Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine, şanly senelere görülýän taýýarlyk işlerine we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, göni aragatnaşyga ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda, şol sanda sebitiň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, gowaça ideg etmek we jogapkärli oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi. Şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we Gurban baýramy mynasybetli hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly meýilleşdirilen çäreler barada aýdyldy.
Milli Liderimiz oba hojalygynda bar bolan wezipeleri öz wagtynda çözmegiň möhümdigine ünsi çekip, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi. Şunda, oba hojalyk tehnikalarynyň, kombaýnlaryň, traktorlaryň, awtoulaglaryň we beýleki serişdeleriň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de hasyly kabul edýän bölümleriň taýýarlygynyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý ekişi barada durup geçip, bu ugurdaky ähli agrotehniki işleriň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hil derejesine hem-de desgalaryň bellenilen möhletde tabşyrylmagyna berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Gurban baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow günbatar sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalygynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri işjeň ýerine ýetirmek boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Oba hojalygyny netijeli ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak ugrunda welaýatyň ähli kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegi wajyp bolup durýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaý ekişine, öňde durýan wezipeleriň çözgüdine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmeleriň üpjün edilişine gözegçiligiň zerurdygyny belläp, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna, Gurban baýramy we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän beýleki şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde ýola goýulmagyna pugta gözegçilik etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy hakynda habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta ýygymyna degişli derejede taýýarlyk görmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Möwsümiň zerur tehnikalar we beýleki serişdeler bilen üpjünçilik meseleleri hemişe üns merkezinde saklanmalydyr. Milli Liderimiz güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk işlerine ünsi çekip, ähli meýilleşdirilen agrotehniki işleriň ýokary derejede guralmagy, ýokary hasylly tohumlyk serişdeleriň seçilip alynmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem şaly ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri ýokary derejede guralmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine we şolaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegine ünsi çekip, ýurdumyzyň Baş baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz, Gurban baýramynyň hormatyna göz öňünde tutulan dabaralary, täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini guramak boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna, güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly taýýarlyk görmek we gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Gurban baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine hem-de täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň häkimine sebitiň oba hojalygynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin zerur şertleri döretmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Meýdanlardan ýetişdirilen pagta hasylyny bellenilen möhletlerde ýygnap almak üçin ýygym möwsümine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýerleri güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Geljek ýylyň bol hasyly ugrunda alnyp barylýan işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmegi, şeýle hem oba hojalyk möwsüminiň üstünlikli geçirilmegi üçin dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilmelidigini belläp, degişli häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek boýunça görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz öňde boljak şanly senelere taýýarlyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda jogapkärli oba hojalyk möwsümlerine guramaçylykly girişmek, şeýle hem ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirlişi barada aýdyldy. Baýramçylyk çärelerine we milli senenamamyzyň şanly senelerine görülýän taýýarlyk işleri hasabatyň özenini düzdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi möwsümlerini guramaçylykly hem-de bellenilen möhletlerde geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, oba hojalygyna degişli ähli düzümleriň netijeli işini ýola goýmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de ekin dolanyşygynda ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmagyň we topragyň dökünler bilen gurplandyrylmagynyň, ýokary hilli tohum serişdelerini saýlamagyň, suwaryş işlerini geçirmegiň döwrüň möhüm meselesidigini belläp, häkime bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda dürli desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanylmalydygyna ünsi çekip, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem öňde boljak Gurban baýramyny geçirmek hem-de täze okuw ýylyny mynasyp garşylamak babatda tabşyryklar berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeleri, şol sanda pagta ýygymyna we güýzlük bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaça ideg etmek, hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça çäreler guramaçylykly alnyp barylýar. Gowaçalaryň hasyl toplaýşy kada laýyk. Şunlukda, ýygym möwsümine taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.
Şeýle hem wise-premýer Döwlet ýer kadastryny düzmek boýunça meýilnamanyň taýýarlanandygy we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, agrotehniki kadalary berk berjaý etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Pagta ýygymy we bugdaý ekişi möwsümleriniň zerur bolan tehniki serişdeler bilen üpjünçiligi yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wajyp oba hojalyk möwsümlerini ýokary hilli geçirmek we ýygnalan hasyly degişli derejede saklamak boýunça zerur çäreleri üpjün etmegi wise-premýerden berk talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet ýer kadastryny düzmek baradaky meselä geçip, ekerançylyk meýdanlaryny, agrohimiýa, geobotaniki ulgamlary we beýleki topragy ylmy taýdan barlamak işlerini toplumlaýyn esasda alyp barmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa çagyryldy.
Wise-premýer Gurban baýramy, Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň jemini jemlemek boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köp sanly türkmenistanlylary we ýurdumyzyň myhmanlaryny öz içine alýan giň möçberli baýramçylyk dabaralary milli öwüşgin, çuňňur many-mazmun bilen tapawutlanmalydyr we türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny dünýä ýüzünde wagyz etmelidir.
Gurban baýramy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň taýýarlygyna degip geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere olary ýokary derejede, milli ýörelgelerimize laýyklykda guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, mukaddes Gurban baýramy halkymyzyň iň söýgüli baýramlarynyň biri bolmak bilen, ol dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk dabarasydyr, musulman halklarynyň taryhy-medeni umumylygyny äşgär edýän we ynsanperwerlige, birek-birege hormat goýmaga ruhlandyrýan senedir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralara taýýarlyk görmek babatynda aýratyn tabşyryklar berildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän dabaralar barada anyk görkezmeler berildi. Biz döredijilik işgärlerinden çuňňur manyly, gyzykly eserlere, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän hem-de özygtyýarly Watanymyzyň ýeten derejesini, zähmetsöýer we edermen halkymyzy wasp edýän tele we radio gepleşiklere, sahna oýunlaryna, saz eserlerine garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň jemlerini jemlemek bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik işgärleriniň zähmetine mynasyp baha bermegiň hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryny ruhlandyrmak üçin mundan beýläk-de zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagy, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.