Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de doganlyk özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän ähli başlangyçlarynda we işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Özbegistan durmuşyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünliklere eýe boldy. Ýokary döwlet wezipesindäki netijeli işi, uly syýasy tejribesi we hünär ussatlygy özbek Lideriniň halkara bileleşiginiň uly hormatyna we abraýyna eýe bolmagyna getirdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara uly sarpa goýýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda şol gatnaşyklar taraplaryň strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna daýanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda goňşy döwletleriň Baştutanlary deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we özara goldaw bermek ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berip, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Ýokary derejede duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi netijesinde, ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Liderleri netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki doganlyk ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.