Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz aýna, portlandsement, saryja goýunlaryň ýüňi, nah ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlaryň hatarynda BAE, Özbegistan, Gyrgyzystan, Ukraina we beýlekiler bar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 528 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Pakistandan we Gyrgyzystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 3 million manatdan gowrak bolan garaköli goýunlaryň ýüňüni, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.