Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Jakarta şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Hornyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ASEAN bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Assosiasiýa bilen ulag arabaglanyşygy, energetika, söwda, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, bilim, ylym, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer alyşmalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Şeýle hem taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, azyk we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri ilerletmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şol bir gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Indoneziýa Respublikasynyň Söwda ministriniň orunbasary Dýaha Roro Esti Widýa Putri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki işewürlik forumlaryny, söwda-ykdysady missiýalary hem-de milli sergileri guramaga, şeýle hem ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Şeýle hem saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Indoneziýa tarapynyň wekiliýetine bolsa Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti we Afrika işleri boýunça ministriň orunbasary Santo Darmosumarto ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada pikir alyşdylar, halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna garadylar. Syýasy geňeşmeleriň döwletara dialogyny pugtalandyrmagyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň netijeli mehanizmi bolup durýandygy bellenildi.
Geňeşmeleriň barşynda syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmek, dürli derejedäki özara saparlary guramak, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de degişli edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy we Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, şol sanda «Merkezi Aziýa + ASEAN» dialog görnüşini döretmek baradaky başlangyjy ilerletmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar söwda-ykdysady we ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine garadylar. Şeýle hem bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Geçirilen çäreleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygyny hem-de Türkmenistanyň ASEAN bilen hyzmatdaşlygyny özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.