­ga­my or­naş­dy­ryl­dy. Has­sa­lar ke­sel­le­ri­ne bag­ly­lyk­da, ze­rur hü­när­me­niň ýa­ny­na hem-de gün­diz­ki be­jer­gi­ler üçin de­giş­li bö­lü­me ug­ra­dyl­ýar. 

Has­sa­ha­na­nyň rent­ge­no­lo­gi­ýa bö­lü­min­de otur­dy­lan öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar, şol san­da dün­ýä bel­li “Tos­hi­ba” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ön­dür­ýän “Agui­lion ONE Vizion” komp­ýu­ter to­mog­ra­fy ke­sel­le­ri ta­kyk anyk­la­ma­ga ýar­dam eder, ol 4D gör­nüş­dä­ki su­ra­ty al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

“Mag­ne­tom Es­sen­za Sie­mens” mag­nit­li re­zo­nans ul­ga­my­nyň kö­me­gi bi­len ke­sel­le­riň bir­nä­çe­si­ni ýü­ze çy­kar­mak bol­ýar. Olar dür­li so­wuk­la­ma hem-de çiş­ler, gan-da­mar we nerw ul­gam­la­ry­nyň, oňur­ga hem-de bo­gun­la­ryň ke­sel­le­ri we beý­le­ki­ler­dir. Bu usul köp­lenç ýag­daý­da ke­se­li di­ňe ir­ki döw­rün­de ýü­ze çy­kar­ma­ga däl-de, eý­sem, onuň ge­lip çy­ky­şy­ny kes­git­le­mä­ge, öz wag­tyn­da dog­ry be­jer­gi­ni bel­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

“Sie­mens” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Lu­mi­nos Fu­sion” flýuo­ros­ko­py — bu öý­ken ke­sel­le­ri­ni anyk­la­mak üçin san­ly en­jam­dyr. Ada­ty flýu­ros­kop­lar bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, ol nä­sa­gyň be­de­ni­ne rent­gen şöh­le­len­mä­niň ýa­ra­maz tä­si­ri­ni do­ly di­ýen ýa­ly aýyr­ýar. Şeý­le hem bö­lüm­de yk­jam rent­gen ul­gam —“Mo­bi­lett Mi­ra Max Sie­mens AG, Sie­mens Healthcare GmbH” san­ly ul­gam or­naş­dy­ryl­dy, ol süňk bo­gun ul­ga­my­nyň, aş­ga­zan-içe­ge, ga­ryn boş­lu­gy we beý­le­ki ke­sel­le­ri anyk­la­mak­da mö­hüm­dir. 

Mas­la­hat be­riş we anyk­la­ýyş bö­lü­min­de nä­sag­la­ry ýo­ka­ry hü­när­li kar­dio­log luk­man­lar, rew­ma­to­log­lar, en­dok­ri­no­log­lar, psi­hiatr­lar, of­tal­mo­log­lar, aku­şer-gi­ne­ko­log­lar, oto­la­rin­go­log­lar we pe­diatr­lar ka­bul ed­ýär­ler. Bu ýer­de luk­man­çy­ly­gyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­na la­ýyk­lyk­da üp­jün edi­len bel­li bir ugur­ly anyk­la­ýyş otag­la­ry bar. 

“Tos­hi­ba Ap­lio-500” ult­ra­ses bar­lag en­ja­my otur­dyl­dy. Bu en­jam düýp­gö­ter tä­ze, döw­re­bap usu­la esas­la­nyp, kli­ni­ki taý­dan ta­kyk­ly­gy bo­ýun­ça öz­bo­luş­ly we ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki şe­kil­le­ri oňat hil­de gör­kez­mä­ge ukyp­ly­dyr. En­jam sen­sor do­lan­dy­ryş pa­ne­li­ne, ka­bul ediş-ge­çi­ri­ji ýaý­lym­la­ryň on­lar­ça mü­ňü­si­ne, dat­çik­le­riň 30-dan gow­rak gör­nü­şi­ne eýe bo­lup, ga­ryn boş­lu­gy­ny, ki­çi be­den ag­za­la­ry­ny, da­mar-ske­let ul­ga­my­ny, iý­mit ge­çi­ri­ji be­den ag­za­la­ry­ny, kar­dio­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. 

«Tos­hi­ba Ap­lio 500» UZI-ska­ne­riň kö­me­gi bi­len ýü­re­giň mor­fo­lo­gi­ýa­sy­ny we üýt­ge­me­le­ri­ni hem-de onuň kla­pan en­ja­my­nyň (EHO-KG usu­ly), şeý­le hem beý­ni­niň ult­ra­ses bar­lag­la­ry­ny, şol san­da tä­ze dog­lan ça­ga­lar­da (bir ýa­şa çen­li) ge­çir­mek müm­kin­dir. Bu anyk­la­ýyş usu­ly mag­nit-re­zo­nans to­mog­ra­fi­ýa­sy­nyň usu­ly­ny ça­lyş­dy. 

Anes­te­zio­lo­gi­ýa — rea­ni­ma­si­ýa bö­lü­mi 24 orun­dan yba­rat bo­lup, onuň esa­sy we­zi­pe­si ke­se­li agyr­la­şan nä­sag­la­ra güýç­len­di­ri­len be­jer­gi we di­kel­diş çä­re­le­ri­ni ama­la aşyr­mak­dan, hi­rur­gi­ýa ope­ra­si­ýa­la­ryn­da, anyk­la­ýyş-funk­sio­nal bar­lag­lar­da agyr­syz­lan­dyr­ma­nyň dür­li usul­la­ry­ny ula­nyp, nä­sag­la­ra ýar­dam ber­mek­den we has­sa­ha­na gys­sag­ly ge­ti­ri­len nä­sag­la­ra gaý­ra­go­ýul­ma­syz in­ten­siw luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek­den yba­rat­dyr. 

“Dra­ger” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan “In­fi­ni­ti Ome­ga” at­ly ýö­ri­te komp­ýu­ter pro­gam­ma­sy nä­sag­la­ryň ýag­da­ýy ba­ra­da­ky gör­ke­zi­ji­le­ri özün­de jem­le­ýär hem-de ola­ry ýa­zyp sak­la­ýar we ar­hiw­leş­dir­ýär. Sta­tis­ti­ka mag­lu­mat­la­ry yl­my-bar­lag­lar ge­çi­ri­len­de hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan peý­da­la­nyp bil­ner. 

Nä­sa­gyň be­den ag­za­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri “In­fi­ni­ti Del­ta” kar­dio­mo­ni­tor­la­ryň kö­me­gi bi­len anyk­lan­ýar, olar nä­sag­la­ryň ýag­da­ýy­na, ar­te­rial gan ba­sy­şy­na, dem al­şy­na, ýü­re­giň ur­şu­na ga­nyň dü­zü­min­dä­ki kis­lo­ro­dyň de­re­je­si­ne, be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na gö­zeg­çi­lik et­mä­ge ýar­dam ed­ýär. 

Bö­lüm­de otur­dy­lan “Dra­ger Sa­wi­na 300” eme­li dem alyş en­jam­lar hä­zir­ki wagt­da öň­de­ba­ry­jy we yg­ty­bar­ly en­jam­lar ha­sap­lan­ýar. Ola­ryň kö­me­gi bi­len dem alyş be­den ag­za­la­ryn­da hem-de öý­ken­ler­de ke­se­li bo­lan adam­lar­da be­je­riş ge­çi­ril­ýär. 

“TES-5631” kar­dio­de­fib­rill­ýa­to­ry nä­sa­gyň ýü­rek iş­jeň­li­gi­niň bo­zu­lan ha­la­tyn­da, arit­mi­ýa­la­ryň dür­li gör­nüş­le­rin­de gys­sag­ly gaý­ra­go­ýul­ma­syz kö­mek ber­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Güýç­li tä­sir­li der­man se­riş­de­le­ri­ni ta­kyk­la­nan muk­dar­da da­mar içi­ne goý­ber­mek üçin “In­jecto­mat MC Agi­lia” hem-de “Volu­mat MC Agi­lia” per­fu­zo­mat­la­ry ula­nyl­ýar. 

Bu­lar­dan baş­ga-da, bö­lüm­de nä­sag­lar­da goş­ma­ça bar­lag ge­çir­mek hem-de be­je­riş ma­ha­ly ke­se­li anyk­la­mak, şol san­da hä­zi­re çen­li bar bo­lan en­jam­la­ryň ara­syn­da has kä­mil ha­sap­lan­ýan “Ap­lio 500 TUS-A500/WA” ult­ra­ses en­jam­la­ry, “Mo­bi­let Mi­ra Max” yk­jam rent­gen en­ja­my bo­lup, ol agyr ýag­daý­da ýa­tan ýa-da he­re­ke­ti çäk­len­di­ri­len nä­sag­lar­da rent­ge­nog­ra­fi­ýa bar­la­gy­ny ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. 

Iş orun­la­ry­nyň aw­to­mat­laş­dy­ryl­ma­gy­na hem-de ope­ra­si­ýa­la­ryň ge­çi­ril­ýän ma­ha­ly hi­rurg­la­ryň we anes­te­zio­log­la­ryň luk­man­çy­lyk gu­ral­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Nar­koz üçin “Dra­ger” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Fa­bius Plus XL” we “Fa­bius Ti­ro” en­jam­la­ry hä­zir­ki za­man anes­te­zi­ýa we öý­ke­ni eme­li ýag­daý­da ho­wa­lan­dyr­mak usul­la­ry­ny ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýö­ri­te ma­ni­to­ryň en­ja­my­na bi­rik­di­ri­len ek­ran­da gra­fi­ki tab­li­sa gör­nü­şin­de gan ba­sy­şy, ga­nyň dü­zü­min­de kis­lo­ro­dyň möç­be­ri, nä­sa­gyň ýü­rek ur­şu­nyň ýy­gy­ly­gy, kö­mür­tur­şy ga­zy, azo­dyň we nä­sa­gyň anes­te­zi­ýa wag­tyn­da dem alan­da ho­wa­nyň anes­te­ti­ki de­re­je­si ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar peý­da bol­ýar. Bu mag­lu­mat­lar kar­dio­hi­rur­ga, anes­te­zio­lo­ga we beý­le­ki hü­när­men­le­re nä­sa­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Ga­ny ýyg­na­mak, aras­sa­la­mak we guý­mak üçin “Fre­se­nius Ka­bi” ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “CATS Plus” en­ja­my, ga­ny, onuň dü­züm­le­ri­niň, şeý­le hem in­fu­zion er­gin­le­ri nä­sa­gyň be­de­ni­ne goý­ber­mez­den ozal doň ýag­daý­dan eret­mek hem-de gyz­dyr­mak üçin ýö­ri­te en­jam­lar — “Bar­key S-li­ne” we “SA­HA­RA-III” göz öňün­de tu­tu­lan­dyr, olar iç­ki gan ur­ma­la­ry tiz sak­la­mak üçin ze­rur­dyr. 

An­giog­ra­fi­ýa-has­sa­ha­na­nyň işi­niň ýe­ne-de bir ug­ry. Bö­lüm­de “Tos­hi­ba” ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan “In­fi­nix VF-i” an­giog­ra­fi otur­dy­lyp, ol anyk­la­ýyş­da, şeý­le hem ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri­ni ir­ki wagt­da be­jer­mek­de, çyl­şy­rym­laş­ma­la­ryň öňü­ni al­mak­da, da­mar­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni di­kelt­mek­de ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 

Kö­pu­gyr­ly bar­lag­ha­na kli­ni­ka-bio­hi­mi­ýa, si­to­lo­gi­ýa, bak­te­rio­lo­gi­ýa we beý­le­ki bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen en­jam­lar bi­len üp­jün edi­lip, olar “Eli­TechGroup”, “Fre­se­nius Ka­bi De­uschland”, “Glas­wa-ren­fab­rik ka­ri Hecht”, “Ho­ri­ba ABX SAS”, “SIE­MENS”, “Tcoag Ire­land Li­me­ted” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ge­ti­ren en­jam­la­ry­dyr. 

Hu­su­san-da, olar «VIDAS PC» aý­ra­tyn komp­ýu­ter­li aw­to­ma­ti­ki im­mu­noa­na­li­za­tor, “ABX Mik­ro­sES60” ky­sym­ly ge­ma­to­lo­gi­ki ana­li­za­tor bo­lup, ol 18 öl­çeg bo­ýun­ça ga­nyň sel­jer­me­si­ni ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr, 4 tol­kun­ly me­ha­ni­ki ana­li­za­tor-“KC-4 Del­ta” koa­gu­lo­met­ri bo­lup, onuň kö­me­gi bi­len ga­nyň go­ýal­ma­gy­nyň sel­jer­me­le­ri ge­çi­ril­ýär, “Mik­ro­lab300” bio­hi­mi­ýa ana­li­za­to­ry we beý­le­ki­ler­dir. 

Bu en­jam­lar ga­nyň dür­li ke­sel­le­ri — leý­koz, ge­mo­fi­li­ýa, Werl­go­fyň ke­sel­le­ri, şeý­le hem os­teo­po­roz, epi­lep­si­ýa, şeý­le hem az gan­ly­ly­gyň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar­la­nan­da ula­nyl­ýar. Bar­lag­ha­na­da ula­nyl­ýan im­mu­no­lo­gi­ýa ana­li­za­tor­la­ry gal­kan gör­nüş­li mä­ziň gor­mon­la­ry­na sel­jer­me ge­çi­ri­len­de, şeý­le hem wi­rus­la­ryň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar­la­nan­da ýa­kyn­dan ýar­dam ed­ýär. Bio­hi­mi­ýa ana­li­za­tor­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len ba­gyr, böw­rek, aş­ga­za­nas­ty mäz ke­sel­le­ri kes­git­le­nil­ýär. 

Fi­zio­te­ra­pew­ti­ki bö­lü­miň en­jam­la­ry amat­ly se­çi­lip al­nyp­dyr. Hu­su­san-da, bu ýer­de elekt­ro we mag­ni­to te­ra­pi­ýa­sy, la­zer, ult­ra­me­lew­şe we ult­ra­ses te­ra­pi­ýa­sy üçin ab­zal­lar bar. Pa­ra­fin we ozo­ke­rit app­li­ka­si­ýa­la­ry, ref­lek­so­te­ra­pi­ýa, ow­ka­la­mak ula­ny­lar, dem alyş ýol­la­ry ke­sel­li nä­sag­lar üçin bol­sa, dür­li der­man­lyk se­riş­de­le­ri­niň in­gal­ýa­si­ýa­sy ula­ny­lar. 

Ýo­ka­ry ba­syş­ly kis­lo­rod ka­me­ra­sy ýü­rek-da­mar we en­dok­rin ul­gam­la­ry­nyň, dem alyş we iý­mit siň­di­riş ag­za­la­ry­nyň ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek üçin ula­nyl­ýar. Ol mad­da­la­ryň alyş­ma­gy­ny hem-de da­mar­lar­da gan aý­la­ny­şy­ny, de­zin­tok­si­ka­si­ýa­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär, tro­fi­ki ýa­ra­la­ryň bit­me­gi­ni hem-de ope­ra­si­ýa­dan soň­ky ýa­ra­la­ryň bit­me­gi­ni, şeý­le hem dö­wük-ýen­jik­ler­den we şi­kes­ler­den soň, süňk­le­riň re­ge­ne­rir­le­me­gi­ni çalt­lan­dyr­ýar, do­ku­ma­lar­da çiş­le­riň azal­ma­gy­na we öý­jük­le­riň tä­ze­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. 

Gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa bö­lü­min­de nä­sag­la­ryň 30-sy bir wagt­da be­jer­gi alyp bi­ler. Bu ýer­de döw­re­bap en­jam­la­ry peý­da­lan­mak bi­len ir­ki anyk­la­ýyş hem-de aş­ga­zan-içe­ge we ba­gyr ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Luk­man­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da sen­sor ek­ran­ly aw­to­ma­ti­ki 3 tol­kun­ly «CAR­DIOVIT MS-2010 Schil­le­rAG» elekt­ro­kar­diog­ra­fy bar. Bu plan­şet yk­jam EKG en­ja­my ýo­ka­ry ba­syş şert­le­rin­de iş­le­mek üçin ni­ýet­le­nip, esa­san nä­sa­gyň sag­lyk ýag­da­ýy­na gi­je-gün­diz gö­zeg­çi­lik et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. 

Fi­to­te­ra­pi­ýa bur­çun­da der­man­lyk ösüm­lik­le­rin­den dür­li mel­hem­lik çaý­la­ry we beý­le­ki dä­ri-der­man­lar taý­ýar­la­nar. 

Ge­mo­dia­liz bö­lü­min­de us­sat hü­när­men­ler iş­le­ýär. Onuň tap­gy­ry­ny ge­çir­mek üçin “Fre­se­nius FMC” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Ger­ma­ni­ýa) “eme­li böw­rek” “5008S” ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­ja­my ula­ny­lar. Hä­zir ol ýi­ti we ötü­şen böw­rek ýet­mez­çi­li­gi ke­se­li­ni be­jer­mek, ga­ny tok­sin­ler­den we zy­ýan­ly ga­lyn­dy­lar­dan aras­sa­la­mak üçin has ne­ti­je­li usul­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. 

Tok­si­ko­lo­gi­ýa bö­lü­mi öz no­ba­tyn­da “Mul­ti­filt­ra­te” en­jam­la­ry­nyň iki­si bi­len üp­jün edi­lip, ola­ryň kö­me­gi bi­len nä­sag­la­ra hi­mi­ki mad­da­lar, der­man se­riş­de­le­ri, kö­me­lek­ler bi­len zä­her­len­me­ler­de, ýy­lan we mör-mö­jek­ler ça­kan­da, iý­mi­te bo­lan al­ler­gi­ýa reak­si­ýa­la­ryn­da we dür­li in­tok­si­ka­si­ýa bi­len eme­le ge­len beý­le­ki ýi­ti ke­sel­ler­de gaý­ra­go­ýul­ma­syz luk­man­çy­lyk kö­me­gi ber­ler.

Mer­ke­ziň beý­le­ki bö­lüm­le­ri, şol san­da of­tal­mo­lo­gi­ýa bö­lü­mi hem sag­lyk üçin pes tö­wek­gel­çi­lik­li kyn ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mä­ge, döw­re­bap hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän in­no­wa­sion üp­jün­çi­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň dü­zü­min­de sta­sio­nar bo­lup, ol te­ra­pew­ti­ki of­tal­mo­lo­gi­ýa üçin ni­ýet­le­nen­dir. Luk­man­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da döw­re­bap komp­ýu­ter­leş­di­ri­len ab­zal­lar bo­lup, olar gaş­la­ryň, ýaş çy­ka­ry­jy ýol­la­ryň, gö­züň gö­re­ji­niň we düý­bü­niň ke­sel­le­ri­ni anyk­la­mak we be­jer­mek üçin ula­nyl­ýar. 

«QUAN­TEL ME­DICAL» fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Aviso» UZI en­ja­my, «HEI­DEL­BERG» ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Spectra­lis OCT» to­mog­ra­fy gö­züň bar­da­sy­nyň, onuň da­mar­la­ry­nyň ke­sel­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Döw­re­bap komp­ýu­ter we la­zer teh­no­lo­gi­ýa­la­ry nä­sag­la­ryň ozal umyt­syz ha­sap­la­nan göz­le­ri­ni sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu usul göz­le­riň da­mar, so­wuk­la­ma­sy­ny we çiş­me­si­ni anyk­la­mak üçin örän äh­mi­ýet­li­dir. 

Mik­ro­hi­rur­gi­ýa of­tal­mo­lo­gi­ýa­sy­nyň ope­ra­si­ýa bö­lü­mi iki ota­gy öz içi­ne al­ýar: ola­ryň bi­ri la­zer be­jer­gi­le­ri, beý­le­ki­si göz­ler­de çyl­şy­rym­ly ope­ra­si­ýa­la­ry et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­de«ТAKA GI Sei­ko» mik­ros­kop­la­ry, «QERT­LI» fa­koe­mul­si­fi­ka­tor­la­ry we wit­reo­tom­la­ry, «QUAN­TEL ME­DICAL» we «EXEL­SIUS ME­DICAL» la­zer en­jam­la­ry bo­lup, olar göz ümez­len­me­si­ni aýyr­mak, lin­za­la­ry goý­mak, gö­re­jiň la­zer kor­rek­si­ýa­sy­ny ge­çir­mek, göz­le­re ga­ra suw in­me­si­ni, göz ça­şy­ly­gy­ny, ýa­kyn­dan we uzak­dan gör­mez­li­gi we beý­le­ki ke­sel­le­ri ne­ti­je­li be­jer­mek bo­ýun­ça ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Bu­lar­dan baş­ga-da, mer­kez­de fi­zio­te­ra­pew­ti­ki of­tal­mo­lo­gi­ýa­sy ota­gy he­re­ket ed­ýär, bu ýer­de “LAST” we “LOT” ge­liý-ne­on la­ze­ri, la­zer sti­mul­ýa­tor­la­ry, “KROT” elekt­ros­ti­mul­ýa­to­ry, mag­ni­to­te­ra­pi­ýa­sy üçin “AMOA­TOS” we “Amb­li­kor” en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. 

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­syn­da hi­rur­gi­ýa bö­lüm­le­ri­ni üçü­si göz öňün­de tu­tul­dy. Ola­ryň her bi­rin­de aý­ra­tyn ope­ra­si­ýa za­ly bar. Mun­dan baş­ga-da, ki­çi ope­ra­si­ýa, funk­sio­nal bar­lag we anyk­la­ýyş otag­la­ry bar. Otag­lar­da elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bo­lan “LI­NET” kö­pu­gur­ly kro­wat­la­ry go­ýul­dy, olar mer­kez­leş­di­ri­len ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry hem-de kis­lo­rod ge­çi­ri­ji ul­gam­lar bi­len üp­jün edil­di. 

In­farkt bö­lü­min­de ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri­ne, hu­su­san-da, işe­mi­ýa, gi­per­to­ni­ýa, kar­dio­mio­pa­ti­ýa, mio­kar­dit ýa­ly ke­sel­le­re se­ze­war bo­lan nä­sag­lar tiz we ta­kyk anyk­la­ma­ny, ne­ti­je­li be­jer­gi­ni hem-de luk­man­la­ryň, şe­pa­gat uýa­la­ry­nyň we en­jam­la­ryň gö­zeg­çi­li­gin­de di­kel­diş ide­gi­ni alyp bi­ler­ler. Hü­när­men­ler nä­sag­la­ryň an­giog­ra­fi­ýa bar­la­gy­ny ge­çi­rip, ola­ry do­ga ýü­rek ke­sel­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­rin­de açyk we en­do­was­kul­ýar usul­la­ry bi­len des­sin be­jer­gä, şeý­le hem ýü­re­gi iý­mit­len­di­ri­ji da­mar­la­ry, aor­to iý­mit­len­di­ri­ji da­mar­la­ry şun­tir­le­me usul­la­ry bi­len be­jer­gä ug­rad­ýar­lar. 

Oto­ri­no­la­rin­go­lo­gi­ýa we äň-ýüz hi­rur­gi­ýa­sy bö­lü­min­de gu­lak, bo­kur­dak we bu­run ke­sel­le­ri bi­len bag­ly ope­ra­si­ýa­lar, şol san­da po­lip­le­ri aýyr­mak, dem al­şy we eşi­di­şi di­kelt­mek, so­wuk­la­ma we wi­rus ke­sel­le­rin­den, gaý­mo­ro­to­mi­ýa, bu­run kent­le­wü­gi­ni dog­ru­la­mak, ýü­züň süňk­le­ri, aşa­ky äň döw­len­de, şeý­le hem bur­nuň plas­ti­ka­sy, tra­heos­to­mi­ýa, bo­kur­dak­da pa­pil­lom­la­ry la­zer bi­len aýyr­mak ýa­ly ope­ra­si­ýa­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şun­da döw­re­bap gu­ral­lar we en­jam­lar, şol san­da gu­lak, bu­run, bo­kur­dak ke­sel­le­ri­ni anyk­la­mak­da we be­jer­mek­de tä­ze en­jam­la­ryň bi­ri — “Otop­ront” wi­deoen­dos­ko­py ula­nyl­ýar. 

Ope­ra­si­ýa­lar bö­lü­min­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly “Cob­la­tor II” elekt­ro­hi­rur­gi­ýa en­ja­my or­naş­dy­ryl­dy. Ol “Arth­ro Care” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (ABŞ) önü­mi bo­lup, onuň kö­me­gi bi­len ba­dam şe­kil­li mäz­le­ri gan çy­kar­maz­dan aýyr­mak müm­kin bo­lar. Bu usul so­wuk plaz­ma­nyň ula­nyl­ma­gy­na esas­la­nyp, nä­sa­gyň te­ni­ni ope­ra­si­ýa­dan soň, gys­ga möh­let­de bi­tiş­me­gi we agyr­syz kes­mä­ge ýa-da aýyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. So­wuk plaz­ma­ly hi­rur­gi­ýa LOR-da — ABŞ-nyň, Ýew­ro­pa­nyň we Rus­si­ýa­nyň has­sa­ha­na­la­ryn­da üs­tün­lik­li ula­nyl­ýar. 

Nef­ro­ge­ma­to­lo­gi­ýa bö­lü­mi­niň sta­sio­na­ryn­da he­re­ket ed­ýän kro­wat­la­ry, so­wa­dy­jy­la­ry we te­le­wi­zor­la­ry bo­lan iki orun­lyk otag­lar­dyr. Bu ýer­de böw­re­giň ýi­ti we ötü­şen ke­sel­le­ri­ni, şeý­le hem ane­mi­ýa, ge­ma­fi­li­ýa, gan da­mar­la­ry­ny be­jer­mek iş­le­ri ama­la aşy­ry­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, luk­man­çy­ly­gyň bu ul­ga­myn­da yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. 

Kel­le we bo­ýu­no­ňur­ga şi­kes­le­ri­ni we çiş­le­ri­ni, os­teo­hond­roz­la­ry, neý­ro­pa­ti­ýa, sko­lioz, ki­fos ke­sel­le­ri­ni kes­git­le­mek, oňur­gaa­ra disk­le­rin­de ope­ra­si­ýa­la­ry ge­çir­mek we beý­le­ki­ler neý­ro­hi­rur­gi­ýa bö­lü­mi­niň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. 

Bu­lar­dan baş­ga-da, has­sa­ha­na­da oňur­ga­nyň new­ro­lo­gi­ýa­sy we pa­to­lo­gi­ýa­sy bö­lü­mi göz öňün­de tu­tu­lyp, bu ýer­de nä­sag­la­ry be­jer­mek üçin ýö­ri­te en­jam­lar bi­len bir ha­tar­da ig­lo­ref­lek­so­te­ra­pi­ýa, be­je­riş blo­ka­da­la­ry we ma­nual te­ra­pi­ýa­sy ula­ny­lar. 

Beý­ni gan aý­la­ny­şy­gy, pul­mo­no­lo­gi­ýa we uro­lo­gi­ýa bö­lüm­le­rin­de nä­sag­lar be­jer­gi­niň in­no­wa­sion usul­la­ry­ny alar­lar. 

Bu ýer­de «Dor­nier Com­pact Sig­ma» ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan li­tot­rip­ter or­naş­dy­ryl­dy. Böw­rek­de we pe­şew hal­ta­syn­da daş­la­ry ýü­ze çy­kar­ýan we ow­rad­ýan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly bu en­jam elekt­ro­mag­nit ur­gy tol­kun­la­ry ar­ka­ly be­jer­gi ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. «Dor­nier Me­di­las” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ne-de bir döw­re­bap en­ja­my daş­la­ry la­zer bi­len ow­rat­mak üçin ni­ýet­le­nen­dir. 

Rew­ma­to­lo­gi­ýa bö­lü­min­de bo­gun­la­ryň so­wuk­la­ma we de­ge­ne­ra­tiw ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek, rew­ma­toid art­ri­di, glýu­ko­kor­ti­kos­te­roit­le­riň bo­gun iç­re san­jym­la­ry, gia­lu­ron kis­lo­ta­sy, hond­rop­ro­tek­tor der­man se­riş­de­le­ri, puls-te­ra­pi­ýa, plaz­ma­fe­rez, au­top­laz­mo­te­ra­pi­ýa, au­toim­mu­ne ke­sel­le­riň ir­ki kes­git­len­me­si we beý­le­ki­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. 

Traw­ma­to­lo­gi­ýa we or­to­pe­di­ýa bö­lü­min­de «KARL STORZ» art­ros­ko­py giň­den peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Onuň kö­me­gi bi­len dyz bo­gun­la­ryn­da dür­li ope­ra­si­ýa­lar ge­çi­ri­ler. Art­ros­ko­pi­ýa ar­ka­ly egin, tir­sek, ça­nak­lyk-bud ýan­jyk we da­ban-in­jik bo­gun­la­ryn­da dür­li be­jer­gi­le­ri ge­çir­mek müm­kin­dir. Pes in­wa­ziw ope­ra­si­ýa­lar ne­ti­je­sin­de nä­sag­lar sta­sio­nar be­jer­gi­sin­de az wagt bo­lup, sag­ly­gy­ny we işe ukyp­ly­ly­gy­ny tiz di­kel­dip bi­ler­ler. 

Bu­lar­dan baş­ga-da, bö­lüm dür­li fik­sa­tor­la­ryň, şol san­da Ili­za­ro­wyň en­ja­my bi­len açyk we ýa­pyk dö­wük­ler­de os­teo­sin­tez hem-de nä­sa­gyň özün­den al­nan süňk transp­lan­tat­lar üçin ze­rur bo­lan zat­lar bi­len üp­jün edil­di. Türk­me­nis­tan­da ýo­kanç ke­sel­le­riň ös­me­gi­ne we ýaý­ra­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän tö­wek­gel­çi­lik ýag­daý­la­ry­ny öz wag­tyn­da ýü­ze çy­kar­ma­ga uly üns be­ril­ýär. Şol ke­sel­ler iş­jeň be­jer­gi alyn­ma­gy­ny, öňü­ni yzy­gi­der­li al­mak we gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. 

Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, in­dok­rin ke­sel­le­ri­niň ara­syn­da süý­ji ke­se­li we gal­kan mä­zi­niň ke­sel­le­ri köp duş gel­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze has­sa­ha­na­nyň en­dok­ri­no­lo­gi­ýa bö­lü­min­de şo­la­ryň öz wag­tyn­da kes­git­le­nil­me­gi hem-de be­je­ril­me­gi düýp­li agyr­laş­ma­lar­dan ga­ça dur­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem nä­sag­lar bi­len süý­ji ke­se­liň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, dog­ry iý­mit­len­me­giň we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da­ky me­se­le­ler bo­ýun­ça mas­la­hat­laş­ma­lar ge­çi­ri­ler. 

Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň üç gat­ly bi­na­syn­da ýo­kanç ke­sel­le­ri­ni be­je­riş we öňü­ni alyş mer­ke­zi ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da nä­sag­la­ry ka­bul et­mek üçin has­sa­ha­na­nyň ka­bul ediş bö­lü­mi bar hem-de her nä­sa­gy gü­man edil­ýän ýo­kan­jy­na la­ýyk­lyk­da aý­ra­tyn otag­lar­da ka­bul et­mek we ze­rur bo­lan­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin äh­li şert­ler bar. Şeý­le hem şu gat­da ho­wa-dam­ja ýo­ly ar­ka­ly geç­ýän ke­sel­li nä­sag­la­ry be­jer­mek üçin ni­ýet­le­nen bö­lüm ýer­leş­di­ril­di. 

Rea­ni­ma­si­ýa bö­lü­mi ýo­kanç ke­sel­le­riň agyr gör­nüş­le­ri­ni be­jer­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Ol “Ba­by­log-8000 plus” gör­nüş­li dem alyş en­jam­la­ry, ulu­lar üçin “Dra­ger Savina 300” res­pi­ra­tor­la­ry, ope­ra­si­ýa ota­gy bol­sa “Dra­ger Fa­bus Ti­go” nar­koz en­ja­my bi­len üp­jün edil­di. 

Has­sa­ha­na­da bar­lag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri ge­çi­ril­ýär, şo­lar be­den ag­za­la­ry­nyň ýag­da­ýy­ny anyk­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bar­lag­ha­na­da Ger­ma­ni­ýa döw­le­ti­niň önü­mi bo­lan “Ro­tor Ge­ne Q5 Plex” ky­sym­ly QIA­GEN GmbH ön­dü­ri­ji­niň en­ja­my otur­dyl­dy. Bu en­jam bar­lag ma­te­ria­lyn­da (gan, su­wuk­lyk) wi­rus­la­ryň, bak­te­ri­ýa­la­ryň ujyp­syz muk­dar­da bo­lan ýag­da­ýyn­da hem ta­kyk tap­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Bar­lag­ha­na­nyň bak­te­rio­lo­gi­ki bö­lü­min­de ýo­ka­ry de­re­je­li en­jam­lar or­naş­dy­ryl­dy. Şo­lar gys­ga wag­tyň do­wa­myn­da mik­roor­ga­nizm­le­riň bar­dy­gy­ny ýa-da ýok­du­gy­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga hem-de in­fek­si­ýa­ny dö­re­di­ji­le­riň gör­nü­şi­ni kes­git­le­mä­ge kö­mek ed­ýär. 

Mo­le­kul­ýar ge­ne­ti­ki bar­lag­ha­na wi­rus­ly ge­pa­tit­le­ri we pe­şew çy­ka­ryş ýol­la­ry­nyň ke­sel­le­ri­ni anyk­la­ma­ga, şo­la­ryň kli­ni­ki ala­mat­la­ry­nyň bol­ma­dyk ýag­da­ýyn­da hem kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Döw­re­bap en­dos­ko­pi­ki otag bel­li “Fu­ji­film Cor­po­ra­tion” ýa­pon şe­re­ke­di­niň “EG 530 WR” gast­ros­ko­py hem-de “ES con­ta530WL3” ko­lo­nos­ko­py bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. 

“Fib­ros­kan” en­ja­my ba­gyr ke­sel­le­ri­ni we pa­to­lo­gi­ki ýag­daý­da bag­ryň do­ku­ma­syn­da ýü­ze çyk­ýan üýt­geş­me­le­ri anyk­la­mak­da ýo­ka­ry müm­kin­çi­lik­li en­jam bo­lup dur­ýar. Bu en­jam 3-5 mi­nu­dyň do­wa­myn­da ba­gyr do­ku­ma­la­ryn­da bo­lup geç­ýän pa­to­lo­gi­ki we fi­zio­lo­gi­ki üýt­geş­me­le­ri kes­git­läp, be­jer­gi­de ta­kyk ne­ti­jä­ni ka­bul et­mä­ge ýar­dam ed­ýär. 

Has­sa­ha­na­da or­naş­dy­ry­lan ýo­ka­ry ba­syş­ly kis­lo­rod ka­me­ra yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ki en­jam bo­lup dur­ýar. Nä­sa­gyň ýü­rek, gan-da­mar ul­ga­my­nyň iş­jeň­li­gi­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len mo­ni­to­ryň üs­ti bi­len gö­zeg­çi­lik ge­çi­ril­ýär. Bu ka­me­ra ar­ka­ly be­jer­gi do­ku­ma­lar­da gan aý­la­ny­şy­gy­ny we mad­da çal­şy­gy­ny, de­zin­tok­si­ka­si­ýa­ny go­wu­lan­dyr­ýar, umu­man ul­ga­myň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. 

Ýo­kanç ke­sel­ler has­sa­ha­na­sy­nyň 2-nji ga­ty wi­rus­ly ge­pa­tit ke­sel­li nä­sag­la­ry be­jer­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­dä­ki dis­pan­ser­de ýi­ti we do­wam­ly wi­rus­ly ge­pa­tit ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­lar luk­man­la­ryň gö­zeg­çi­li­gin­de bo­lar. 

Bi­na­nyň 3-nji ga­tyn­da içe­ge ýo­kan­jy bö­lüm­le­ri bo­lup, ki­çi ýaş­ly, uly ýaş­ly ça­ga­lar hem-de ulu­lar bö­lüm­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. 

Bö­lüm­ler­de ça­ga­lar üçin HO­RI­ZON 300 elekt­rik ça­ga kro­wat­la­ry, otag­lar­da ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar üçin “ZE­RO1120” ky­sym­ly “Favero Health Pro­jects Spa” (Ita­liya) önü­mi bo­lan gun­da­mak üçin ni­ýet­le­nen stol­lar go­ýul­dy. 

Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­da nä­sag­la­ry gys­sag­ly ýag­daý­da ug­rat­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da luk­man­çy­lyk awia­si­ýa­sy­ny peý­da­lan­mak üçin di­ku­çar meý­dan­ça­sy gur­nal­dy, ýö­ri­te ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan nä­sag­la­ryň ça­gy­ryş­la­ry­na öz wag­tyn­da ses­len­me­gi üp­jün et­mek üçin gep­le­şik en­jam­la­ry, be­je­riş iş­le­ri­niň hem-de nä­sag­la­ra hyz­mat et­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. 

Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan has­sa­ha­na tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin flýuo­rog­ra­fi­ýa, gan al­mak üçin we beý­le­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ýö­ri­te aw­tou­lag­lar sow­gat be­ril­di. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da Ma­ry­da ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. 

Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ösü­şi tä­ze, döw­re­bap luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň, has­sa­ha­na­la­ryň, be­je­riş-ke­se­liň öňü­ni alyş eda­ra­la­ry­nyň, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­niň gur­lu­şy­gyn­da hem öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mil­le­ti­mi­ziň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­sy­nyň aja­ýyp su­but­na­ma­sy­dyr. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak hem-de ola­ry öň­de­ba­ry­jy til­si­mat­ly be­je­riş-öňü­ni alyş hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mek, şeý­le hem Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ha­li­fa Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da Ha­li­fa Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na Türk­me­nis­ta­nyň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­ny gur­mak ba­ra­da Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýy­lyň 30-njy ap­re­lin­de ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Ýer se­riş­de­le­ri gul­lu­gy­na Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len bi­le­lik­de bu has­sa­ha­na­ny gur­mak üçin ýer bö­le­gi­ni ber­mek bo­ýun­ça na­ma­la­ry bel­le­nen ter­tip­de res­mi­leş­dir­mek tab­şy­ryl­dy. 

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň öň­den gel­ýän iri söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. Mu­ňa türk­men Li­de­ri­niň hem-de BAE-niň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra mah­sus bo­lan öza­ra dü­şü­niş­me­giň we yna­nyş­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si ýar­dam ed­ýär. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýy­lyň mart aýyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne bo­lan res­mi sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ok­gun­ly ös­dür­mek­de mö­hüm wa­ka bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, BAE-niň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň orun­ba­sa­ry Şeýh Mu­ham­med Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri­ni hem-de Ma­ry şä­he­rin­de ça­ga­lar has­sa­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy­na iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge gat­naş­ýan­dy­gy üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. 

Ine, şu gün­ler bol­sa döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Ma­ry şä­he­rin­de we­la­ýa­tyň kör­pe­le­ri­ne hyz­mat et­jek tä­ze dört gat­ly ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy iş­läp baş­la­dy. 

Has­sa­ha­na­nyň esa­sy we­zi­pe­si ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dan we be­jer­mek­den yba­rat­dyr. Bu be­jer­gi yg­ty­bar­ly we iň tä­ze usul­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Has­sa­ha­na öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­lip, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne do­ly ky­bap gel­ýär. 

Sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň dü­zü­mi­ne hi­rur­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa hem-de rew­mo­kar­dio­lo­gi­ýa, rea­ni­ma­si­ýa, anes­te­zio­lo­gi­ýa, anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş, ka­bul ediş, bar­lag­ha­na, ra­dio­lo­gi­ýa, gan ban­ky bö­lüm­le­ri gir­ýär. Bu ýer­de nä­sag­la­ry dür­li ugur­ly hü­när­men­ler — of­tal­mo­log, oto­la­rin­go­log, en­dok­ri­no­log, kar­dio­log, uro­log, traw­mo­to­log-or­to­ped, sur­do­lo­gy we beý­le­ki­ler ka­bul eder. Ça­ga­la­ryň her bi­ri­ne döw­re­bap luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň köp gör­nüş­le­ri hö­dür­le­ner. 

Hü­när­men­le­riň yg­ty­ýa­ryn­da döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry bar. Hu­su­san-da, anyk­la­ýyş we mas­la­hat be­riş bö­lü­mi, elekt­roen­se­fa­log­raf, rent­gen, to­mog­raf, wi­deo­fib­rob­ron­hos­kop, fib­ro­gast­ros­kop, EKG hem-de beý­le­ki iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Fi­zio­te­ra­pi­ýa ota­gyn­da elekt­ro, ýy­ly­lyk we yşyk te­ra­pi­ýa­sy­nyň dür­li usul­la­ry­ny (UWÇ, elekt­ro­fo­rez, kwars hem-de beý­le­ki­ler) ulan­mak üçin iň tä­ze en­jam­lar bar. Be­je­riş be­den­ter­bi­ýe­si ota­gyn­da dür­li sport en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. 

Ka­bul ediş bö­lü­min­de hem gaý­ra­go­ýul­ma­syz ýag­daý­da agyr ke­sel­le­ri be­jer­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Bu ýer­dä­ki otag­lar kis­lo­ro­dy ber­me­giň mer­kez­leş­di­ri­len ul­ga­my, elekt­ro­so­ru­jy en­jam­lar we beý­le­ki­ler bi­len üp­jün edil­di. Ze­rur bo­lan ha­la­tyn­da nä­sa­ga eme­li dem ber­mek üçin Ger­ma­ni­ýa­nyň “Dra­ger” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň en­jam­la­ry gur­na­lan mo­ni­tor­la­ryň üs­ti bi­len nä­sag ça­ga­nyň ar­te­rial gan ba­sy­şy­ny, ýü­rek ur­gu­sy­ny, ga­nyň kis­lo­rod we kö­mür­tur­şy ga­zy bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni, be­den gyz­gyn­ly­gy­ny ta­kyk bar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik bar. 

Der­man­la­ry ta­kyk öl­çe­ýän ýö­ri­te gu­ral­la­ryň bol­ma­gy ça­ga­la­ra ag­ra­my­na gö­rä der­man­la­ry goý­ber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Ope­ra­si­ýa bö­lü­min­de ýö­ri­te otag nar­koz en­jam­la­ry, mo­ni­tor­lar, ulal­dyp gör­mek üçin wi­deo­ka­me­ra­lar hem-de beý­le­ki ge­rek bo­lan en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. Bu ýer­de ýo­kanç ke­sel­li nä­sag­lar ýüz tu­tan­da, ola­ry beý­le­ki nä­sag­lar­dan aý­ry ýer­leş­dir­mä­ge ni­ýet­le­nen ýö­ri­te otag bar. Bu ýer­de hem nä­sag ça­ga il­kin­ji luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­di. 

Bar­lag­ha­na bö­lü­min­de or­naş­dy­ry­lan “Sie­mens”, “ELI­TE Tech Group”, “Ho­ri­ba ABX”, “Ther­mo Fis­her Scien­ti­fic”, “Bio­Me­rieux” ýa­ly ýew­ro­pa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň döw­re­bap ana­li­za­tor­la­ry­nyň kö­me­gi ar­ka­ly ýag­la­ryň, ug­le­wod­la­ryň, be­lok­la­ryň we mi­ne­ral­la­ryň çal­şy­gyn­da­ky öz­ge­riş­lik­le­ri ýü­ze çy­ka­ryp bol­ýar. Olar iç­ki mäz­le­ri­niň, ge­mos­tas ul­ga­my­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri­ne ba­ha be­rip, bar­lag­la­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. 

Has­sa­ha­na­da ça­ga­nyň ir­ki ösü­şi we go­şu­lyş­ma ota­gy hem bar. Mu­nuň özi pe­diat­ri­ýa­nyň ösü­şin­de döw­let de­re­je­sin­de tä­ze ugur­dyr. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň öňün­de ça­ga­nyň ösü­şin­dä­ki nä­saz­lyk­la­ry ir ýü­ze çy­kar­mak, maş­ga­la usu­ly­ýet kö­me­gi­ni ber­mek, şah­sy mak­sat­na­ma­la­ry, ça­ga­lar üçin okuw we oýun sa­pak­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak ýa­ly we­zi­pe­le­ri goý­dy. 

Bu ýer­de be­je­ri­şiň dür­li usul­la­ry bi­len bir­lik­de, der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ulan­mak ar­ka­ly fi­to­te­ra­pi­ýa­nyň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Has­sa­ha­na­da bol­ýan ça­ga­la­ryň her bi­ri mel­hem­lik iç­gi­ler­den, be­je­riş çaý­la­ryn­dan we beý­le­ki iç­gi­ler­den peý­da­la­nyp bil­ýär. 

Has­sa­ha­na­da di­ňe bir ýo­ka­ry ta­kyk­lyk­da­ky ke­se­li anyk­la­ýyş we be­je­riş en­jam­la­ry bol­man, eý­sem, beý­le­ki ýö­ri­te gu­ral­lar hem bar. Bir we iki orun­lyk otag­lar­da äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Şe­pa­gat uýa­sy­nyň mer­ke­zi bö­lü­mi göz öňün­de tu­tul­dy. 

Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, saz­la­şyk­ly ös­ýän nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek döw­le­ti­mi­ziň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­ýar. Bu ba­bat­da esa­sy ýö­rel­ge, öň­kü­si ýa­ly, üýt­gew­siz gal­ýar — enä­niň sag­ly­gy — bu sag­dyn ne­sil­dir we ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­dir. 

Döw­re­bap ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy nu­ra­na baý­ra­ma öw­rül­di. Oňa ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ýaş­lar, we­la­ýa­tyň köp­san­ly ýa­şaý­jy­la­ry gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ha­li­fa Bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan adyn­da­ky Gaz­na­sy­nyň yn­san­per­wer iş­le­ri bo­ýun­ça baş di­rek­to­ry Mu­ham­met Al Hu­ri bol­dy. 

Şeý­le­lik­de, Awa­za­da, Türk­me­na­bat we Ma­ry şä­her­le­rin­de açy­lan tä­ze des­ga­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly, anyk dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­si­dir, “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen şy­gar bu sy­ýa­sa­tyň esa­sy­ny düz­ýär hem-de Türk­me­nis­tan­da hal­kyň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ba­ra­da iç­gin ala­da edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.