img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY - DAŞKENT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy.

Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýangyç-energetika pudagyny innowasiýa we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýasy häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.  Pudagyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmak, tebigy gazyň eksport edilýän ugurlaryny köpeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda ýangyç-energetika ulgamy esasy ugur hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň özleşdirilmegi esasynda bu gaz geçirijiniň goşmaça ugurlarynyň gurulmagy bilelikde durmuşa geçirilýän energetika taslamalarynyň geljekde-de durnukly ösüşiň we sebitiň ykdysady durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigini tassyklaýar.

Soňra Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň Birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi. Ol bu maslahatyň taryhy ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsinde strategik hyzmatdaşlygyň iň kämil we durnukly nusgasydygyny aýratyn belledi.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň beýanydyr.

Din Sýuesýan energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen utgaşdyrylýandygyny aýdyp, hytaý tarapynyň tebigy gazy gazyp almakda we ibermekde döwrebap, az uglerodly tehnologiýalary ulanmak boýunça Türkmenistan bilen yzygiderli tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady.

Sözüniň ahyrynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň Birinji orunbasary iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň hytaý we türkmen halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan öz çykyşynda bu hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýä energetika bazarynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.

Çykyşyň dowamynda energetika pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine hem garaldy. Korporasiýanyň ýolbaşçysy bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmegi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň Hytaýyň barha artýan energiýa isleglerini kanagatlandyrmakda, sebitiň energetika durnuklylygyny saklamakda möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Sözüniň ahyrynda Daý Houlýan iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň syýasy erki we öňdengörüjiligi netijesinde kemala gelen hyzmatdaşlygyň bu nusgasynyň täze taryhy eýýamda has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

«Türkmenistanyň ileri tutulýan gaz taslamalary: serişdeler binýady, maýa goýum mümkinçilikleri we eksport infrastrukturasynyň ösüşi» atly mejlisde Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň binýady we olaryň dünýä bazaryndaky ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Mejlisde gazhimiýa, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek babatda täze maýa goýum taslamalarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilermenler energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde döwrebap inženerçilik çözgütleriniň, sanly ulgamlaryň ornuny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň «Türkmenistan — Hytaý ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işgärleri taýýarlamak» atly ikinji mejlisi ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Duşuşygyň ynsanperwerlik ugry bilen baglylykda, ekologik durnuklylygy üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.