Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesinde has oňaýly ýaşaýyş jaý toplumy kemala gelýär

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkeziniň Şagadam köçesi giden bir gurluşyk meýdanyna öwrüldi. Bu köçäniň ugrunda kemala gelýän täze ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly köp öýli kerpiç jaýlar gurlar. Şeýle hem bu ýerde 600 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi we beýleki durmuş-ýaşaýyş hem-de dynç alyş binalary bolar.

Taslamany ýerine ýetirmäge ýörüteleşdirilen döwlet guramalary we hususy gurluşyk kompaniýalry gatnaşýarlar. Ýaşaýyş jaýlary maliýeleşdirmegiň dürli çeşmelriniň hasabyna bina edilýär. Täze jaýlarda ýaşamak üçin oňaýly şertler döredilen: otaglary giň, depesi beýik, otaglarynyň ýerleşişi amatly. Jaýlaryň töweregindäki meýdançalarda çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, gezelenç hem-de gök zolaklar göz öňünde tutulan. Häzirki wagtda täze binalaryň aglaba böleginiň diwarlary galdyryldy, olaryň käbirinde bolsa bezeg işlerine girişildi.