Türkmen telekeçileri briketlenen kömür çykarmagy özleşdirdiler
“Mert Peder” hojalyk jemgyýeti ekologiýa taýdan arassa önüm – grilde, barbekýuda tagam bişirmekde ulanylýan, şeýle hem mangalda, peçde, daş peçlerde ýakylýan, çadyrlary, ýyladyşhanalary ýylatmak üçin we gaýry zatlarda ulanylýan agaç-kömür briketleriň önümçilgini özleşdirdi.
Briketlenen kömür öndürýän seh Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Bugdaýly” daýhan birleşiginde ýerleşýär. Agaç kömüri daşary ýurtdakylara ekologiýa taýdan arassa alternatiwadyr. Ol tebigy serişdelerden – oba hojalyk önümçilginiň galyndylaryndan: guran gowaça baldaklaryndan we üzüm şahalaryndan taýýarlanylýar. Briketlerde ekologiýa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýän himiki birleşdirijiler hem-de baglaýjy maddalar ýokdur.
Ýangyç briketleri uzak ýanýanlygy (4-5 sagat) bilen tapawutlanýar, netijede olar tygşytly ulanylýar, şeýle hem ondan çykýan zyýanly maddalaryň möçberi juda (adaty agajyňkydan 15 esse) azdyr.
Kärendeçilerden satyn alynýan agaç galyndylary owradyjy enjamda külkelenilýär, soňra şnekde presslenilýär. Agaç okuň merkezinde goýulýan deşik briket ýakylanda goşmaça howa çekip, otagyň çalt gyzmagyna ýardam edýär. Howa barmaýan ýörüte peçde briketler sekiz sagatlap 500 gradus gyzgynlykda bişirilýär. Kärhanada şeýle tehnologiýa ulanylyp, günde 400 kilogram briketlenen kömür alynýar we ol kagyz haltalara salnyp, söwda nokatlaryna ugradylýar. Şu ýyl telekeçiler 300 tonnadan gowrak agaç kömürini öndürmegi we ýerlemegi göz öňünde tutýarlar, bu bolsa bu önümi daşary ýurtlardan getirmekden ýüz öwürmäge mümkinçilik berer.