Türkmenistanyň we Keniýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Keniýa Respublikasynyň Daşary işler we diaspora işleri boýunça ministri Musaliýa Mudawadiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine, syýasy dialogyň ösdürilmegine, şeýle hem ikitaraplaýyn ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan gyzyklanmasyny tassykladylar.

Türkmenistan bilen Keniýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriler.