Türkmenabatda baýramçylygyň öň ýanynda binalaryň birnäçesi ulanylmaga berler

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň hataryna ýene-de ýokary amatlykly köp öýli jaýlaryň dördüsi goşuldy. Olar S.A.Nyýazow adyndaky şaýoluň ugrunda döwrebap gurnamalar we bezeg serişdeleri ulanylyp guruldy. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda olar dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler. 

Şu ýyl durmuş ähmiýetli binalaryň ýokary depginlerde gurulmagy we işe girizilmegi, şeýle hem iri şäher gurluşygy taslamasynyň başlanmagy bilen Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň ilatynyň ýadynda galar. Şu ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda täze döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutdy, onda köp öýli 4 gatly jaýlaryň 17-si we 2 gatly kottejleriň 170-si, şeýle hem durmuş ähmiýetli binalar: 600 orunlyk mekdep, çagalar bagy, söwda merkezi, hyzmatlar öýi bolar. 

Lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda Türkmenabatda Merkezi Aziýa sebitinde iň iri döwrebap köpugurly hassahana we saglygy goraýyş pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş şäherçesi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.