Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglandy
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Türkmen-özbek serhetýaka zolagynyň dabaraly açylyşy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny – «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowa goýulýan hormatyň, döwlet Baştutanymyzyň iki ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň Özbegistanyň halky tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr.
Özbegistanyň Prezidenti geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan ýoly mynasyp dowam etdirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri bilen Türkmenistanyň Prezidentini ýene-de bir gezek gutlady.
«Siz görnükli döwlet işgäri hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly doganym Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam etdirýärsiňiz» diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de bu sylagyň iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrülmegini arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Prezident Serdar Berdimuhamedowa «Ýokary derejeli dostluk» ordenini gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak baradaky kabul edilen çözgüt üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bu sylagy Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, köpasyrlyk türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, biziň umumy taryhymyz, medeniýetimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň nusgalyk derejesini görkezýärler.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany köpýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda syýasat, ykdysadyýet we beýleki möhüm ugurlarda ýokary netijeleriň gazanylmagynyň guwandyryjydygyny aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we oňa berk jan saglyk, döwlet hem-de halkara işlerinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.