Döwlet serhet gullugy: däpleriň ruhunda, häzirkizaman ýagdaýlaryň jähtinden
11-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň döredilenine 26 ýyl dolýar. Däp bolşy ýaly, Merkezi diwanyň binasynda, şeýle hem TDSG-nyň bölümlerinde dabarly ýygnaklar bolar, olaryň barşynda tapawutlanan esgerler we serkerdeler sylaglanar, medeni we sport çäreleri geçiriler.
Etrek serhet birikmesiniň binalar toplumynyň açylyşy hem şu güne gabatlandy, bu ýerde serhetçileriň gulluk etmegi, okuw-türgenleşiklerini guramak we ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilen.
Türkmenistanyň döwlet serhedi – parahatçylyk we dostluk serhedidir. Ýurdumyzyň gury ýer we deňiz çäkleri ygtybarly goralýar, gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy we serhet goşunlarynyň tehniki üpjünçiligi türkmenistanlylaryň parahat we abadan durmuşynyň kepilidir- diýip, TDSG-ynda nygtaýarlar. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde serhet düzümleriniň täzelenmegi, täze serhet galalarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Soňky on ýylda binalaryň onlarçasy – ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze serhet galalary we serhet birikmeleri, ýaşaýyş we gulluk toplumlary guruldy. Taktiki bilimleri ýokarlandyrmak, şeýle hem döwrebap ýaraglary we tehnikalary, enjamlary özleşdirmek üçin ähli ýerde okuw merkezleri hereket edýär.
Serhetçiniň käri bilimleriň we beden taýýarlygynyň ýokary bolmagyny talap edýär. Şonuň üçinem harby gullukçylaryň hünär taýdan kämilleşmegine aýratyn üns berilýär. 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwler serhet gullugy institutynda serhet goşunlarynyň serkerdeleri taýýarlanylýar. Toplumlaýyn okuw usulýetinde serhet taktikasy, maglumatlar tehnologiýalary, taryh, hukuk, daşary ýurt dilleri ýaly sapaklar bar. Harby talyplar ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem Harby taglymat bilen tanyşýarlar.Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary – Döwlet serhedini goramakda ýeterlik tejribesi bolan ýokary serkerdeler düzüminiň wekilleridir. Serhet goşunlarynda häzirki wagtda gulluk edýän serkerdeler dürli ugurlar boýunça, şol sanda daşary ýurtlarda bilimini artdyrýarlar.
Serhet gullugy – gündelik agyr zähmet, şonuň üçinem serhet galalarynda harby gullukçylaryň doly derejeli dynç almagy, wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin şertler döredilen. Kitaphanalarda çeper edebiýatlaryň we taryhy-publisitiki kitaplaryň baý gorlary bar, döwürleýin «Serhet abat – Dowlet abat» žurnaly yzygiderli gelip gowuşýar, täzeliklere, analitik we aýdym-sazly telegepleşiklere tomaşa etmäge wagt berilýär. Hökmany beden taýýarlygyndan başga-da, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga şertler döredilen, ýaş esgerleri watanperwerlik ruhunda terbiýelemäge we olaryň döredijiligini höweslendirmäge uly üns berilýär.
Serhetde gulluk itşynaslygy aýratyn orun eýeleýär. Munuň üçin nemes we Orta Aziýa owçarkalary taýýarlanylýar. Soňky ýyllarda serhetçiler türkmen alabaýlarynyň özboluşly gorag ukybyny has köp ulanýarlar, olara TDSG-nyň it ýataklarynda gulluk tilsimleri öwredilýär. Kinologlaryň aýtmagyna görä, olar operatiw işlerde ýokary netije görkezýärler. Çylşyrymly daglyk ýerlerde ahal-teke bedewleri-de serhetçileriň ýakyn kömekçisi.
-Biziň gullugymyz – Watan goragyny hünär edinen adamlaryň özboluşly durmuşy. Serhet bölümlerinde ähli zat döwlet bähbitlerine gönükdirilendir, - diýip, podpolkownik Halmuhammet Hajyýew gürrüň berýär. – Serhetçiler doly döwlet üpjünçiliginde, döwrebap bejeriş we dikeldiş edaralar ulgamy, innowasion enjamlar bilen üpjün edilen we hünärine ussat lukmanlary bolan köpugurly lukmançylyk merkezi - serhet goşunlarynyň Merkezi gospitaly olaryň hyzmatynda. Serhet goşunlarynyň maddy-tehniki we durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy ygtybarly gulluk we Türkmenistanyň çäkleriniň mizemezligini üpjün etmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmäge şert döredýär.