«Saglyk — 2018» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan «Saglyk — 2018» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda ajaýyp hünär baýramy bolan Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi daşary ýurtly myhmanlarymyz bilen dabaraly garşylamak möhüm wakadyr. Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar, eziz dostlar, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabada hoş geldiňiz! Şanly baýrama bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň sizde şatlykly duýgulary, tolgundyryjy täsirleri, unudylmajak pursatlary galdyrmagyny arzuw edýärin!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Häzirki döwürde ata Watanymyz goraglylyk babatda ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Biziň bu ugurdaky tagallalarymyz her bir şahsyýetiň erkin hem-de sagdyn ösmegine, syýasy, ykdysady, medeni mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.
Şoňa görä-de, döwletimiziň durnukly, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanmagyň, raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky toplumlaýyn özgertmeler barha rowaçlanýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna we beýleki maksatnamalara laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri düýpli özgerdilip, maşgala lukmançylygynyň hyzmatlary ornaşdyryldy. Raýatlar üçin döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy girizildi we kämilleşdirildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary, derman senagaty kärhanalaryny gurmak babatda uly ösüşler gazanyldy.
Lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini we elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak, aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy.
Biziň ýurdumyz saglygy goraýyş babatda ählumumy ösüşleriň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem-de giňeltmekde oňyn tejribeleri toplady. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde möhüm taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
Ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de durmuş ugurly saglyk syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, milli saglygy goraýyş ulgamynyň senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazylyp, ýurdumyz drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi, unuň demir we foliý turşusy, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylandygy baradaky halkara güwänamalaryna mynasyp boldy. Bularyň ählisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň binýadyny berkitmek bilen, dünýädäki at-abraýyny hem-de mertebesini hem täze belentliklere göterýär!
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Ýurdumyzda lukmançylyk ylmynyň örän çylşyrymly nanolukmançylyk, nanobiologiýa, nanobiotehnologiýa, genomika, molekulýar biologiýa, öýjük bejergisi, farmakogenomika ýaly täze ugurlaryny ornaşdyrmaga, keselleri anyklamak we bejermek üçin öňdebaryjy dünýä tejribelerini, sanly tehnologiýalary hem-de telelukmançylygy ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, biz ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly lukmançylyk ylmynyň ugurlaryny has-da ösdürmegi, täze bejergi hem-de derman serişdelerini öndürmegi, takyk anyklaýyş we bejeriş usullaryny kämilleşdirmegi, iýmit önümleriniň hilini ýokarlandyrmagy örän möhüm wezipeler hasaplaýarys.
Bitarap döwletimiziň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza» şypahanasynyň, Mary welaýatynda Çagalar hassahanasynyň, Lebap welaýatynda Köpugurly hassahananyň we Ýokanç keseller hassahanasynyň binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna hem-de täze mümkinçilikleriniň yzygiderli giňelýändigine şaýatlyk edýär.
Raýatlarymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrundaky özgertmeleri has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamanyň», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» hem-de «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» saglygy goraýyş pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň ýokary derejede netijeli ulanylmagyna ýardam bermek bilen, halkara derejesindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin hem örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Sizi «Saglyk — 2018» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu serginiň we maslahatyň dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda, şeýle hem döwrebap bilimleri we tejribeleri özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriňizde elmydama üstünlik arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.