Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 — 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy”, şeý­le hem ata Wa­ta­ny­my­zy has-da ös­dür­mä­ge, ila­tyň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mil­li we pu­dak­la­ýyn mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy hem-de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li beý­le­ki mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

Mil­li Li­de­ri­miz gün ter­ti­bi­ne geç­mek bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wa söz ber­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň 2017 — 2023-nji ýyl­lar üçin da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da DIM-niň alyp bar­ýan iş­le­ri, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li hyz­mat­daş­lar bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ oňyn ös­dür­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de da­şar­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­kyn dö­wür üçin Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry kes­git­le­nil­di. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň hem-de beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra fo­rum­la­ryň be­lent mün­be­rin­den be­ýan edi­len dün­ýä we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de bel­le­nil­di. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wag­tyň ýag­daý­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re, DIM-niň ýol­baş­çy­sy­na da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň hem-de dip­lo­ma­tik dü­zü­miň öňün­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek bi­len bag­ly anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem we­la­ýat­lar­da do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Oba­se­na­gat top­lu­my­ny hem-de we­la­ýat­la­ry ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dyn­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da hem ha­bar be­ril­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň bir­nä­çe­si­ne ün­si çe­kip, bu ul­gam­da önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni, su­wa­rym­ly meý­dan­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ýer­le­riň önüm­li­li­gi­ni we oba ho­ja­lyk ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak, önüm­çi­li­ge suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den or­naş­dyr­mak üçin anyk çä­re­le­ri gör­mek ge­rek di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. 

Öň­de bol­jak pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi ýur­du­my­zyň daý­han­la­ry üçin jo­gap­kär­li sy­nag bo­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu möw­sü­me düýp­li taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz her we­la­ýat­da gök we bak­ja önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­gyň, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän kä­ren­de­çi­le­ri we hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň stra­te­gi­ýa­sy yk­dy­sa­dy mak­sa­da­la­ýyk­ly­gyň hem-de ýur­du­my­zyň uzak ­möh­let­le­ýin bäh­bit­le­ri­niň nuk­daý­na­za­ryn­dan äh­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Yk­dy­sa­dy ösü­şiň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni üp­jün et­mek, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň eks­por­tyny art­dyr­mak işiň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Äh­li eda­ra­la­ryň we kär­ha­na­la­ryň ma­li­ýe işi­ni ne­ti­je­li do­lan­dyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aýt­mak bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýe­re bu işiň ge­çi­ril­me­gi­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jow söw­da ul­ga­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, şeý­le hem ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­daw bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni çek­mek bi­len, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň muk­da­ry­ny kö­pelt­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­me­giň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Ulag ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen ýur­du­my­zyň amat­ly geog­ra­fi­k ýag­da­ýy dün­ýä­niň köp döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň eks­por­ty­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ýa­kyn işe­wür gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Türk­men önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry­ny iler­let­mek üçin da­şar­ky ba­zar­la­ryň is­leg­le­ri­ni öw­ren­me­gi ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­le­mek bi­len, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di. 

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri, se­na­gat pu­da­gy­nyň önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny giň ge­rim­de se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li çä­re­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy se­na­gat top­lum­la­ry­nyň, şol san­da hi­mi­ýa we dok­ma pu­dak­la­ry­nyň, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri önüm­çi­li­gi­niň we beý­le­ki­le­riň ok­gun­ly ösü­şi­ni üp­jün et­di. 

Mil­li Li­de­ri­miz gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­la­ry in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da top­lum­la­ýyn di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gy hem-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýan yk­dy­sa­dy me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, şo­la­ryň çig ma­la da­hyl­syz ösüş ýo­lu­na ge­çir­mek iş­le­ri­niň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Eko­lo­gi­ýa öl­çeg­le­ri­niň hal­ka­ra ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek, ýur­du­my­zyň baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri­niň esa­syn­da köp­dür­li we da­şar­ky ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­mek mö­hüm­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz elekt­ron hem-de elekt­ro­teh­ni­ki se­na­ga­ty ös­dür­mek, içe­ri we da­şa­ry ba­zar­lar üçin ni­ýet­le­nen ha­ryt­la­ry ön­dür­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na geç­me­giň şert­le­rin­de esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re pu­da­gyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň öz wag­tyn­da we de­giş­li de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy. 

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew ulag­lar we ara­gat­na­şyk top­lu­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. 

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne hä­zir aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni, hal­ka­ra söw­da, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ara­gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de bu ul­ga­ma mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ky ýyl­lar­da de­mir we aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, ho­wa, de­ňiz we der­ýa ulag­la­ry­nyň döw­re­bap dü­zü­mi­ni, ýur­du­my­zyň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. 

Ýur­du­my­zyň ge­çir­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty se­bi­tiň we dün­ýä­niň döw­let­le­ri bi­len ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran, Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na, Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­niň gu­rul­ma­gy hem-de ulan­ma­ga be­ril­me­gi yk­dy­sa­dy kuw­wa­tyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant bol­dy di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di. 

Döw­let we se­bi­ta­ra äh­mi­ýet­li üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­lar türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne hem-de beý­le­ki ýurt­la­ryň halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne hyz­mat ed­ýär, şeý­le hem ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär di­ýip, nyg­ta­mak bi­len döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ul­gam­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň, onuň dü­züm­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, top­lu­myň äh­li pu­dak­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ryň iş­jeň peý­da­la­nyl­ma­gy, op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, bu top­lu­myň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi köpugur­ly ös­dür­mä­ge, tä­ze, yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýe­re pu­da­gyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin gel­jek­de hem ze­rur bo­lan çä­re­le­ri gör­mek tab­şy­ryl­dy. 

Soň­ra Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýew go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ba­şy­ny baş­lan düýp­li öz­gert­me­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ha­kyn­da ha­bar ber­di. Şeý­le hem mi­nistr gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­zü­mi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly bo­lan ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we asu­da­ly­gyň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň go­ra­gyn­da du­ran gul­luk­la­ryň işi­niň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li howp­suz­lyk eda­ra­la­ry­nyň üs­tü­ne döw­le­ti­mi­zi, onuň kons­ti­tu­sion gur­lu­şy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça uly jo­gap­kär­çi­lik ýük­le­nen­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry­na, MHM-iň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. 

Soň­ra iş mas­la­ha­ty­na ça­gy­ry­lan har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­ler­de iş­le­riň ýag­da­ýy, teh­ni­ka­nyň we en­jam­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler, iş­gär­le­riň hü­nä­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň bir­kem­siz gul­luk et­me­gi hem-de ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer­ler­de düz­gün-ter­ti­bi, ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny hem-de ýol-ulag he­re­ke­ti­niň saz­la­şyk­ly­ly­gy­ny, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek, äh­li ul­gam­lar­da ka­nun­çy­ly­gy ber­jaý et­mek hem-de şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ilat ara­syn­da dü­şün­di­riş iş­le­ri­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. 

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­bat­la­ry diň­läp, har­by we hu­kuk go­raý­jy dü­züm­ler­de ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çek­di. Di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly hem-de go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň asu­da we aba­dan dur­mu­şy­nyň ke­pi­li bo­lup dur­ýan Mil­li go­şu­ny­my­zyň go­ra­nyş ukyp­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ly di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. 

Gel­jek­de hem äh­li har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ry döw­re­bap en­jam­lar we tä­ze teh­ni­ka­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça de­ger­li çä­re­le­ri gör­mek mö­hüm­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mig­ra­si­ýa sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri ama­la aşyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den ýur­du­my­za gel­ýän myh­man­la­ra döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da gör­kez­me ber­di. Mil­li Li­de­ri­miz güm­rük gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň üs­tü­ne uly jo­gap­kär­çi­li­giň ýük­le­nen­di­gi­ni bel­läp, ýer­ler­de gö­zeg­çi­lik ge­çi­riş bö­lüm­le­riniň yg­ty­ýa­ryn­da bo­lan döw­re­bap en­jam­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy tab­şyr­dy. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň şah­sy dü­zü­mi­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da gör­ke­zip, de­giş­li ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ugur­la­ry­ny, spor­tuň har­by-ama­ly gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­me­giň, ýaş es­ger­le­ri Wa­ta­na bo­lan çäk­siz söý­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, şu gün­ki mas­la­ha­tyň bar­şyn­da bel­le­ni­len gör­kez­me­le­riň de­giş­li de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na we umu­man, ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne ýar­dam et­me­li­dir di­ýip bel­le­di. 

Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gat­na­şan­la­ra öň­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.