Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Ilki bilen, özbek tarapyndan Horezm welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berilýär. Ol şeýle desganyň gurlup berlendigi üçin Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini açmaga ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Soňra türkmen tarapyndan Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysyna söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentlerine hoşallyk sözlerini aýtdy we Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda gurlan söwda merkeziniň açylyşyna ak pata bermeklerini haýyş etdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew bu taryhy wakanyň ähmiýetini belläp, gadymdan gelýän dostlukly özbek-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze derejä çykarylýandygyny, ony has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryny nygtady we söwda merkezini açmaga ak pata berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem dabara gatnaşyjylary bu taryhy waka bilen gutlap, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

Şol pursatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri serhetýaka söwda merkeziniň türkmen hem-de özbek bölekleriniň girelgesindäki toý bagyny dabaraly ýagdaýda kesildi.

Soňra serhetýaka söwda merkezi barada taýýarlanan wideoşekil görkezildi.