Türkmenistanyň ulag toplumynyň kuwwaty artýar

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ulgamda halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara alanyňda Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň möhüm halkasydyr. Täze taryhy eýýamda bolsa yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşen ýurt hökmünde onuň ähmiýeti has-da artdy. Soňky ýyllarda halkara ulag gatnawynyň pugtalandyrylmagyndan daşary, demir we awtomobil ýollarynyň milli ulgamynyň düýpli giňeldilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda içerki hem-de dünýä bazarlaryna harytlaryň çalt we netijeli iberilmegine mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň, önümçilik-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biridir. Mundan başga-da, ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan islegleri hem artýar.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda 2018-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda, tutuşlygyna alanyňda, 257,3 million tonna ýük daşaldy, munuň özi 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 1,2 göterim ýokarydyr. Ýolagçylary gatnatmagyň möçberi 1,1 göterim ösüş bilen 509,1 million adama ýetdi. Ýük daşalyşy 6,6 göterim, ýolagçy gatnatmak bolsa 3,1 göterim artdy.

Pudak bölünişiginde awtomobil ulagynyň ähmiýeti barha artýar. 2018-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda umumy ýük dolanyşygynyň möçberinde (turba geçirijileri hasaba almazdan) awtomobil ulagynyň paýy 51,3 göterim, ýolagçy dolanyşygynyňky 83,3 göterimden ybarat boldy. Awtomobil ulaglary ministrliginiň kärhanalarynyň ýerine ýetiren ulag hyzmatlarynyň möçberi bu döwürde 22,7 göterim artdy.

Pudak tarapyndan “Iran Khodro”, “PAZ-32054”, “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai New Super Aero City”, “Ýutong” , “Toyota Hiace” awtoulaglary hem-de “Hyundai Elantra” we “Toyota Corolla” kysymly taksiler satyn alyndy. Şolar ýurdumyzyň ilatyna we myhmanlaryna hyzmat edýär. Awtoulaglar bilen gatnawlara bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, Awtomobil ulaglary ministrliginiň kärhanalary täze şäheriçi, şäheretek hem-de şäherara ugurlary açýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde şolaryň gatnaw ýygylygy ýokarlanýar.

Ministrligiň ähli düzümleri tutuş ýurdumyz boýunça yzygiderli gatnawlaryň 619-syny, şol sanda Aşgabatda şäheriçi 67 gatnawy, şäheretekleri boýunça 25 gatnawy we şäherara 10 gatnawy, Ahal welaýaty boýunça şäheriçi gatnawlaryň 18-sini, şäheretekleri boýunça 50 gatnawy, şäherara 17 gatnawy, Balkan welaýatynda 19 şäheriçi gatnawy, 23 şäheretek gatnawy we 32 şäherara gatnawy, Daşoguz welaýatynda şäheriçi boýunça 16 gatnawy, şäher eteklerinde 100 gatnawy we 8 şäherara gatnawy, Lebap welaýatynda şäheriçi gatnawlarynyň 30-syny, şäheretek gatnawlarynyň 78-sini, şäherara gatnawlarynyň 14-sini, Mary welaýatynda bolsa 18 şäheriçi, 83 şäheretek we 11 şäherara gatnawlaryny amala aşyrýar. 2018-nji ýylyň başyndan häzirki döwre çenli täze ugurlaryň 16-sy herekete girizildi. Şolaryň hatarynda 2 şäheriçi, 4 şäheretek we 10 şäherara gatnawlary bar.

Ýolagçylara ýeňil taksilerde edilýän hyzmaty gowulandyrmak maksady bilen, Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynda elektron planşetler oturdyldy we müşderilerden sargytlary internet arkaly kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy.

Türkmenistanyň iri gurluşyklarynda hyzmat etmek hem-de ýetişdirilen däne hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini daşamak üçin ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “KAMAZ” kompaniýasynyň ýük awtoulaglary ulanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanda ulag-logistika merkezini döretmek babatda teklipleri taýýarlamak boýunça Pudagara topary döredildi.

Mundan başga-da, awtoulag kärhanalarynyň toplumlarynyň we awtoulag mekdepleri birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Olar Aşgabat — Daşoguz ulag ýolunyň ugrunda gurulýar. Türkmenabat, Daşoguz, Mary, Balkanabat şäherlerinde ýolagçy awtoterminallaryny gurmak meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ministrlik boýunça ýükleriň 5 million 588 müň 900 tonnasy daşaldy we 100,9 göterim ösüş gazanyldy. Şu döwürde ýük dolanyşygy 149 million 230 müň tonna- kilometre deň bolup, ösüş depgini 100,5 göterime ýetdi. Şu döwürde 160 million 435 müň 100 adam gatnadyldy, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2 million 142 müň 800 adam köpdür. Bu babatda ösüş depgini 101,4 göterime deň boldy. Ýolagçy dolanyşygynyň möçberi 978 million 963 müň ýolagçy-kilometre barabar boldy. Şeýlelikde, 102,3 göterim ösüş gazanyldy.

Ministrligiň girdejisi 2 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetine tölegler babatdaky meýilnama 116 göterim berjaý edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň durnukly ösmeginde demir ýol boýunça ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny belleýär. Ulagyň bu görnüşi nebit we nebit önümlerini, gurluşyk serişdelerini hem-de üstaşyr ýükleri daşamakda ileri tutulýar. 2018-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Demir ýol ulaglary ministrliginde ýük dolanyşygy we ýolagçy dolanyşygy degişlilikde 0,1 göterim we 1,7 göterim artdy. Şu döwürde demir ýol pudagynyň kärhanalarynyň ýerine ýetiren ulag hyzmatlaryndan alnan girdeji 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,2 göterim ýokary boldy.

Ýolagçy düzümleriniň hem-de ýolagçy-wagon deposynyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, hünärmenleriň zähmet öndürijiligi we hödürlenilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandy. Diňe Aşgabat bekedinde bir gije-gündiziň dowamynda ýolagçy düzümleriniň 10 jübütine hyzmat edilýär. Munuň özi 15 müň ýolagça barabardyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistan Hytaýdan ýokary amatlylygy bolan ýolagçy üçin niýetlenen wagonlaryň 425-sini satyn aldy. Şolaryň hatarynda 4 orunlyk küpe we 6 orunlyk plaskart-küpe wagonlar bar. Şolaryň hemmesi tehniki üpjünçiligi — sowadyş we ýyladyş gurnamalary, radio hem-de yşyklandyryş ulgamy boýunça häzirkizaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaga täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Petekleriň kompýuter ulgamy arkaly satuwy ýola goýuldy. Häzirki döwürde petekleri awtomatik terminallaryň üsti bilen satyn almak hyzmaty hem synagdan geçirilýär.

Tomus möwsüminde demir ýol gatnawlaryna bolan isleg has-da artdy. Häzirki döwürde köp sanly adamlar dynç almak üçin "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gidýärler. Şol döwürde ýolagçylaryň bökdençsiz gatnawyny üpjün etmek maksady bilen goşmaça ýokary tizlikli ýolagçy düzümleriniň gatnawy ýola goýuldy.

Şu ýylyň alty aýynda howa ulagynda ýolagçy gatnatmak we ýolagçy dolanyşygy degişlilikde, 9,3 göterim we 9,2 göterim artdy. Ýük we ýük dolanyşygy bolsa degişlilikde 31,8 göterim we 27,8 göterim ýokarlandy. “Türkmenhowaýollary” gullugynyň kärhanalary, şol sanda “Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň awiakompaniýasy boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden alnan girdeji 12,4 göterim köpeldi.

2018-nji ýylda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda ýolagçy dolanyşygynyň has ýokarlanýandygyny görmek bolýar: 2018-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda bu görkeziji 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 72,7 göterim artdy. Işiň bu görnüşinden girdeji almak boýunça maksatnama 261,4 göterim ösüş depgininde 427,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýolagçylary we ulag serişdelerini daşamak işi RO-PAX tipli “Berkarar” we “Bagtyýar” atly iki paromda amala aşyrylýar. Bu paromlar ýurdumyzyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň gämi zawodynda guruldy.

Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň ulanylmaga girizilmegi ýurdumyzyň ulag toplumynyň ösüşine güýçli badalga berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman ulag düzüminiň möhüm halkasy bolan bu port Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmalydyr, yklymda köpüsi Türkmenistanda birigýän ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmelidir.

Portuň düzüminde gämi gurluşyk we gämi bejerýän zawodyň açylmagy ösen milli deňiz flotuny kemala getirmegi çaltlandyrmak boýunça iň möhüm wezipeleriň maksatlaýyn we şowly çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Meselem, häzirki wagtda Balkan zawodynda “Magtymguly”, “Türkmenistan”, “Bitarap” gämilerinde bejeriş işleri alnyp barylýar. Geljekde bu ýerde daşary ýurt gämilerini hem bejermek meýilnamalaşdyrylýar.

Şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gezelenç we sport gämileriniň, şeýle hem balyk tutýan gämileriň we beýleki ýüzüş serişdeleriniň gurluşygy bellenilýär. Türkmenbaşy portunyň ýolagçy we parom terminaly ýylda 3 müň ýolagçyny we 75 müň treýleri kabul etmäge ukyplydyr. Konteýner terminaly 400 müň TEU (şertli birlik) orta ýyllyk kuwwata eýedir hem-de bir wagtda ýük göterijiligi 5 müň tonna barabar bolan 3 gämini işläp biler. Umumy ýükleriň terminaly ýylda 4 million tonna ýüki – gurluşyk serişdelerini, metallary, agaçlary, tehnikalary, enjamlary we beýlekileri geçirmäge niýetlenendir. Bu ýerde duralgada ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň 4-si bir wagtda urgana baglanyp biler. Ürgün ýükleriň terminalynyň ýyllyk kuwwaty 3 million tonna barabardyr. Onuň duralgasy umumy ýük göterijiligi 5 müň tonna barabar bolan 3 gäminiň ýüküni ýüklemegi we düşürmegi üpjün edip bilýär. Şeýle mukdardaky gämileri ýylda 120 müň tonna polipropileni saklamak we ýükläp ugratmak boýunça terminal hem kabul edip biler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara üstaşyr üçin amatly geçelgeleri döretmek bilen, şolara baý serişde binýatly içki çäklerimizi birikdirmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belleýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň iri senagat merkezlerini gurşap alýan we gatnawyň ýerüsti, howa we suw ýollarynyň iň bir amatly guralyşyny göz öňünde tutýan multimodal logistika ulgamy döretmek bu işe gönükdirilendir. Munuň özi ýükleri eltmegi çaltlandyrmaga, ýükleri daşamagyň dolandyrylyşyny gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

2018-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistanyň çäginden 1 million 853,8 müň tonna üstaşyr ýük daşaldy. Munuň özi 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 66,8 göterim köpdür. Bu ýükleriň agramly bölegi demir ýol (64,6 göterim) we awtomobil (29,0 göterim) ulagy arkaly daşaldy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň okgunly ösüşi bilen şertlendirilen häzirki wagtda ýurdumyza getirilýän ýükleriň azalmagy bilen birlikde, daşary ýurtlara iberilýän ýükleriň möçberiniň ynamly artýandygyny görmek bolýar. Hususan-da, 2018-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ulagyň ähli görnüşleri bilen (turba geçirijilerden başga) 5 million 849,9 müň tonna eksporta niýetlenen ýükler daşaldy, munuň özi 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 83,6 göterim köpdür. Şol ýükleri daşamak, esasan suw (76,1 göterim), demir ýol (12,4 göterim) we awtomobil (11,5 göterim) ulaglary arkaly amala aşyryldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň hemme ýerinde iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzilleriniň toplumlary, demir ýol beketleriniň binalary ulanylmaga berildi. Demir ýollaryň we ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi. Inženerçilik desgalary — köp zolakly demir ýol we awtomobil köprüleri guruldy.

Türkmenistanyň okgunly ösýän ykdysadyýeti ýurdumyzyň ulag ulgamynyň öňünde diňe bir düzümleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça goşmaça talaplary däl, eýsem, täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, hyzmatyň hem-de meýilleşdirmegiň hilini ýokarlandyrmak, iş dolandyrmakda päsgelçilikleri azaltmak ýaly wezipeleri hem öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň ilkinji derejeli wezipelerini kesgitlemek bilen, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Bu işler hyzmatyň ýokary talaplaryna we halkara ölçeglerine kybap gelmelidir.

Ösüşiň häzirki zaman tapgyrynda ulag toplumynyň pudaklarynda binýatlaýyn, düzümleýin we düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ulag ulgamynda täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk esaslary döredilýär. Döwlet dolandyrylyşy we hojalyk işleri kesgitlendi, ulag işini döwlet taýdan sazlaşdyrmagyň bazar şertleri kemala getirildi.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçylara hyzmat etmegi, şol sanda ýük daşamagyň işjeň artýan wagtynda, tomus dynç alyş döwründe adamlaryň barjak ýerlerine bökdençsiz barmagyna mümkinçilik döretmek boýunça işleri döwrebap derejede guramagyň möhümdigini belleýär.

Şundan ugur almak bilen, ýurdumyzyň ulag düzümlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen anyk çäreleriň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ähli pudaklaýyn düzümlerde degişli işler geçirildi. Islegli ugurlarda hereket edýän otlulara goşmaça wagonlar berkidilip, goşmaça ýolagçy orunlary döredildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesiniň Hazaryň kenaryna "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gidýän tomus döwründe uly isleg bildirilýän Aşgabat — Türkmenbaşy ugrunda otlularyň sany artdyryldy.

Bu ýerde tomus möwsüminiň başynda, iýunda kenarýaka şäheriň Halkara howa menzilinde yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň 135-sine — Aşgabat—Türkmenbaşy ugrunda 98, Daşoguz — Türkmenbaşy ugrunda 26, Mary — Türkmenbaşy ugrunda 7, Türkmenabat — Türkmenbaşy ugrunda 4 gatnawa hyzmat edildi. Munuň özi geçen ýylyň iýuny bilen deňeşdireniňde 22 gatnaw köpdür. Şol sanda tomsuň ilkinji aýynda kabul edilen we iberilen ýolagçylar 20 müň 532 adama barabar boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 4 müň 89 ýolagçynyň köpdügini aňladýar.

Tutuşlygyna alanyňda, ýanwardan iýun aýyna çenli diňe Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy gatnawlarynyň 1688-sine hyzmat edildi. Kabul edilen we ugradylan ýolagçylaryň sany 211 müň 865 adama barabar boldy.

Ýük howa gämileriniň tehniki gonuşlaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem olara ýangyç guýmak we ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenbaşynyň Halkara howa menzili bilen ylalaşyk baglaşýan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Şolaryň arasynda Lýuksemburgyň “Cargolux Airlines International S.A.”, Slowakiýanyň “Air Cargo Global”, ABŞ-nyň “Air Trans Cargo”, BAE-niň “Jetex Flight Support”, Russiýanyň “Wolga-Dnepr”, “Awion Aero”, “Awiakon Sitotrans” kompaniýalary we beýlekiler bar.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde daşary ýurt uçarlarynyň 426-sy tehniki gonuşy amala aşyrdy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim artyk boldy.

Häzirki döwürde bu howa menzili günüň dowamynda yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň 8-sine, şeýle hem daşary ýurt uçarlaryna hyzmat edýär.

“Türkmenistan” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň awiakompaniýasynyň uçarlary her günde Türkmenbaşy şäherine 1294 ýolagçy gatnadýar. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 234 adam köpdür.

Bulardan başga-da, yzygiderli hereket edýän şäherara awtobuslaryň kömegi arkaly hem Aşgabatdan we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden deňiz şypahanasyna barmak bolýar. Ýeri gelende aýtsak, tomus möwsüminde şeýle awtobuslaryň hereketi üçin ähli zerur amatly ýol şertleri döredildi. Demir ýol we awtomobil menzillerinde petekleriň satylyşy tertipleşdirildi — indi şolary nobata durman hem satyn almak bolýar. Şu tomusdan başlap, ýurdumyzyň demir ýol we howa gatnawlaryna onlaýn hem elýeterli boldy.

 

Ulag ulgamynda ulagyň işine yzygiderli gözegçiligi üpjün etmäge, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýolagçylara edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başga-da anyk çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen ýaýbaňlandyrylan iri möçberli işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam hakyndaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portuny we köprülerini gurmak bilen, biziň Watanymyz üçünji müňýyllykda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip belleýär.

Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygarynyň taglymlaýyn esasyny tutuş adamzat üçin nurana geljegi döretmegiň bähbidine parahatçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky ählumumy düşünjelere we göz öňüne getirmelere çenli giňeldip, biz diňe iri ulag desgalaryny we ýollaryny, üstaşyr geçelgeleriň gurluşygyny amala aşyrmak bilen çäklenmeýäris, Garaşsyz, Bitarap döwletimiz halkara giňişliginde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine hem uly goşant goşýar diýip nygtaýar.

Häzirki wagtda bu ileri tutulýan ugurlar döwlet Baştutanymyzyň logistika strategiýasynda aýdyň şekilde beýanyny tapýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzda täze Halkara howa menzili guruldy, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň ilkinji nobatdakysy — Kerki — Ymamnazar — Akina ugry, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty guruldy, şeýle hem Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli gara ýoly çekilip başlandy. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulagynyň herekete girizilmegi bilen amatly we howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredilýär. Bularyň hemmesi sebitiň durnukly ösüşini, halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň işjeňleşmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagyny üpjün edýär.

Türkmen demir ýol gurluşykçylary gysga möhletde Mary welaýatyndaky Serhetabat menzilinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekdiler. Bu ugur Owganystanyň Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen tutuş sebite birikmegine uly mümkinçilikleri açdy.

Çünki bu demir ýol şahasy arkaly biziň goňşymyz öz önümlerini daşary bazarlara çykarmaga we isleg bildirilýän daşary ýurt harytlaryny import etmäge iň amatly usuly tapýar. Bu taslama sebitde döwletara ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň sebitde we yklymda düýpli ulag-logistika merkez hökmündäki ornuny ykrar etdirmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmagyň möhüm şertidir. Şu nukdaýnazardan, ýol gurmagy gadymdan bäri parz iş hasaplaýan türkmen halky bu däbi mynasyp dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bu hormatly Prezidentimiziň milli taryhdan, gadymy aýtgylardan we rowaýatlardan hem-de ýurdumyzyň häzirki zaman durmuşynyň wakalaryndan alnan maglumatlaryň mysalynda ýazan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen kitabynda çuňňur açylýar.

Milli Liderimiz öz kitabynda her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasyp Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginde we işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biriniň türkmenlere degişlidigini belleýär.

Döwlet Baştutanymyz gatnawyň ähli ulgamlaryny gurşap alýan, oňat serişdeli, anyk binýatly we hukuk syýasatly, özara hereket etmegiň ugurlary ylalaşylan köp şahaly bitewi ulag ulgamynyň ýurdumyzy ösdürmegiň milli strategiýasy bilen ykdysady düzümleriň ysnyşykly aragatnaşygyny kesgitläp, geosyýasy ýagdaýa täsir etmäge ukyplydygyny belleýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Amuldan — Hazara çenli halkara awtorallini guramak başlangyjyny öňe sürdi.

Bu rallä daşary ýurtly gatnaşyjylar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanşyp, rowaýata öwrülen bu ýerlerde häzirki eýýamda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny berkidýän ýurdumyzyň sebitleriniň täze durmuşy — düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleri, ylmy-tehniki we senagat ösüşini hem görüp bilerler.

Gadymy döwürlerde gülläp ösýän şäherleriň arasyndan çäge ummanlaryny kesýän kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki wagtda bu ýerde ýokary tizlikli gara ýollar we döwrebap demir ýollary geçýär. Bularyň hemmesi ajaýyp tebigy gurşaw arkaly, syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişini we şu gününi birbada göz öňüne getirmäge ajaýyp mümkinçiligi sowgat eder.

Türkmenistanyň yklymyň uly ýollarynyň çatrygyndaky artykmaçlygy ýurdumyza ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde milli ulag serişdelerini bähbitli amala aşyrmaga, milli medeni mirasymyzyň baýlygynyň ähmiýetini halklaryň ynsanperwer ruhy gatnaşyklarynda artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu syýasaty öňe sürmek bilen, häzirki zaman köpugurly ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine we tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belleýär.