img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmensitanyň DIM-de Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

photo

2025-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk iki ýurduň daşary syaýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň dowamy boldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar