Demirgazyk sebitiň lukmançylyk edaralary innowasion enjamlar bilen üpjün edilýär

Daşoguz welaýatynyň köpugurly hassahanasyna döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň tapgyry: KLS Martin MCO 25plus hirurgiýa lazer ulgamlary we MedStar hem-de Dixion lor-enjamlary gelip gowuşdy. Demirgazyk sebitiň lukmançylyk edaralarynyň maddy üpjünçiligi saglygy goraýşyň milli ulgamyny mundan beýlägem ösdürmek we ilatyň durmuşynyň hilini gowulandyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. 

Şu köpugurly hassahananyň oftalmologiýa bölümine gözüň dürli kesellerini ýokary takyklykda anyklamaga mümkinçilik berýän täze elektron ofalmoskoplar gelip gowuşdy. Şeýle-de portatiw ultrases enjamlary hem ýerli lukmanlaryň ygytyýarynвф, olar hassahanadan gaýry ýerlerde hem dürli beden agzalaryny barlamaga we dürli keselleri öz wagtynda anyklamaga mümkinçilik berýär. Proktologiýa bölüminde täze enjam bilen elektrokoagulýasiýa usuly bilen operasiýalar üstünlikli geçirilýär.