Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 17-si bellige alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna reňksiz list aýnalar, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ermenistan we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 532 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň we Beýik Britaniýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 723 müň manatdan gowrak bolan lukmançylyk pamygyny hem-de nah ýüplük satyn aldylar.